Ir-iýmişleri tebigy usulda ösdürip ýetişdirmek — bu nähili bolýar?

Munuň üçin, biz malyň dersini 3-4 ýyl saklamaly, eýýäm ýanan derse biz itüzümler maşgalasynyň (ýeralma, pomidor we ş.m.) ekinlerini, bakja we däneli ekinleri ekýäris, bular ýanan ders toýunly toprak bilen garyşmazdan ozal onda mikorizanyň ştammlarynyň we beýleki mikroorganizmleriň durnukly koloniýalarynyň ösüp ýetişmegi üçin ekilýär, olar birinji ýylda ir-iýmişleri ekmek üçin taýýarlaýan topragymyzda rizosferanyň baý ýaşaýyşy üçin şert döreder.

 

Bu hakyky tebigy bagçylygy ösdürmegiň diňe bir tapgyry, gadyrly dostlar — biziň ata-babalarymyzyň bize miras goýan bilimlerine esaslanýan tejribämiziň we zähmetimiziň miweleri bolan – yhlas bilen ýetişdirýän ir-iýmişlerimize berýän ýokary bahaňyza biz juda şatdyrys."

Ir-iýmişleri tebigy usulda ösdürip ýetişdirmek — bu nähili bolýar?

Bagçylykda sagdyn miweleriň we ir-iýmişleriň hasylyny almagyň iň esasy şerti bu ösümligiň oňa zerur bolan ähli mikro- we makroelementleri almagydyr. Senagat täjirçilik oba hojalygy tarapyndan biziň boýnumyza dakylýan ählumumy dörän nädogry düşünjä görä, munda diňe üç element bar - azot, fosfor we kaliý.

Emma aslynda, ösümligiň doly ösmegi üçin, dürli kesellere garşy immunitete eýe bolmak üçin, şeýle hem zyýankeşleriň hüjüminden we howa şertleriniň üýtgemegi bilen zeper alandan soň täzeden dikelmek (öňki katdyna gelmek) ukybyna eýe bolmak üçin medeni bag ekinleriniň hemmesine aşakdakylar zerur bolup durýar:

makroelementler - azot, fosfor, kaliý, kalsiý, magniý, kükürt;

mikroelementler - bor, hlor, mis, demir, marganes, molibden, sink we köp halatlarda ýer gabygynyň beýleki elementleri;

topragyň ýokarky gatlagynyň çyglylygyny, howasyny, turşulykly-aşgar deňagramlylygyny hem-de temperaturasyny saklamaly;

topragyň hemişelik janly bajak örtülen düzgünini berjaý etmeli;

topragyň astyndaky gumuň granulometrik düzümine gözegçilik etmek bilen, rizosferada bar bolan çyglylygy saklamaly;

ýerli howa şertlerine çydamly hem durnukly endemiki ösümlikleriň bolmagy, şunda olaryň çüýremegi bilen we şol çüýrän önümleriň çökündileriniň döremeginiň hem-de toprakda gözenekleriň emele gelmeginiň netijesinde ähli ösümlikleriň kök ulgamy we rizosfera iýmitlenme we ýeterlik howa bilen üpjün edilýär;

ýerli endemikler sebäpli yzygiderli güllemekligiň bolmagy, şeýlelik bilen bu käbir mör-möjekleri hemişe iýmit bilen üpjün edýär (esasan, bu bal arylaryny we ýabany arylary), olar zyýan berijileri öz nesilleri üçin iýmitlenme gurşawy hökmünde ulanýarlar, olar şol bir wagtda tozanladyjy mör-möjeklerdir;

Bagçylygyň we tokaýyň hakyky sanitarlary-arassalaýjylary bolan sarlary – garasarlary, alasarlary, çižleri, serçeleri, garlawaçlary, malinowkalary we beýleki guşlary özüne çekmek üçin ýeterlik köp şahaly ýabany agaçlar bolmaly — guşlaryň iýmit siňdirişi şeýle bir işleýär welin, olar üçin ýeke-täk belok çeşmesi bolan - mör-möjekleriň proteýini guşlar üçin elmydama zerur bolup durýar;

Golaýda tebigy tokaýlaryň we gür bolmadyk tokaýlaryň bolmagy – bu edil dermanhana ýaly, - olar möhüm sanitarlaryň-arassalaýjylaryň - guşlaryň, mör-möjekleriň üsti bilen hem-de olaryň kömegi bilen ösümlikler - durnukly endemikler arkaly bagçylyk bajagynyň bolmagyny üpjün edýärler;

Toprakda agyr enjamlar bilen baglanyşykly bolmadyk usullaryň ulanylmagy - topragyň ýokarky gatlagynyň kompressiýa edilmegi (gysylmagy) esasan rizosferanyň mikroorganizmleriniň we kömelekleriniň ýaşaýan ösümlikleriniň kökleriniň töweregindäki mikroboşluklaryň ýok edilmegine getirýär.

Ynha, şu wideoda - topragy smorodina üçin taýýarlamak boýunça diňe kiçijik bir tapgyr görkezilýär. Süýji mekgejöweniň dokumalarynda rizosferanyň mikroorganizmleriniň sarp etmegi üçin elýeterli bolan gaty köp mukdarda uglewodlar bar, bu ösümligiň dokumalarynyň gurluşynda we onuň ýapragynda hem-de baldaklarynda ligniniň uzyn bölekleriniň bolmagy bolsa mikroorganizmleriň ýaşaýan ýerleri üçin tebigy gözenekleri emele getirýärler — bu gaty gowy gatnaşykdyr. 

Munuň üçin, biz malyň dersini 3-4 ýyl saklamaly, eýýäm ýanan derse biz itüzümler maşgalasynyň (ýeralma, pomidor we ş.m.) ekinlerini, bakja we däneli ekinleri ekýäris, bular ýanan ders toýunly toprak bilen garyşmazdan ozal onda mikorizanyň ştammlarynyň we beýleki mikroorganizmleriň durnukly koloniýalarynyň ösüp ýetişmegi üçin ekilýär, olar birinji ýylda ir-iýmişleri ekmek üçin taýýarlaýan topragymyzda rizosferanyň baý ýaşaýyşy üçin şert döreder.

Bu hakyky tebigy bagçylygy ösdürmegiň diňe bir tapgyry, gadyrly dostlar — biziň ata-babalarymyzyň bize miras goýan bilimlerine esaslanýan tejribämiziň we zähmetimiziň miweleri bolan – yhlas bilen ýetişdirýän ir-iýmişlerimize berýän ýokary bahaňyza biz juda şatdyrys.

читать на русском