Endemikler näme üçin möhümdir?
Dünýä derejesinde, çydamly ösümlikler, endemikler biosferanyň we atmosferanyň ýagdaýyna dogry gözegçilik etmegiň, esasan hem fotosintez arkaly, topragyň mikroorganizmleri bilen ösümlikleriň dokumalarynyň fermentasiýa prosesleriniň az bolmadyk ähmiýeti bilen, şeýle hem minerallara baý bolan ýokarky toprak gorizontyndan başlap Ýeriň gabygynyň çuň gatlaklaryndaky uglewodorodlaryň gazylyp alynýan görnüşlerine çenli örän köp sanly gymmatly depozitleriň soňraky çökmesi bilen, iň täsirli elementi bolup durýar. Hut endemikler atmosferada we ýeriň ýüzüniň çuňlugynda uglerodyň, kislorodyň we suwuň aýlawynyň aglaba bölegini üpjün edýärler. Bu endemikler talap ediji däl, şeýle-de durnukly bolmak bilen, olar ähli ösümlikleriň we haýwanlaryň möhüm ýaşaýyş işjeňliginiň bolmaly derejesini yzygiderli üpjün edýärler, bu bolsa tebigaty we biodürlüligi gorap saklamagyň iň möhüm şerti bolup durýar."
Алыч 2

Dostlar, men size zyýankeşlere garşy göreş alyp barmakda  möhüm orun eýeleýän endemiki ýabany ösümlikleriň (endemiki haýwanlar bilen bir hatarda) wajyp aýratynlyklary hakda gürrüň berdimmikäm?

Biziň tebigy bagçylyk usulymyzda (ony günbatarda ýörgünli hasaplanyp ulanylýan “organiki” diýilýäni bilen garyşdyrylmaly däl) endemiki ösümlikler, şeýle-de endemiki haýwanlar ähli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň sagdyn ösmeginde we ýabany tebigatda (biziň ýaşap ýören mekanymyza mahsus bolma manysynda) deňagramlylygy we biologik köpdürlüligi saklamakda wajyp orun eýeleýärler. Munuň nädip şeýle bolýandygyny siz bilýärsiňizmi?

Bularyň barysy gaty ýönekeý. Oba hojalygy we maldarçylyk bilen meşgullanmak bilen ýaşap ýören adamlar bu sowalyň jogabyny eýýäm bu hünärleriň peýda bolanynyň ilkinji ýyllaryndan başlap bilýärdiler. Hakykat ýüzünde bu şeýle bolup durýar, tebigy umumy bitewi oba hojalygynda hatda uzak möhletli gurakçylyk ýa-da ýangyn ýaly iň agyr hadysalara durnukly bolan baý rizosferanyň bolmagy diňe ýerli ösümlikler, mikroorganizmler we jandarlar tarapyndan üpjün edilýär.

Ýerli ýagdaýda, olar toprakda mikro- we makroelementleriň bolmagyny üpjün edýärler, bu bolsa ilat üçin hasyl berýär we ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hemmetaraplaýyn goralmagyny üpjün edýär. Biziň barymyz, elbetde, mekdep partasyndan fotosinteziň bolup geçmegi bilen ösümlikleriň kömürturşy gazyny dargatmagy üpjün etmek bilen, uglerody topraga birleşmelerde gaýtarmak bermek ukybyny bilýäris, şol birleşmeler diňe peýdaly bolmak bilen çäklenmeýärler, olar şeýle hem rizosferadaky köp organizmler üçin esasy iýmitlenme elementi bolup durýar.

Dünýä derejesinde, çydamly ösümlikler, endemikler biosferanyň we atmosferanyň ýagdaýyna dogry gözegçilik etmegiň, esasan hem fotosintez arkaly, topragyň mikroorganizmleri bilen ösümlikleriň dokumalarynyň fermentasiýa prosesleriniň az bolmadyk ähmiýeti bilen, şeýle hem minerallara baý bolan ýokarky toprak gorizontyndan başlap Ýeriň gabygynyň çuň gatlaklaryndaky uglewodorodlaryň gazylyp alynýan görnüşlerine çenli örän köp sanly gymmatly depozitleriň soňraky çökmesi bilen, iň täsirli elementi bolup durýar. Hut endemikler atmosferada we ýeriň ýüzüniň çuňlugynda uglerodyň, kislorodyň we suwuň aýlawynyň aglaba bölegini üpjün edýärler. Bu endemikler talap ediji däl, şeýle-de durnukly bolmak bilen, olar ähli ösümlikleriň we haýwanlaryň möhüm ýaşaýyş işjeňliginiň bolmaly derejesini yzygiderli üpjün edýärler, bu bolsa tebigaty we biodürlüligi gorap saklamagyň iň möhüm şerti bolup durýar.

Endemikleriň biodürlüligi saklamakda ýene bir wajyp ähmiýetli orny bar — biri-biri bilen bilelikde örän inçe deňagramlylygy saklaýarlar, olaryň aýratyn bir ýerdäki topary iň oňat we düýbünden erkin birleşdirilen zyýankeşlere garşy göreşi gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär (ol günbatar ýurtlarynda IPM diýlip atlandyrylýar). Ýemşen - alyç baradaky aşakda getiren mysalymyza serediň.

Алыч 3

Biziň planetamyzyň jemgyýetiniň üstünlikli ösmegi üçin ullakan mesele, meniň syn edişime görä, şular bolup durýar: ýagny korporatiw telekeçilik mekdep maksatnamalaryna, ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy gözlegleriň maksatnamalaryna we iň esasysy bolsa — köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde oba hojalygyň häzirki ýagdaýyny beýan etmäge we biosferadaky ýaşaýyş prosesleriniň esasy ýörelgelerini göz öňünde tutýan ekerançylyk usullary üçin ýerine ýetirilmeli ylmy-gözleg işlerine gönükdirmeklige mümkinçilik bermeýär. Olar oba hojalygyny gutarnykly gözegçilikde saklama monetizirlenmesi bilen gaty gyzyklanýarlar, şonuň üçin hem olar adamlaryň ünsüni GMO-iýmitlerini iýmekligiň adam saglygy üçin howpludygy bilen barha köpelýän ilaty azyk bilen üpjün etmek zerurlygynyň arasyndaky ýalan gapma-garşylyga,  şeýle hem zerurlyk bilen ýerli jemgyýetleriň öz kanunlaryny, medeniýetlerini, milliligini we  öz ykbalyňy kesgitlemek we öz tebigy baýlyklaryňa eýeçilik hukugyny gorap saklamak babatdaky hukuklarynyň arasyndaky gapma-garşylyga jemlemekligiň üstünde jan edip işleýärler,  hem-de soňlugy bu ylmy-gözleg işleriniň diňe şu meseleleriň çözgütlerine gönükdiriljekdigini nygtaýarlar. Bularyň barysy — boş gürrüň!

Şunuň ýaly şekilde däneleriň, noýba kösüklileriň, ýag beriji ekinleriň we itüzüm maşgalasyna degişli bolan medeni ekinleriň ägirt uly hasylyny almak üçin biodürlüligiň “esaslandyrylan” ýok edilmegi adamzat üçin hakyky howp bolup durýar, munuň üçin olar ägirt uly möçberlerde ýer böleklerini satyn alýarlar we kärendesine alýarlar we soňlugy bilen olary arrykladýarlar, şol ýerlerde hasyllylygy ýokarlandyrmak maksady bilen pestisidler we mineral dökünler ulanylýar, bu bolsa uzak wagtyň dowamynda toprakda we onuň ýüzünde, şeýle-de onuň töweregindäki gaty uly ýaýrawda janly tebigaty öldürýär.

Şunda hakyky ýer eýesi bolan daýhan kapitalist — telekeçiden tapawutlanýar — daýhan ömrüni dünýäniň islendik ýerinde ekzotlaryň ýaşaýyş aýlawyny bozmazdan, özüni eklemegiň we mynasyp maşgala durmuşy üçin ýeterlik bolan hasyly öndürmek üçin ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrenmeklige hem-de ulanmaklyga bagyş edýär, sebäbi onuň üçin geljekki nesilleri üçin ýeriň baýlyklaryny gorap saklamak manysynda uzak möhletleýin ýagdaýy möhüm bolup durýar, şeýle hem ol oba hojalygynyň baýlyklaryny, ilkinji nobatda, topragy goramak we onuň hasyl berşini artdyrmak üçin özüniň tutuş ömrüni sarp edýär. Telekeçi bolsa ýere – topraga ahyryna çenli ähli zady öndürmeli magdan şahtasy ýaly garaýar.

Şeýlelik bilen, ýemşen - alyç —

Алыч

Ýokarda beýan edişim ýaly, ýemşen – alyç özüniň tebigatdaky esasy wezipelerinden başga, gülleýän we miweleriniň bişen mahaly gaty güýçli ysy bilen ýiti ýaşylymtyl-bürünç reňkli tomzajyk, güýe we miwe siňekleri ýaly köp sanly zyýan beriji mör-möjeklerini özüne çekýär. Şunuň ýaly hüjümlerden soň miweleriň takmynan 60% göterimi el degrilmän galýar we olary iýip bolýar. Ýemşen baglaryň we tokaýyň iň netijeli arassalaýjylary bolan guşlar üçin iýmit çeşmesi bolup durýar. Ýemşen adaty we uzak möhletli gurakçylyk döwründe bularyň hemmesini deň derejede bolluk bilen üpjün edýär.

Şeýle hem, elbetde, ýemşen - alyç bize – adamlara-da öz miwelerini peýdasy hem şypasy bilen eçilýär — olar ylmy lukmançylykda belli bolşy ýaly, käbir ýürek-damar keselleriniň bire-bir dermanydyr.

Dostlar, tebigaty gözüňiziň göreji ýaly aýap saklaň!

читать на русском