Oba hojalygyny maliýeleşdirmek barada hekaýa
"Pul ähli ýamanlygyň kökidir diýýärler. Pul ýetmezçiligi barada hem edil şonuň ýaly aýdyp bolar". Samuel Butler / "Pul gowy hyzmatkärdir. Ýöne pul erbet eýesidir." Fransis Bekon

Bu hekaýany bir tanyşym gürrüň berdi


Myrat atly daýhan ýeri kärendä alýar. Oba ýerlerindäki köp adam ýaly, adama güýç we saglyk berlen bolsa, ol ýer sürümçisi bolmalydygyna ynanýar. Soňra gallany gowy ösmegi we çagalar aç bolmazlygy üçin suwarmaly. 


Ýaz geldi ekin ekme wagty gelip ýetdiEkmäge tohumy ýokdy, almaga-da puly, elbetde ýokdy. Näme etmeli?  Obada gowy adam bar, ady Bazarbaý. Söwdagär bolsa-da, hemişe kömek edýändigi sebäpli, her kim ony sylaýar. Myradyň bolsa, başga karz alara hiç kimi ýok, her kimiň derdi özünkä meňzeş. Myrat Bazarbaýyň ýanyna ýola rowana bolýar.

 

 - Salam, Myrat gel geç. Ýagdaýlaryň niçik? Ýaz geldi. Ekin ekme wagty boldy!

 - Bazarbaý, tohum almaly weli. Gyşa çenli bir manat karz berip bilmersiňmi? Hasyl alan wagtym, satyp, derrew yzyna gaýtaryp bererin.

 - Saňa nädip karz bermäýin? Elbetde bererin. Sen güýz ýeri sürdüň, malaladyň, ýöne güýz ekinlerini ekmediň weli, men şol wagtam tohumyň ýokdur, saňa kömek etmeli diýip pikir edýärdim. Şol wagt gelen bolsaň, şonda-da tohum almak üçin pul bererdim!

 - Köp sagbol, Bazarbaý!

 - Myrat, dur hanyÝöne şeýle mesele barSen maňa dogry düşün, menem hysyrdap ýörýärin, ýekeje teňňäm hem peýda bermän, dolanşykda ýatanok. Eger saňa bir manat bermän, ony etjek işime goýbersem, güýz maňa üç manatdan hem gowrak peýda bilen yzyna gaýdyp geler. Saňa bersem weli, galla bolar, ýygyp satsaň, nähili girdejisi bolar?

 - Üç manatlyk söwda edermikäm diýýän...

 - Erbet dälÝöne girdejisini hem gel, adalatly böleli! Seret, bir manat goýduk, üç manat edip yzyna aldyk – arassa girdejisi iki manat!  Men pul goýýaryn, sen bolsa zähmetiňi – ikimizem zähmet çekýäris. Men dogruçyl söwdagär, hemme girdejini alasym gelenok, gel ony, deň ikä böleli, saňa bir manat, maňa-da bir manat.


Myrat ýeňsesini gaşady, pikirlendi: "Hakykatdan hem, adalatly."


 - Bolýar.

 - Onda, gyşa golaý üç manat dolanşykdan bir manat bergiň üçin, bir manat bolsa girdejiden getirip berersiň.

 - Bolýar.

 - Al onda, bir manat


Myrat gapydan çykýar weli, Bazarbaý yzyndan


 - Myrat, azajyk dur hany, men şeýle pikir etdim. Birden sen ýaramasaň, ýa-da aradan çyksaň, hemmämiz adam ahyry, bergiňi kim yzyna gaýtaryp berer? Iki manat – uly pula! Menem maşgala ekleýän-ä, goňşy.

 - Näme edeli Bazarbaý? 

 - Sen maňa iki manat bergiň bar, şonuň üçin maňa ätiýaçlyk üçin girew goý! Goýmaga zadyň barmy?

 - BähHany, pikirlenip göreýin. Azal gerekAt hem gerek. Çalgy gerek. Paltany goýup bolar, ýöne onuň bahasy zordan bir manata ýetýär...  

 - Myrat, meniň sygyr ýatagym köneldi, sygyrlara hem seretmäge adam ýok. Aýalym bolsa çagalar bilen başagaý...

 - Meniň aýalym seniň sygyrlaryňa hem sereder – öz sygyrymyz bilen birlikde seňkilerem örüde bakar. Men bolsa, ogullarym bilen birlikde sygyr ýatagyňy bejererin... Diňe paltany girewe goýup gitsem, sygyrlaryňy baksak, sygyr ýatagyňy hem bejersek, bolarmy?

 - Wah. Garyplygyň bolmadyk bolsa. Aý bolýa-da, şeýle näsazlygam bolsa bolar.

 - Hany onda, goňşy, karz bermäge ylalaşanyň, ýagdaýyma düşüneniň üçin sagbol! Sen maňa edil öz doganym ýaly bolduň! 


Myrat ýaňy gapydan çykýar weli, Bazarbaý yzyndan: 


 - Myrat, dur hany! Saňa haýpym gelýänligi sebäpli, kelläme şeýle pikir geldi.

 - Nähili pikir, Bazarbaý?

 - Sen hasyly ýygarsyň, satarsyň, üç manatdan tutuş iki manat bermeli bolýaň. Diňe bir manadyň galýar... Ähliňiz üýşüp, bütin gyşa ony nädip ýetirjek? Iň gowusy, sen maňa bir manat şu wagt ber, güýz bolsa diňe bir manat bermeli bolýaň.

 - Hakykatdan hem şeýle..  Al


Myrat öýüne barýar we oýlanýar: “Bir manat karz almak üçin gitdim. Yzyma barýan weli – paltamam ýok, manadymam ýok, ýene bir manat bergim bar, üsti-üstüne hem özüm, hem maşgalam başganyň gapysynda işläp bergimizi üzmeli... Bu nähili bolýaraý?”

читать на русском