Oba hojalygy we suw dolandyryşy – näme üçin Merkezi Aziýada Günbataryň meýilnamalaryna laýyklykda ösmeýäris?
Orta Aziýanyň şertlerinde gurak howa şertleri we süýji suwy üpjün edýän serişdeleriň azlygy sebäpli fiziki taýdan we degişlilikde, esasan suwarmak üçin suwuň adalatly paýlanylyş nukdaýnazaryndan, oba hojalygyň görnüşini göz öňünde tutmak bilen göwrümine we suw ýygnaýjysyna kesgitleme bermek mümkin däl. Türkistanda däp bolan ýörelgede munuň ýaly mesele diňe Türkmenistanda suwa bolan jemgyýetçilik hukugyň esasynda we ýeriň we suwuň jemgyýetçilik ýer paýlary bolan, emma merkezi häkimýet we kanunylaşdyrylan hukuk bilen gözegçilik edilen Buhara emiratlygynda we Hywa hanlygynda mülkdarlyk ulgamyň esasynda çözülýärdi. Suwa bolan hususy eýeçilik hem heläkçilige getirýär"

Birnäçe gün mundan ozal meniň bilen Orta Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak boýunça günbatar ýurtlaryň taslamalarynyň netijesizliginiň sebäpleri hakynda makalanyň üstünde işleýän adam habarlaşdy. Meniň pikirim, sebäpler hakynda sorady – özüniň hem garaýyşy hakynda gürrüň berdi. Gürrüňdeşligiň barşynda mende iki esasy pikir döredi:

 

Uly möçberde serişdeler harçlananda hiç hili netijelere getirmeýän bolsa, islendik ösüş banklary, ösdürmek boýunça guramalar we ş.m. tarapyndan edilýän bu taslamalary nädip ösüş taslamalary bolýar – we netijäniň ýoklugy hem hiç kimden soralmaýar. Meniň garşydaşym adatça biziň tarapymyzyň, ýagny orta aziýa ýurtlarynyň günäli hasaplanylýandygy hakynda aýtdy. Emma eger-de biziň häkimýetlerimiz munuň ýaly taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny tutujy bolsa, onda bu ýerlikli bolmazdy. Hakykatda bolsa, meniň pikirimçe, biziň häkimýetlerimiz gün tertibinde hakyky ýörelgeler, serişdelere baha bermek, durmuş we syýasy töwekgelçiliklere baha bermek we gazananlara baha bermek bilen hereketleriň meýilnamasy bolmadyk – men gaýtalap aýdýan, hiç zat, ýagny bu “ösüş” taslamalarynda hiç hili hakykylyk ýok bolan munuň ýaly guramalara örän köp erkinligi berýärler. Bu ähli taslamalarda Günbataryň garaýyşyna görä, biziň ýurtlarymyzyň syýasy ösüşi hereketlendiriji we hemaýatkärlik pikirleri bolup durýar. Munuň ählisi hem bizde Günbataryň bäşinji sütüniň, şeýle hem häkimýetleriň durmuş hem-de syýasy deňagramlylygy we asudalygy saklamak üçin täsir edişe garşy hereketleriň işjeňleşmegine getirýär. Bu taslamalar bize başga hiç zat getirmedi.

 

Gürrüňdeşlikde, öz netijesini aýtmak bilen, bu ajaýyp adam günbatar ýurtlary bizi üýtgetmäge çalyşanda olaryň biziň pikirimizi hiç soramaýandygy babatynda meniňki ýaly pikiri öň hem birnäçe gezek eşidendigini aýtdy. Biziň hususy, esasan hem tebigy baýlyklary dolandyrmak çygrynda adatlarymyz we däplerimiz (bu diňe bir kanunlar barada däl, bu umuman taryh we däpler barada) hakynda eşitmäge hem isleg bildirmeýärler. Jogap edip, men eger-de biziň ýurtlarymyz rewolýusiýa çenli 19-njy asyryň ikinji ýarymynda düzülen suw we ýer serişdeleriniň dolandyrylyşyny ösdürmegiň däp bolan ýoluny dowam eden, ösdüren we hatda kanunçylyk binýady bilen üpjün edilen we düýp ýagdaýynda Orta aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyna çenli öňküsi ýaly, emma dolandyrmak manysynda üýtgedilen bolsa gowy boljakdygy babatynda özümiň hyýaly pikirimi beýan etdim. Onuň geljekki ösüşinde hem biz tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň munuň ýaly ösüşe bolan taryhy we esasan durmuşy gyzyklanmasy we Orta Aziýada suwaryşy dikeltmek we ösdürmek üçin we esasan biziň, orta aziýa suw serişdelerini bilelikde netijeli dolandyrmak üçin çalyşyp bolmaýan doly potensialy bolan onuň suwarmak boýunça doly ýeke-täk ylmy binýady we onuň bilen bagly bolan ugurly barlag önümçilik institutlary bilen beýleki binýatlyk ylymlary ulanyldy. Şeýle hem, men bu meselede ABŞ we Ýewropa birleşigi Russiýa we Orta Aziýa bilen hyzmatdaşlyk üçin tölände gowy bolardy, diýdim, muňa meniň garşydaşym güldi. (men eýýäm birnäçe gezek meniň biraz dälidigim barada aýtdym). 

 

Men meniň gürrüňdeşimiň ylmy esaslary 19-njy asyryň ahyrynda barlanylan we öňe sürülen geçen ýüz ýyllygyň 50-nji ýyllaryndan bäri Orta Aziýada suw serişdelerini dolandyrmagyň hakykatdan hem netijeli utgaşdyrylan ulgamyň barlygy hakynda bilýändigine düşünmedim. Şeýle hem, hatda ýurtlar biri-biri bilen resmi taýdan söweşen hem bolsa, esasynda parahatçylykly ylalaşyk we islendik jedelleri aradan aýyrmaklyk ýatan biziň goňşy ýurtlar bilen we öz aramyzda transserhet derýalary hakynda ylalaşyk hakynda. Men käwagt Ýewropanyň we ABŞ adamlary bizde Orta Aziýada özüniň “ösüş” taslamalaryny öňe sürmek hakynda çözgütleri kabul edende, olar örän ýokary derejede, biziň öz tejribämizi we suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak boýunça çözgüdi çözmekde hukugymyzy aradan aýyrýarlar, diýip pikir edýärin we munuň sebäbi olaryň biziň taryhymyz hakynda bilmeýändiginden däl, eýsem biziň hakyky taryhymyzyň olaryň meýilnamasyna päsgel berýändiginden ybarat bolmagy ähtimal. Köplenç, olaryň taslamalary Günbataryň soňky wagtlarda köp öňe sürýän “taryhy ret etmek” syýasatynyň bir bölegi ýaly bolup görünýär. 

 

Häzirki günde hem suw we toprak ýaly serişdeleri dolandyrmak bilen bagly bolan biziň ýurtlarymyzy ösdürmek boýunça islendik taslamalaryň işi bozujy netijelere getirýär. Sebäbi häzirki wagta çenli bu ýurtlar bize ilkinji nobatda bu serişdelere bolan eýeçilik görnüşinde çözgütleri öňe sürýärler. Köp ulanylýan sebäp – eger-de suw serişdeleriniň hususyýetçi-eýesi bar bolsa, onda bu serişde has netijeli ulanylar. 

 

Hakykat-da bu beýle däl. Sebäbi Orta Aziýanyň şertlerinde gurak howa şertleri we süýji suwy üpjün edýän serişdeleriň azlygy sebäpli fiziki taýdan we degişlilikde, esasan suwarmak üçin suwuň adalatly paýlanylyş nukdaýnazaryndan, oba hojalygyň görnüşini göz öňünde tutmak bilen göwrümine we suw ýygnaýjysyna kesgitleme bermek mümkin däl. Türkistanda däp bolan ýörelgede munuň ýaly mesele diňe Türkmenistanda suwa bolan jemgyýetçilik hukugyň esasynda we ýeriň we suwuň jemgyýetçilik ýer paýlary bolan, emma merkezi häkimýet we kanunylaşdyrylan hukuk bilen gözegçilik edilen Buhara emiratlygynda we Hywa hanlygynda mülkdarlyk ulgamyň esasynda çözülýärdi. Suwa bolan hususy eýeçilik hem heläkçilige getirýär – biziň bagymyzyň we töwerekde bolup geçýän hadysalaryň mysalynda aşakda düşündirýärin:

 

Biz Türkkmenistanyň Suw hakynda Kodeksiniň we Ýer hakynda Kodeksiniň esasynda biziň bagymyzy suwarmak üçin suwy ýygnamak boýunça öz işimizi esaslandyrýarys – bu hem bize serişdeleriň hususy göwrümini – suwuň çeşmesini ýokarlandyrmak üçin we ýerli jemgyýetiň oňa bolan elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin iki zerur şerti ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu hem bagy ösdürmekde öňe gitmäge mümkinçilik berýär. Biz erän buzlary we sil suwuny saklamak üçin böwetleri gurýarys we böwetlerde saklanylýan suwuň hasabyna ýokarlanýan ýerasty serişdelerden arassa suwy almak üçin kärizleri gazýarys. Şol wagtda biziň kanunçylygymyza laýyklykda böwetler iri we ownuk şahly mallaryň ulanmagy üçin açyk; olardan siňýän suwy bolsa, diňe bir biziň kärizlerimiz däl, eýsem biziň bagymyzyň ýerleşýän plitadaky karst gatlagy boýunça çeşmeler hem siňdirmeýär. Biz jemi 430 gektar ýerden erän buzlary we sil suwlaryny ýygnaýarys we ewaporasiýany we transpirasiýany aýyrmak bilen, ortaça bir sekuntda 160 litri suwa gaýtarýarys (bizde ortaça ýyllyk ýagyşlar – 230 mm). Bu siz üçin biziň däplerimize we kanunlarymyza laýyklykda suwuň ýetmezçiligi babatynda meseläni çözmegiň mysaly. Indi bolsa – bu meseläni Ýewropa birleşiginiň we ABŞ GTZ we olara meňzeş ösüş boýunça affilirlenen maksatnamalarynda nädip çözýärler:

 

GTZ goňşy obanyň jemagyýetiniň ykdysady özbaşdaklygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, guýy “burawlaýar” (hakykat-da, bu geçen asyryň 70-nji ýyllarynda barlag maksatlarynda burawlanan we ýerli oba ulanmak üçin geçirilen guýy); we 9 gektar ýeriň we suwarmak üçin suwuň paý bölünişigine ýolbaşçylyk edýän özüniň iki ýerli işgärlerini “taslamanyň jemgyýetçilik ýolbaşçylaryny” bellemek bilen, ony ulanylyşa goýberýärler. Iki “ýolbaşçy” goňşylaryň gözüniň öňünde mundan gazanç edýärler – we şol bir wagtyň özünde ähli ýerde ýerli imamlar “döwlet” we “döwlet dolandyryşy” düşünjeleriň ýok bolandygyny, sebäbi munuň ýaly zada rugsat berilendigini wagyz edýärler. 

 

Suwarylýan meýdan uly däl, 9 gektar, emma suw dolulygyna dolýar; guýularyň debiti ýylyň geçmegi bilen az-azdan gaçýar we guýularyň tertibi berjaý etmezden ulanylýandygy sebäpli linzanyň we suwuň alamatlarynyň hili gaçýar, minerallaşma ýokarlanýar. Emma GTZ ýerli hereketlendirijileriniň maksady gazanylan we gurama Türkmenistanda öz işini ösdürmek we berkitmek üçin german býujetinden maliýeleşdirmäni, şeýle hem güýçlendirilen diplomatik godawy alýar. 

 

Mysal täsir galdyryjy we indi diňe bir ýerwopa däl, eýsem arap we aziýa “ýardamçylary” hem munuň ýaly shema bilen enjamlaşýarlar; biziň eýýäm ähli goňşylarymyz bu obanyň ýaşaýjylarynyň özbaşdak dälliginiň we islendik “ýardama” garaşlydygynyň üstünden gülýärler. 

 

Bizde ykdysadyýeti ösdürmekde ýewropa we amerikan ýardamçylar tarapyndan güýçli öňe sürülýän häkimýetiň merkezleşdirmesini aýyrmak we ykdysadyýeti erkinleşdirmek boýunça maksatnamalarynyň çäginde döwlet ýurduň ösüş derejesinde hususy oba hojalyk telekeçiligini we müňlerçe gektary uzak möhletleýin kärendesine alýan, munuň bilen birlikde suw serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça çözülmedik meseleleri alýan telekeçileri höweslendirmek boýunça çözgütleri kabul edýär. Ýerde özüniň işini ykdysady taýdan esaslandyrmak üçin munuň ýaly meseläni çözmek üçin ýeke-täk usuly olar artezian guýularyny burawlamakda görýärler, mysal üçin GTZ goňşy obada “meseläni çözmegi”. Şeýle hem, soňky 4 ýylyň dowamynda biziň bagymyzyň töwereginde eýýäm 2 guýuny burawlan we ýene-de 6 guýuny burawlajak täze kärendeçi-telekeçiler geldiler. Biziň kärizlerimizdäki debitler elbetde gaçýar, emma telekeçi üçin gysga möhletli üstünlik wajyp we şonuň üçin onuň üçin ýyllaryň dowamynda biziňki ýaly suwy ýygnamak we gaýalarda kärizleri gazmak bähbitli däl. Has ýaramazy hem – müňlerçe ýyllaryň dowamynda biziň goňşylarymyzyp elden edilen ýerleriniň kiçi paýlary üçin suwuň üpjünçiliginiň kepili bolan tebigy çeşmeleriň debiti peselýär. 

 

Serişdeleri dolandyrmagyň munuň ýaly özgertmeleri Günbataryň bizde öňe sürýän serişdeleri hususy eýeçilige geçirmek arkaly oba hojalygy çalt ösdürmek pikirine esaslanan. Bu serişdeler we ozal olar bilen ýaşan adamlaryň köp sany azalandan soň bu mesele Günbatar bilen däl, biz bilen galar. 

 

Munuň ýaly ýörelgeden biz ösümlik gatlagynyň, topragyň birleşmegine we biziň bagymyzyň töwereginde uly göwrümli zaýalanmalara gözegçilik edýäris. Adamlarda mallaryň baş sanyny köpeltmekden daşary öz ýaşaýyşyny üpjün etmegiň başga ýoly galmaýar. Bu üýtgetmelerden öň biziň bagymyzdan Gara agaç jülgesi boýunça 2 kilometr ýokarda Arjakly ýerler suw, uly howdanlar we adam boýundan ýokary bolan otlar bilen meşhurdy – Sähetmyradyň ejesi, ýaşaýjylar ol ýerlerde ýeke bolmaga gorkýardylar, sebäbi otlar örän beýik, ähli ýer arça bilen bürelendi we ol ýerde barslar ýaşaýardy, diýip gürrüň beýärdi. Häzir bolsa, suratlara serediň – Arjakly häzirki günde: 

читать на русском