Esaslar - Giriş - Oba-hojalygy, toprak we oba-hojalyk biotehnologiýasy

Ösüp barýan ilat sany topraga we suw gorlaryna ägirt uly täsirini ýerine ýetirýär hem-de biziň ýeterlikli azyk, iým we süýüm öndürip bilijilik mümkinçiliklerimize howp salýar.


Munuň netijesinde biziň global jemgyýetimizde, tebigy gorlaryň goraglylygy, şeýle-de ekologik we ykdysady esaslary bolan oba-hojalygyny ýöretmegiň usullary ilkinji ähmiýete eýe bolan konsensusy ýokarlanýar.

 

Topragyň esasy fiziki, himiki we biologiki häsiýetleri oba-hojalygyny ýöretmegiň durnukly usullaryny dowam etdirmek üçin hasaba alynmalydyr. Toprak ylmyny öwrenmek arkaly minerallaryň, organiki maddalaryň, organizmleriň, howa we suw ýaly dürli toplumlaryň global daşky gurşawyň möhüm bölegi bolup durýandygy has aýdyň bolýar.

 

Topraklar, ösümlikdäki ähli ýaşaýşa kömek edýän suw üçin süzgüç, uglerody ýuwudyjy, atmosfera gazlary sazlaýjy we ösümlikleriň ösmegi üçin gurşaw ýaly giň wajyp ekoulgam hyzmatyny üpjün edýärler.

 

Ýer ulgamynda bolup geçýän prosesler, köplenç toprakda bolup geçýän reaksiýalar bilen nähili dolandyrylýandygyny ylmy gözlegler görkezmegini dowam edýär.

Emma adamyň ewolýusiýasy we biziň oba-hojalygyna bolan garşlylygymyz bu toprak prosesleriň masştabyny hem-de planetamyzyň keşbini düýpgöter üýtgetdi.

Suw hojalygyna we gidroponika edilen kiçi goşantlary hasaba almasak, bu biziň oba-hojalyk önümlerimiziň uly bölegini öndürmek üçin topraga baglylygymyzdyr.



Biz taryhymyzyň ähli döwürlerinde, adamzadyň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin özümiziň landşafty üýtgetmek, topragy we suwy dolandyrmak, oba-hojalyk haýwanlaryny we ösümlikleri eldekileşdirmek ýaly ukybymyza bil bagladyk.


Biziň topragy, suwy we biologiki (meselem, mikroblar, mör-möjekler, haýwanlar, ösümlikler) gorlarlary dolandyrmagymyz, oba-hojalygyň durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Oba hojalygyna bolan bu çemeleşme, azyk we süýüm önümçiliginiň tebigy baýlyklaryň zaýalanmagyny azaldýan we tygşytly görnüşde uzak möhletli önümçiligi üpjün edýän görnüşde amala aşyrylmagyny üpjün edýär.


Durnukly oba-hojalygy, ony ýöretmegiň däp bolan usullaryny, şeýle-de iň soňky tehnologik ösüşleri peýdalanýar. Durnukly oba-hojalygy bilen azyk howpsuzlygy konsepsiýasy, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesini dowam etmek üçin ähli adamlaryň howpsuz we ýokumly iýmitlere eýe bolmagy hakyndaky düşünje bilen berk baglanyşyklydyr.


Ýakynda işlenip taýýarlanylan biotehnologiýalar energiýa we azyk önümçiligini ýokarlandyrmak üçin täze gyzykly mümkinçilikleri hödürleýär.

Oba-hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we käbir meseleleri çözmek üçin agroekoulgamlaryň hem-de öňdebaryjy dolandyryş usullary ýöretmek bilimleriniň ösmegi netijesinde biotehnologiýalar we oba-hojalygyny dolandyryş usullary bilelikde ösdüler.


Şu günki gün, eroziýany azaltýan (meselem, köp ýyllyk ekinler, topragy gaýtadan işlemezlik) oba-hojalygyndaky usullar, uzak möhletleýin azyk önümçiligini we bioýangyjy öndürmek üçin zyýankeşlere çydamly ekinler (meselem, seleksiýa tohumçylygy, gen inženeriýasy) bilen utgaşdyrylýar. Elbetde, üýtgemeler tiz bolanok we ol tejribeleriň köpüsi, iş ýüzünde öndüriji tarapyndan hem, sarp ediji tarapyndan hem ters hereketlere duçar bolýarlar.


Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäniň ilaty 10 milliarda ýeter diýlip garaşylýar we oba-hojalygyny dolandyrmaklyk usullarynyň, energiýany öndürmegiň we azyk howpsuzlygyny gerekli derejede goldamagyna nähili uýgunlaşjakdygyna seretmek gyzykly bolar.


Bu tematiki otagda berilýän maglumatlar, bu mowzuklara syn berýär hem-de käbir baglanyşykly gyzykly böleklere çuňlaşýar.


Mundan başga-da, bu makalalarda degişli toprak we oba-hojalyk proseslerine seredilýär hem-de adamlaryň öz bähbitlerine täsir etmekleri üçin näme edip biljekdikleri ara alnyp maslahatlaşmaga başlanylýar. Bu temalary öwrenmeklik arkaly, oba-hojalygyndaky toprak ylmy, biotehnologiýa hem-de oba-hojalyk tejribesi barasyndaky başlangyç bilimleri alyp bolýar. 

Redaktor - Sanjai J. Parikh, nature.com-nyň rugsady bilen
читать на русском