Toprak minerallary we ösümlikleriň iýmitlenişi

Awtorlar: Balwant Singh, (Sidneý uniwersiteti, Daşky gurşaw ylymlary bölümi) we Darrell G. Schulze (Purdue uniwersitetiniň agronomiýa bölümi) © 2015 Nature Education

Salgylanma (Çykgyt): Singh, B. we Schulze, D. G. (2015) Toprak minerallary we ösümlikleriň iýmitlenişi. Tebigat bilimi 6 (1): 1

Toprak minerallary bilen baglanyşykly himiki reaksiýalar ösümlikleriň ýokumly maddalarynyň elýeterlilgine gözegçilik etmekde nähili möhüm orny tutýar?

Основы - почвенные минералы и питание растений 1

Ähli ösümliklere ýaşaýyş siklini (aýlanyşygyny) tamamlamak üçin 17 sany element zerur, şeýle hem ýene-de dört sany elementiň käbir ösümlikler üçin zerurdygy kesgitlenildi. (Havlin we başg. 2005). Howadan we suwdan ösümlikler tarapyndan alynýan C, H we O-dan başga galan 14 elementi ösümlikler toprakdan ýa-da dökünler, ders we goşundylar arkaly alýar (Parikh we James 2012). Topragyň gaty böleginiň (fraksiýasynyň) esasy bölegini ýokumly maddalaryň köpüsiniň üpjünçiligine we elýeterliligine göni we gytaklaýyn täsir edýän toprak minerallary düzýär. Toprakdaky ýokumly maddalarynyň esasy bölüp çykarma we berkitme (saklama) proseslerine ereme-çökme we adsorbsiýa-desorbsiýa degişlidir. Bu prosesleri we olaryň makroelementlere we mikroelementlere nähili täsir edýändigini ara alyp maslahatlaşarys. 

Deslapky (ilkinji) minerallar we topragyň hasyllylygy

Çökündi dag jynslary (tohumlar) ýer gabygynyň 75-80% -ini tutýar we topraklaryň aglaba bölegi üçin başlangyç (enelik) materiallary emele getirýär.Başlangyç (enelik) toprak materialy toprakdaky ýokumly maddalaryň düzümine uly göni täsirini ýetirýär; bu täsir ýaş topraklarda has aýdyň görünýär we topragyň ýaşynyň ulalmagy we dargamagy bilen birneme azalýar. Başlangyç (enelik) toprak materiallarynyň (toprak emele getirýän jynslaryň) topragyň elementar düzümine edýän täsirine has gowy düşünmek üçin başlangyç (enelik) toprak materialyny (toprak emele getirýän jynsy) emele getirýän adaty dag jynslarynyň mineralogiki düzümine garamak peýdalydyr. (1-nji tablisa). Deslapky (ilkinji) minerallar dag jynslarynyň ilkibaşdaky gatamagy wagtynda ýa-da metamorfizm döwründe sowaýan magmadan ýokary temperaturada emele gelýär we adatça toprakdaky magmatiki we metamorfiki jynslardan emele gelýär (Lapidus, 1987). Topraklaryň köpüsinde meýdan şpatlary, slýuda we kwars esasy deslapky (ilkinji) mineral düzüm bölekleridir; piroksenler we şahlylar az mukdarda bolýar.

Mineralogiki düzümi

Wulkaniki jyns

Slanes

Gumdaş

Ýokumly elementleriň düzüm birlikleri

%

Esasy

Ujypsyz (goşmaça)

Meýdan şpatlary

59.5

30.0

11.5

K, Ca, Na

Cu, Mn

Amfibol we piroksen

16.8

sm

Mg, Fe, Ca

Ni, Co, Cu, Mn, Zn, Mo

Slýuda

3.8

sm

K, Ca, Na, Mg, Fe

Ni, Mn, Co, Zn, Cu

Titan minerallary

1.5

sm

Ti, Fe, Ca

Co, Ni

Apatit

0.6

sm

Ca, P

 

Toýun

25.0

6.6

K, Mg, Fe, Ca, Na

 

Demir oksidi

5.6

1.8

Fe

Mn, Zn, Ni, Co

Karbonatlar

5.7

11.1

Ca, Mg, Fe

 

Başga minerallar

11.4

2.2

1-nji tablisa: Ýer ýüzündäki adaty dag jynslarynyň ortaça mineralogiki we elementar düzümi (Klein we Hurlbut, 1999, F.W. Clarke maglumatlarynyň esasynda).

Kaliý meýdan şpatlary (ortoklaza, sanidin we mikroklin), slýuda (muskowit, biotit we flogopit) we toýun slýuda (illit) ýaly deslapky (ilkinji) minerallar ýel bilen güýçli dargadylan we çägeli topraklardan başga toprak görnüşleriniň köpüsinde giňden ýaýrandyr. Bu deslapky (ilkinji) minerallar kaliý üçin möhüm gap (rezerwuar) hökmünde çykyş edýär, özem toprakdaky bar bolan kaliýiň 90% -den gowragy minerallaryň düzüminde bolýar. Meýdan şpatlarda uly möçberde Ca, Na we Si we az möçberde Cu we Mn bolýar. Slýuda we illit köp topraklarda kaliýiň iň möhüm çeşmesi bolp durýar we Mg, Fe, Ca, Na, Si we birnäçe ýokumly mikroelementleri öz içine alýar. Amfibollar we piroksenler Mg, Fe, Ca, Si we köpsanly mikroelementler üçin örän wajyp gap (rezerwuar) bolup durýar . Karbonat minerallary, şol sanda başlangyç (enelik) toprak materialyndan emele gelen we pedogeniki prosesleriň netijesinde toprakda emele gelýän minerallar toprakda Ca we Mg çeşmesi we sarp eijisi bolup hyzmat edýär.

Deslapky (ilkinji) minerallaryň fiziki, himiki we biologiki dargadylmagy topragyň erginine birnäçe ýokumly maddalary goýberýär. Deslapky (ilkinji) minerallaryň dargama tizligi we ýollary dürli-dürli bolýar we mineral häsiýetleri we klimat şertleri ýaly birnäçe faktorlara baglydyr. Kesgitli elementler üçin deslapky (ilkinji) minerallaryň ýel bilen dargama tizligi ösümlikleriň ýokumly maddalara bolan isleglerini (esasanam dolandyrylýan ekerançylyk ulgamlarynda) kanagatlandyryp biljek derejede ýokary bolmasa-da, minerallaryň ýel bilen dargadylmagy birnäçe geohimiki usul bilen alnan ýokumly maddalaryň möhüm we uzak möhletli çeşmesi bolup durýar. Topragyň deslapky (ilkinji) minerallaryň ýel bilen dargadylmagy arkaly ýokumly maddalar bilen üpjün etmek ukyby, topragyň ýel bilen dargadylma derejesiniň ýokarlanmagy bilen peselýär.

Ikinji derejeli minerallar we topragyň hasyllylygy

Deslapky (ilkinji) minerallardan tapawutlylykda toprakdaky ikinji derejeli minerallar, adatça, Ýeriň ýüzündäki suw gurşawynda deslpaky (ilkinji) minerallaryň ýel bilen dargadylmagyndaky pes temperaturaly reaksiýalar netijesinde emele gelýär.

Ikinji derejeli minerallar, esasan adsorbsiýa-desorbsiýa, ereme-çökme we redoks (okislenme-dikelme) reaksiýalary arkaly ýokumly maddalary dolandyrýar. Minerallaryň gatnaşmagyndaky adsorbsion reaksiýalar köplenç ösümlikleriň ýokumly maddalarynyň minerallaryň ýel bilen dargadylmagyndaky bölünip çykmasyna garanyňda ösümlikler üçin ýokumly maddalaryň elýeterliligini dolandyrmak üçin has möhümdir. Hemişelik zarýadly filosilikatlar (mysal üçin wermikulit we smektit) Ca2 +, Mg2 +, K + we Na + ýaly kationiki görnüşindäki (kation alyş-çalyş ukyby) birnäçe möhüm ýokumly maddalary öz içine alýan alyş-çalyş ýerlerini (nokatlaryny) hödürleýär (berýär); ýokumly maddalar daşky sfera toplumlarynyň emele gelmeginiň hasabyna saklanýar (1-nji surat) we ösümlik kökleri tarapynda aňsatlyk bilen alnyp bilýär.Beýleki tarapdan, üýtgeýän zarýadly minerallar (mysal üçin, demir oksidleri) käbir ýokumly maddalary saklaýar (P, Zn), içerki sfera toplumlary emele getirýär (2-nji surat) we bu ýokumly maddalar ösümlikler üçin aňsat elýeterli bolmaýar. Belli bir ýokumly maddalar bilen baglanyşykly möhüm reaksiýalar aşakda görkezilýär.

Основы - почвенные минералы и питание растений 2 tm

1-nji surat: Toýun mineraly bolan smektitiň gatlakara sebitinde gidratirlenen alyş-çalyş kationlary.

© 2014 Nature Education. Balwant Singh we Darrell G. Schulze tarapyndan hödürlenen. Ähli hukuklar goralan.

Основы - почвенные минералы и питание растений 3 tm

2-nji surat: Getit tekizligindäki monodentat we bidentat baglanyşyklary öz içine alýan içki sfera toplumlarynyň emele gelmegi bilen fosfat adsorbsiýasynyň shematiki görnüşi.

© 2014 Nature Education. Balwant Singh we Darrell G. Schulze tarapyndan hödürlenen. Ähli hukuklar goralan.

Azot: Ösümlikler köplenç toprak azotynyň nitrat (NO3-) we ammoniý (NH4 +) görnüşlerini siňdirýärler. Topraklarda dökün görnüşinde ulanylýan azot we organiki maddalardan minerallaşan azot esasan NO3- görnüşine öwrülýär. Topraklaryň köpüsiniň anion alyş-çalyş ukybynyň çäklidigi sebäpli, ulanylýan azotyň NO3 ionlary görnüşinde aşgarlanyp çykarylmagy, esasanam oba hojalygy sebitlerinde suwuň hiliniň giňden ýaýran meselesi bolup durýar. Bu şeýle hem möhüm ykdysady netijesizligi aňladýar, sebäbi öndürijiler aşgarlap bölünip çykmagyň öwezini dolmak üçin aşa köp mukdarda dökün ulanýarlar. Bu ýagdaýda kadadan çykmalar oksisol we ultisollar (oxisols and ultisols) ýaly ýel bilen güýçli dargadylan topraklar bolup durýar. Oksisollaryň we ultisollaryň mineralogiki düzüminde üýtgeýän ýerüsti zarýadly minerallar agdyklyk edýär, esasan kaolinit we demir we alýumin oksidleri, olar topraklara NO3-N köp möçberlerini esasanam ýerasty gözýetimlerde saklamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Lehmann we başg. (2004) Braziliýada oksisolda mekgejöwen we soýa ulgamynda 1 gektara (2 metre çenli çuňlukda)150-300 kg NO3-N syn etdiler. Mundan başga-da, Rasiah we Armor (2001) Awstraliýanyň demirgazygyndaky Kwinslend oksisollarynda dürli ýer ulanylyşy üçin 10 m çuňlukda her gektarda 17,000 bilen 32,000 kg NO3-N aralygynda çaklaýar. Awstraliýanyň oksisollarynyň anion alyş-çalyş ukyby ýokary bolup, 41 mmolc kg-1-e ýetýärdi. Adsorbsirlenen nitrat gaty çuň ýerleşip, meýdan ekinleriniň köpüsinde elýeterli däl, ýöne ýerasty suwlara akdyrylyp gitmeýär.

Üýtgeýän zarýadly minerallary bolan güýçli ýel bilen dargadylan oxisol and ultisollardan tapawutlylykda, ortaça klimatly topraklar ýokary kation alyş-çalyş ukyby we ammiak ionlaryny (NH4 +) saklamak ukyby bolan hemişelik zarýadly minerallary (meselem, smektit we wermikulit) bolýar. Hakykatdanam, NH4-N-iň köp bölegi 2: 1 filosilikat aralyk gatlaklarynda saklanýar we aňsatlyk bilen çalşylmaýar, şonuň üçin oňa berkidilen (fiksirlenen) NH4 diýilýär. NH4- berkitme (fiksasiýa) prosesi, 3-nji suratda görkezilişi ýaly K-fiksasiýa meňzeşdir. NH4+ ionlarynyň topraklarda berkidilmegine (fiksasiýasyna) gatlak gatnaşygy 2: 1 bolan wermikulit, illit we gatlakara minerallar gatnaşýar. Çäge topraklaryndan başga topraklardaky NH4 + möçberi topragyň iň ýokarky 30 sm-de 1 ga üçin 350-den 3800 kg NH4-N aralygyndadyr; Wermikulit we bölekleýin ýel bilen dargadylan illit smektit minerallar toparyna garanyňda NH4 + toprakda berkitmekde (fiksasiýasynda) has uly ukybyna eýe (Nieder we başg. 2011; Nörmik we Vahtras 1982; Stevenson we Cole 1999). 2: 1 filosilikatlaryň NH4 + ionlaryny baglamak üçin dürli häsiýetiniň we ukybynyň bolmagy bu minerallardaky otrisatel zarýadyň ululygy we gelip çykyşy bilen baglanyşyklydyr. NH4 berkidilişi (fiksasiýasy) adatça 2: 1 filosilikatlarda gatlak zarýadynyň ýokarlanmagy bilen ýokarlanýar we tetraedral gatlakda dörän zarýadly minerallarda oktaedral gatlakda dörän zarýadly minerallara garanyňda berkidilişi (fiksasiýa) has ýokary bolýar.

Основы - почвенные минералы и питание растений 4 tm

3-nji surat: K + we NH4 + berkitmesi (fiksasiýasy) toprak erginindäki (ýokarky çep burçda) bu birwalentli (monovalent) kationlar wermikulit aralyk gatlagyndaky (ýokarky sag burçda) gidratirlenen kationlary (Ca2 + we Mg2 + görnüşindä görkezilen) gysyp çykarýar.

K + we / ýa-da NH4 + kationlar uwsuzlandyrylýar (degitratirlenýär) we gapma-garşy ýerleşen 2: 1 gatlaklaryň boşluklarynda berk saklanýar, slýuda meňzeş gurluşy (aşaky sag burç) emele getirýär, gysylyp çykarylan kationlar bolsa toprak erginine (aşaky çep burç) geçýär. Ters reaksiýa berkidilen (fiksirlenen) kationlaryň çykmagyna getirýär. 

© 2014 Nature Education. Balwant Singh we Darrell G. Schulze tarapyndan hödürlenen. Ähli hukuklar goralan.

Fosfor: P esasan ösümlikler tarapyndan toprak ergininden fosfat ionlary (HPO42- we HPO4-) görnüşinde alynýar. Toprak suwundaky fosforyň konsentrasiýasy, adatça, örän pesdir (topragyň umumy fosforynyň <0.01%), toprak fosforynyň esasy bölegi organiki fosfor, alýumin, demir we kalsiý bilen eremeýän fosfor birleşmeleri, şeýle hem Fe we Al oksidlerine we fillosilikatlaryna adsorbirlenen fosfatlar görnüşinde bolýar. (Stevenson we Cole 1999; Brady we Weil 2008)

Eredilen himiki dökünlerden bolan fosfat ionlary topraklaryň köpüsinde çalt reaksiýa berýär we  bu netijede toprakda fosforyň berkidilmegine (fiksirlenmegine) getirýär. Bu toprak reaksiýalary hem adsorbsiýa hemem çökme proseslerini öz içine alýar.

(i) Adsorbsiýa täsirleri (reaksiýalary)

Mineral tekizliklerdäki (örtüklerdäki) fosfat ionlarynyň adsorbsion reaksiýalary esasan Fe we Al oksidleriniň we kaolinitleriň üýtgeýän zarýadly tekizliklerinde (örtüklerinde) içerki sfera toplumlaryň emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr.Munuň mysaly 2-nji suratda görkezilýär, bu ýerde fosfat ionlary getit tekizligine (örtügine) adsorbirlenip (ýerleşdirilip), monodentat we bidentat baglanyşyklary emele getirýär . Şeýle prosesler bilen adsorbirlenen fosfat ionlary ösümliklere ýuwaş-ýuwaşdan elýeterli bolýar.Şeýle hem fosfatyň kalsitli (hekli) topraklarda kalsit bilen sorbirlenýändigi we sorbsiýa CO32- kalsitiň tekizliginde (örtüginde) çalşylmagy sebäpli ýüze çykýandygy mälimdir.

(ii) Çökme täsirleri (reksiýalary)

Ýokary kislotaly topraklarda dökünlerden bolan ereýän fosfat bilen baglanyşykly çökme reaksiýalary eremeýän Al, Fe ýa-da Mn fosfatlarynyň döremegine getirýär. Munuň tersine, kalsitli (hekli) topraklarda eremeýän karbonat gidroksiapatite öwrülýän kalsiý fosfatlary emele gelýär. Kislotaly we kalsitli (hekli) topraklarda fosfatlaryň umumy himiki reaksiýalary aşakda görkezilýär:

Основы - почвенные минералы и питание растений 5 tm

Kaliý: esasy (deslapky,ilkinji) elementleriň arasynda kaliý topraklarda has giňden ýaýrandyr. Kaliýiň topraklardaky umumy möçberi toprak göwrüminiň (massasynyň) 0,5-2,5 % aralygynda bolýar we kaliýiň köp bölegi mineral görnüşinde bolýar (kaliý meýdan şpatlary we slýudasy). Aşakdaky mysallarda görkezilişi ýaly kaliý toprakdaky kaliý minerallarynyň ýel bilen dargadylmagynyň ýa-da eremeginiň netijesinde bölünip çykýar: 

Основы - почвенные минералы и питание растений 6 tm

Bu iki reaksiýalardan adatça slýudanyň ýel bilen dargadylmagy dökün dökülmedik topraklardaky ösümlikleri kaliý bilen üpjün etmek üçin has wajyp bolup durýar.

Fillosilikatlar çalyşmaýan ýa-da berkidilen (fiksirlenen) (ýagny, örän haýal we diňe K konsentrasiýasy iň pes çäginden aşak düşen ýagdaýynda çalyşýan) we çalyşýan görnüşlerden ösümlikler üçin K saklap galýar we bölüp çykarýar.

Alyş-çalyş sebitlerindäki kaliý ionlary daşary sfera toplumynyň emele gelmeginiň hasabyna siňdirilýär we ösümlikler üçin aňsat elýeterli bolýar. (1-nji surat)

 

Beýleki bir tarapdan, illit, wermikulit we 2: 1 gatlakara toýun minerallar çalşylýan kaliýden has tizligi pes bolan diffuziýa we kation alyş-çalyş prosesleri arkaly gatlakara sebitlerden çalşylmaýan ýa-da berkidilen (fiksirlenen) kaliýi bölüp çykarýar (3-nji surat). NH4 + ionlary ýaly dökünler ýa-da beýleki goşundylar bilen gelýän kaliý 2: 1 mineral gatlaklarynda berkidilip (fiksirlenip) bilner (3-nji surat). Çalyşmaýan ýa-da berkidilen (fiksirlenen) kaliý ergindäki kaliý konsentrasiýasy belli bir çäkden aşak düşse, toprak erginine yzyna gaýtarylyp bilner. 

Ikinji derejeli ýokumly maddalar

Ikinji derejeli ýokumly maddalarynyň arasynda Ca we Mg ösümlikler tarapyndan olaryň kationiki Ca2 + we Mg2 + görnüşlerinde siňdirilýär. Bu kationlar elektrostatiki dartyş güýjüniň (daşky sfera toplumynyň emele gelişi) hasabyna fillosilikatlaryň otrisatel zarýadly ýerlerinde saklanýar (1-nji surat). Kalsit (CaCO3), magniý kalsiti (Ca1-xMgxCO3) we gips (CaSO4.2H2O) ýaly ikinji derejeli karbonatlaryň çökmesi gurak we ýarym gurak topraklarda adaty hadysa bolup durýar. Ikinji derejeli karbonatlar mineralyň düzümine girmeginiň (meselem, Mn) ýa-da mineralyň tekizliginde (örtüginde) içerki sfera toplumynyň emele gelmeginiň (meselem, P we Zn) hasabyna ýokumly maddalaryň wajyp siňdirijileri hasap edilýär.Fe we Al oksidleri, şeýle hem kaolinit bu minerallar az mukdarda bolsa-da, köp topraklarda SO42- adsorbsion ýerleri hasaplanýar. Sulfat ionlarynyň bu minerallar tarapyndan siňdirilip, içerki we daşarky sfera toplumlary emele getirýär diýip hasaplanýar.Kalsitli (hekli) topraklarda SO42- CaCO3-e sorbirlenip, CaCO3-CaSO4 çökmesini emele getirip, SO42-ni ösümliklere elýetersiz edip bilýär. Sulfit (S-, S2-) minerallary pirit (FeS2) ýaly minerallary emele getirip dikelýän SO42- ionlarynyň dikelýän şertlerinde (meselem, süýji suwlar we daşgyn batgalyklar) emele gelýär. Şeýle dikelýän S görnüşleri howada okislenýär we SO42-, H + we Fe3+ ionlaryny toprak erginine goýberýär.

Mikroelementler (ýokumly maddalar)

Mikroelementleriň (ýokumly maddalaryň) arasynda Fe, Mn, Cu, Zn we Ni ösümlikler tarapyndan olaryň kationiki görnüşlerinde, B, Mo we Cl bolsa anion görnüşlerinde siňdirilýär. Fe we Mn topraklaryň köpüsinde köp mukdarda bolýar we adsorbsion reaksiýalar olaryň toprakdaky ösümliklere elýeterligini dolandyrmaäkda uly orun tutmaýar. Okislenme we çökme reaksiýalary esasan Fe we Mn toprak erginindäki konsentrasiýasyna dolandyrýar. Getit, gematit we ferrigidrit toprakda iň köp ýaýran ikinji derejeli demir oksidleridir. Demir oksidleriniň mikrokristal ululygy sebäpli bu minerallar ýokary udel (häsiýetli) tekizligi eýe bolup, topraklaryň ähli görnüşlerinde kation we anion elementleri üçin köp sanly adsorbsion ýerlerini üpjün edýär. Iki sany has durnukly Fe oksidiniň, getitiň we gematitiň Mn, Ni, Zn we Cu ýaly mikroelementleri (ýokumly maddalar) üçin möhüm gurluş çalşygynyň bardygy mälimdir. Marganes minerallary Fe oksidleri ýaly köpsanly we giňden ýaýran däldir. Olar köplenç toprakda mineral örtükler, konkresiýa (düwünler) ýa-da toprak matrisasyndaky inçe dispers (bölejikler) ýaly görnüşde bolýar. Fe we Mn oksidleri köp toprakda umumy mineral düzümler hem-de köp makro we mikroelementleriň saklanmagy üçin möhüm substratlar bolup durýar.

Fe we Mn oksidleriniň we Mn karbonatlarynyň kalsitli (hekli) topraklarda ereýjiliginiň örän pesligi sebäpli Fe we Mn-ň ösümlikler üçin elýeterliligi ep-esli azalýar. Şeýle ýagdaýlarda ösümlikler dikeldiji we helatirleýji birleşmeleriň bölünip çykmagy we rizosferanyň kislotalaşmagy ýaly biohimiki reaksiýalary döredýär, bu bolsa Fe, Mn we beýleki mikroelementleriň elýeterliligini ýokarlanmagyna getirip bilýär. 

Mis, Zn we Ni bilen Fe we Al oksidleri adsorbirlenýär we pes ergin konsentrasiýalarynda içerki sfera toplumlary emele getirýär. Şeýle-de bolsa, has ýokary ergin konsentrasiýalarynda metal gidroksidleriň çökmesi ýüze çykýar (Ginder-Vogel we Sparks 2010). Cu2 +, Zn2 + we Ni2 + -leriň adsorbsiýasy 2: 1 filosilikatlaryň otrisatel zarýadly tekizliklerinde daşarky sfera toplumlarynyň emele gelmeginiň hasabyna amala aşyrylýar. Şeýle hem onuň kaolinitleriň tekizliklerinde içki toplumlaryň emele gelmegi sebäpli ýüze çykmagy mümkin. Aşgarly topraklarda Zn-iň kalsitde adsorbsiýasy we Cu-nyň kalsitde çökmesi hem bolup biler. B we Mo ösümlikler tarapyndan H3BO3 we MoO42- görnüşinde siňdirilýär. Çäkli maglumatlar B görnüşleriniň (meselem, B (OH) 3 we B (OH) 4-) Fe we Al oksidleriniň tekizliginde içerki sfera toplumlaryny emele getirip toprakda adsorbsiýa edilýändigi barada şaýatlyk edýär (Su we Suarez 1995).Edil şonuň ýaly MoO42- metal oksidleri bilen pugta adsorbirlenýär. Hlor ösümlikler tarapyndan hlorid (Cl-) görnüşinde siňdirilýär we Cl ionlarynyň gatnaşmagyndaky adsorbsion reaksiýalar NO3 ionlarynyň gatnaşmagyndaky reaksiýalara meňzeýär. Şonuň üçin Cl ionlarynyň ýokary alyş-çalyş adsorbsiýa potensialy güýçli ýel bilen dargadylan topraklarda ýüze çykýar, sebäbi olaryň mineralogiýasynda kaolinit we Fe we Al oksidleri ýaly üýtgeýän zarýadly minerallar agdyklyk edýär.

Käbir toprak gurşawynlarynda, meselem çäkli aşgarlap syzdyrýan topraklarda ýa-da gurak klimatly pes derejede ýerleşen ýerlerde, Cl NaCl, CaCl2 we MgCl2 ýaly çökündi mineral görnüşlerde bolup biler. 

Netije

Toprak minerallary ösümlikleriň esasy ýokumly maddalarynyň hem çeşmesi hemem sarp edijisi bolup hyzmat edýär.Ilkibaşda ýokary temperaturada emele gelendigi we magmatiki we metamorf jynslaryndaky basyşy toprakda ýel bilen dargadylýandygy sebäpli olar ösümlikleriň ýokumly maddalaryny toprak erginine goýberýär. Täze minerallar toprak gurşawynyň suwly fazasynda emele gelýär. Bu ikinji derejeli minerallaryň özi ýokumly maddalaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär ýa-da zerur elementleri çökdürip ýa-da adsorbirläp olaryň ösümlikler tarapyndan siňdirilmegine päsgel berýär. Köplenç ikinji derejeli minerallar möhüm gaplar (rezerwuarlar) bolup hyzmat edýär, olarda ýokumly maddalar aşgarlap syzmagyň öňüni almak üçin ýeterlik derejede berk, ýöne ösümlikleriň iýmit zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ulanmagy üçin gowşak saklanýar. Käbir topraklarda we topragyň käbir ýokarky gatlaklarynda topragyň organiki materiýasy (maddalary) ösümlikler üçin ýokumly maddalary saklaýar we bölüp çykarýar.

читать на русском