Ýer işlemek maksatlary üçin meýdançany saýlamak: seredip geçmek üçin 7 sany örän wajyp faktorlar
Ekerançylyga bolan gyzyklanma artýar we ýer bu
babatda iň wajyp nokat bolup durýar. Şonuň üçin oba hojalyk maksatlaryny amala
aşyrmak üçin meýdançany saýlamak daýhan üçin durmuş taýdan wajyp bolup durýar.
Siziň oba hojalyk üçin ýeri almak isleýän wagtyňyza
garamak üçin biz örän wajyp pursatlary ýa-da işläp taýýarlanan faktorlary
hödürleýäris.
Ilki bilen, biziň garaýşymyzça ýeri almak hakynda
ähli pikirleriň esasy bolup durýan oba hojalygyň umumy kesgitlemesini görkezmek
isleýäris. Esasan hem adamyň iýmegi üçin iýmit önümlerini öndürmegiň oba
hojalyk ekinlerini ösdürmegiň we galla ekinlerini ýetişdirmegiň oba hojalygyny.
Indi bolsa, ekerançylyk maksatlary üçin ýer bölegi
saýlananda göz öňünde tutulmaly bentlere seredeliň.
1. Howa
faktorlary
Şeýlelikde, biz ygal, çyglylyk, basyş we ýeliň
ugruny, temperaturany we ş.m. göz öňünde tutýarys. Bu faktorlar siziň saýlaýan
oba hojalyk ekinleri ýa-da maldarçylyk boýunça daýhançylyk işiňiz üçin oňaýly
bolmalydyr. Ekinleriň dürli görnüşleri belli bir howa şertlerine gabat gelýär,
maldarçylyk hem şeýle. Şonuň üçin siziň daýhan hojalygyňyzyň ösüşine ýardam
etjek faktorlary göz öňünde tutmaly we ýardam bermejeklerinden hem gaça durmak
wajypdyr.
2.
Durmuş-ykdysady faktorlar
Bu faktorlar öz içine infrastrukturany, ilaty,
ilatly ýerleri, bazary, zähmeti we beýlekileri alýar. Infrastruktura öz içine
ýollary, elektrik energiýany, suwy, telekommunkasiýany, saglyk edaralaryny,
polisiýa bölümini we ş.m. alýar. Bu serişdeleriň barlygy guş fabrikasy ýaly
edarany ýerleşdirmeklige mümkinçilik berýär. Emma şäher şäher nokadyna
ýakynlygy ony peýdasyz edip biler. Ýene mysallaryň biri saglyk edaralaryny we
degişlilikde polisiýanyň bolmagyny talap etjek hoszpsuzlyk we saglykdyr. Size fermaňyza ýakyn bazar we elýeter zähmet zerur
bolup biler. Durmuş-ykdysady faktorlaryň ählisini barlygynda ýa-da ýoklugynda
ýa-da utgaşmasynda fermanyň peýdalylygyna baha bermek üçin pikirleri we
barlaglary içgin oýlanmalydyr.
3. Edafiki faktorlar
Olar topragyň
gurluş, hasyllylyk, tekstura, öýjüklik, düzüm we ş.m. şertleri bilen baglydyr.
Bu toprak faktorlary oba hojalyk ekinleri ýa-da maldarçylyk boýunça laýyk oba
hojalyk edaralary kesgitleýär. Palçykly toprakly ýerler balyk hojalygy üçin
ýaramly bolup biler, şol bir wagtda ähli beýleki faktorlar oňaýlydyr. Käbir ýerler suw almak we/ýa-da eroziýa
duçardyr. Bu ýerler siziň serişdelerine baglylykda girdejili fermany, meselem
ýalyk hojalygy döretmek üçin dolandyrylyp biliner. Emma bakja ekinleri we
tokaýçylygy ýaly oba hojalyk ekinlerini göz öňünde tutmak bilen, ekinlere
oňaýsyz täsir etjek ýerlerinden gaça duruň.
4. Ekologiki faktorlary
Siziň oba
hojalyk amallaryňyz daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeli däldir. Oba hojalyk
işleriniň käbir görnüşleri adamlara ýa-da haýwanlara täsir edende ýaramaz bolup biler. Adatça bu, fermalar şähere ýakyn
bolanda bolup geçýär. Beýleki tarapdan, daşky gurşaw hem siziň fermaňyza
önümçiligi peseletmek bilen ýaramaz täsir edip biler. Käbir fermalar süýşmeli
ýa-da üýtgemeli bolýar, şäher ösüp, olaryň yzyndan ýetýär. Şonuň üçin oba
hojalygyny amala aşyrmak üçin meýdan saýlananda bu faktory göz öňünde tutmak zerurdyr.
5. Hökümetiň syýasaty
Dürli hökümetler
olara oba hojalygynda ösüşi gazanmaklyga ýardam berýäm syýasaty alyp barýarlar.
Syýasaty amal etmekden bähbit getirip biljek ýerde öz fermaňyzy gurmaklygy
meýilleşdirip, ondan peýdalanyň. Meselem, hökümet ýurduň belli bir etrabynda
ýa-da zolagynda fermalara salgytlaryň azalmagy hakynda çözgüt kabul edip biler.
Mundan başga-da hökümet ýurduň belli bir böleklerinde kömek dökünlerini we
beýleki ekerançylyk komponentlerini bermekligi köpeldip biler. Siz ondan peýdalanmak
üçin fermany şeýle ýerlerde gurup bilersiňiz. Siz oba hojalygy alyp barmagyň
maksatlary üçin öz meýdançaňyzy saýlanyňyzda hökümetiň syýasatyny göz öňünde
tutmalysyňyz.
6. Biotiki faktorlar
Bu käbir zyýanly
we peýdaly organizmalryň barlygy ýa-da ýoklugy bilen baglydyr. Oba hojalygy
amala aşyrylanda meýdança saýlananda siz arylar we beýleki tozanlandyryjylar
ýaly käbir organizmleriniň tebigy populýasiýasyna we zyýankeş we kesel dörediji
organizmleriniň azlygyna seredip bilersiňiz. Daýhan hojalygy öz içine tokaý
hojalygyny alan ýagdaýynda tokaý zolaklaryndaky oba hojalygyň örisi ileri
tutulýar. Emma zyýankeşleriň we keselleriň uzyn taryhy bolan ýerlerinden gaça
durup bolýar. Mundan başga-da gözegçiligi kyn bolan, agdyklyk edýän kesgitli
haşal otlary bolan meýdançany saýlamakda seresap bolmalysyňyz.
7. Ykdysady faktorlar
Eger siziň oba
hojalyk işiňiz güllemegini isleseňiz, onda bu faktoryň garalmagy örän wajypdyr.
Ol öz içine bahany, ýeňilligi we kärende şertlerini ýa-da satyn almany
alýar. Size fermaňyzy goldamak üçin
ýeterlik girdejini berjekdigine göz ýetirmek üçin meýdançanyň tehniki-ykdysady
esaslandyrmasyny geçirmek zerurdyr. Bu ähli beýleki faktorlary göz öňünde
tutmak bilen size aňryçäk itergini berjek meýdança, size meýdança saýlananda has
gowy düşünjäni we has aýdyň pikiri berer,
Jemleme
Meýdança laýyk oba hojalyk işini kesgitläp hem biler we tersinede bolup biler. Öz fermaňyza meýdança ýa-da öz meýdançaňyz üçin laýyk kärhana babatynda karar kabul etmezden ozal ähli bar bolan bilimleri ulanyň.