Telekeçilere
oba hojalyk işden peýdalanmak hakynda
Telekeçi-dostlarymyz,
siziň soraglaryňyzyň köpüsi biziň ýerli resurslarymyzda, ýerli oba hojalyk
önümlerimiz daşky bazara satylsa, gowy peýda gazanyp bolýar diýlen pikir bilen
baglanyşykly… Meniň pikirime, bu habarsyzlylykda esaslanan örän zyýanly ýalňyş
pikir. Ine-de onuň sebäpleri:
1. Resurslar:
a)
Klimat – köp iýmit medeniýetleri ösdürmek üçin laýyk gelmeýär. TEMPERATURA WE
ÇYGLYLYK – Biziň ýurdumyzyň örän kontinental görnüşli klimaty bar, onda ýylyň
ähli pasyllarynda temperaturalaryň gije-gündizlik üýtgemegi ýygy ýagdaýlarda 20
gradusa gola, we has seýerek bolmadyk ýagdaýlarda 25 gradus Selsiýden hem
ýokary bolýar (ösümlikleriň göreşýän stressi örän güýçli).
b)
Topraklar – çölde arryk, hem-de dag etekleriniň we kanallar we derýalar blen
suwarylýan açyk meýdanlaryň toýuny we palçygy kök ulgamynyň ösmegi üçin örän
agyr. Şorlaşma soňky 25 ýylyň içinde ekologik heläkçiligiň göwrümlerine eýe
boldy. Aglaba böleginde, biziň oba hojalyk meýdanlarymyzyň resurs hökmünde hiç
hili gymmatlygy ýok, sebäbi önümiň üstünlikli öndürilmegi we topragyň
häsiýetleriniň saklanylmagy üçin örän uly harajatlar talap edilýär.
ç)
Seleksiýa – oba hojalygyň bu düýpli wajyp nukdaýnazary düýbünden taşlanylan.
Alymlaryň üstünde ýarym asyrdan hem köp wagtyň dowamynda işlän, Türkmenistan
üçin sortlaryny we görnüşlerini çykarmak we uýgunlaşdyrmak işleri ýitirilen.
(Sortly ekiş materialyň durnukly arassalygy we hili üçin senagat göwrüminde her
ýyllyk çäreler talap edilýär; bizde bu barada asla eştmändiler öýdýän). Şol
sebäpli, islendik medeniýetler ösdürilende, oba hojalykçylaryň her biri näbelli
we synag edilmedik sortlara serişdelerini harçlamaga we hususan getirilýän
sortlaryň aýratynlyklary, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän nahallar bilen
gelýän wiruslardan we kömeleklerden başlap mör-möjeklere çenli, täze zyýan
edijileriň ägirt uly mukdary bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýeňip geçmäge
we olaryň öňüni almaga serişdeleri goýmaga mejbur bolýarlar. Şeýle zyýan
edijileriň biziň şertlerimizde heniz barlanylmadyk; öwrenilmedik patogenez
gürrüňsiz ösümlikleri goramaga edilýän harajatlary birnäçe esse we netijesiz
artmagyna getirýär. Bu hem, öz gezeginde, önümiň hilinde öz beýanyny tapyp,
onuň daşky bazardaky bäsdeşligini peseldýär.
d)
Ygtyýarlylyk – oba hojalyk işi üçinylmy maglumat binýadyň dolulygyna ýoklugy.
Eýýam ikinji ýylynda diňe bir harjatlaryň üstüni ýapýan däl-de, eýsem peýda hem
berýän, hasyl berýän ajaýyp maňyz agajy, badam we şänikli miweli medeniýetler
baradaky ertekiler – degişli edaralarda karzlaşdyrmagyň we hususy oba hojalyk
önümçiligini ösdürmegiň ýörelgesini döreden adamlar meni haýrana galdyrýar. Iki
sözde aýdanyňda, ol üstünlikli oba hojalyk önümçiligi üçin diňe (1)
telekeçilik; (2) pul serideleri; (3) ýerleriň paýlanmagy talap edilýädiginde
jemlenýär. Bu babatynda biziň hökümetimiziň ykdysady institutlaryna maslahat
berenler – jenaýatçylar. Olar sebäpli, biz wagtymyzy, ygtyýarlyklarymyzy,
döwlet býujetiniň serişdelerini we iň gymmatly bolan resursy – topragy
ýitirýäris, ol bolsa olaryň işinden öň önümçilik üçin beýle harajatly däldi!
Olaryň işinden soň bolsa, diňe ony dikeltmek üçin azyndan 5 ýyl, we ägirt uly
serişdeler zerur bolýar!..
e)
Irrigasiýa üçin suw – 1992-nji ýyldan bäri bütin döwrüň içinde bize SSSR-den
miras galan melioratiw hojalygyň taşlanandygy sebäpli, biziň iň wajyp strategik
emlägimiz – süýji suwuň ägirt uly ätiýaçlygy, şol güýçdäki nälet bolup durýar.
Hudaýa şükür, garaşsyzlygymyzyň ähli wagtynda, ýurdumyzyň ýokary häkimiýeti uly
göwrümli ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik beren esasy,
binýatlaýyn çözgütleri kabul edýärdi (sowmalaryň we Türkmen kölüniň gurulmagy).
Emma, ähli derejelerdäki oba hojalyk meýdanlary hökmünde hasaba alnan ýerlerde
ulanyjylaryň bölünmegi geçirilýär, olar bolsa aýratyn alnan, landşaft şertleri
bilen aýrybaşgalanan ýerlerde suwarmak we DRENIRLEMEK bilelikdäki, bir wagtdaky
we utgaşdyrylan işleri geçirmezden, olaryň ýerleriniň şahsy tagallaryna we
serişdelerine bagly bolmazdan, ýaramsyz boljakdygy barada habarsyz. Şu günki
günde ýurtda hökümet bilen şeýle çäreleri meýilleşdirmegiň we geçirmegiň hem-de
olary bellemegiň institutlary we ýerine ýetirijileri ýok.
ä)
Aýratyn resurs – agrarizm we oba hojalyk işini bilelikde, jemgyýetçilikli
ýöretmegiň adaty, diňe şeýle usulyň biziň şertlerimizde ätiýaçlyklary ygtybarly
we netijeli ulanmaga, we olary saklamaga mümkinçilik berýändigine seretmezden,
emeli usulda gysylyp çykarylýar. Bu biziň ýurdumyzda oba hojalygyny ýöretmegiň
ýeketäk laýyk gelýän usuly (ol alymlar tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy we
ylmy-önümçilik institutlarynda we olaryň bütin Orta Aziýada we aşaky Powolžýede
– gurak klimatyň bar ýerlerindäki oba hojalyk bazalarynda synag edildi), bitewi
hojalyk ýöretmek bilen öň bolan, häzirki wagtda bar we geljekde hem boljak
usul. Bu usul ýeri oba hojalyk önümçiligini jemgyýetçilikli ýöretmekde
esaslanan. Ol biziň çarwadar ata-babalarymyzyň müýyllyk tejribesi bilen eýýäm
ýonulan, we ylmy üstünlikler diňe onuň netijeliligini ýokarlandyryp biler, emma
onuň ornuny tutup bilmez.
f(!)
Işçi güýji – ABŞ-da “bilim alan” we şol ýurduň oba hojalygyny bize mysal
getirýän täze döreýän ykdysatçy-maslahatçylar, bize, mysal üçin, Tehas ştatynyň
“üstünlikli” oba hojalygynyň ilki bilen Meksikadan gelen zähmet migrantlarynyň
az tölegli işinde esaslanýandygyny bize aýtmaýarlar. Olaryň ykdysady çyzgysy
hem arzan bahaly işçi güýçüniň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Emma şeýle
resursy döretmek üçin olar bize biraz başga-ça ssenariýi teklip edýärler –
özümiziň raýatlarymyzy-oba hojalyk ýerleriniň ýaşaýjylaryny garyplaşdyrmak.
Emma olar bize nähili ýagdaýda biziň döwletimiziň ilatyň garyplaşan
gatlaklaryny olaryň çygryndan gelip çykan baýlara işlemäge mejbu edip, şol bir
wagtda hem rahatlygyny we parahatçylygy saklap biljekdigini düşündirmeýärler.
Ýurduň kemsidilen, aç we işsiz raýaty bilen goňşy ýurduň terrorçysynyň arasynda
nähili tapawut bar? Meniň pikirimçe, birinçisi has hoszply – 90-njy ýyllaryň
başynda Täjigistanda biri-birini gyryş usuşynyň sebäbi, birlikde, birnäçe ýylyň
içinde şu ýurduň obalarynyň işe ukyply ilatynyň 65%-den köp bölegi garyplaşdy
we işini ýitirdi. Biz – Meksika däl! Biziň atalarymyz, garry atalarymyz
we ene-atalarymyz kä halatlarda biziň ykdysady güllemegimizi gurmak üçin aç
galýardylar – geçmişi nähili ýamanlasaň hem, syýasy gurluş nähili nädogry bolsa
hem, muny hiç hili üýtgedip bolmaýar. Hiç hili wagyz nesihatlaryň, hökümetiň we
puluň güýji biziň halkyň aýratyn wekilleri däl-de, halkdygymyzyň hakykatyny
üýtgedip bilmez, şu gün biz tebigy resurslaryň we infrastrukturanyň eýeleri
bolup durýarys. Sözi gelende aýtsak, biz häzirki wagta çenli telekeçileriň
hususy baýlaşmagy üçin pul karz alýan gaznasyna salgyt töleýäris.
2. Oba hojalygyny
ýöretmegiň ykdysady maksadalaýyklygy – ýerlemek:
a)
Daşky bazar – soňky wagtyň iň üýtgeşik hadysasy, bu biziň telekeçilerimiziň oba
hojalyk önümlerini daşy bazara satyp, daşary ýurt pullaryny gazanyp biljekdigi
barada mukaddes arzuwy. Ol ýerde olara kim garaşýar? Ol ýerde artykmaçlyk we
eýýam on ýyllyklar bäri önüm getirýän we milli häkimiýetlerde hem-de halkara
korporasiýalarda öz bähbitlerini lobbirleýän öndürijiler bilen ylalaşyklar bar.
b)
Hil we özüne düşýän gymmaty – eger-de önümçilige edilýän harajatlar ýokary we
töwekgelçilikli bolsa, biz nähili görnüşde ýokary hili we pes özüne düşýän
gymmaty gazanyp bileris? Bizde Türkmenistanda, mysal üçin, badamyň, daşky
bazarda satylmagyny kepillendirmek üçin, bir kilogramynyň özüne düşýän gymmaty
15 manatdan ýokary bolmaly däl, biziň hususy bazarymyzda bolsa onuň bir
kilogram üçin bahasy 160 manat!
ç)
Sargytlar we töleg – oba hojalyk iýmit önüminiň dürlüliginiň uly bölegi üçin
tölegleriň we bahanyň ulgamy ekologik we syýasy nukdaýnazarlaryň üstünden
gözegçilik etmek bilen baglanyşykly. Mysal üçin, ABŞ soňky administrasiýasynyň
syýasaty sebäpli, Awstraliýanyň iýmit önümleriniň öndürijileri 2018-nji ýylda
peýdanyň 20% golaýyny ýitirdiler (mysal üçin, badamyň bahasy tonnasyna 6700 ABŞ
dollardan 5400-e çenli aşak düşdi). Olar ümsüm otyrlar. Kim siziň önümçiligiňiz
we peýdaňyz barada alada eder, daşky azyk bazaryndaky ägirtleriň haýsysy siziň
düşewüntligiňiz barada gyzyklanar? Ilki bilen şeýle taraplary gözläň, soňra
bolsa satuwlary nähili bahalardan, nirä we nähili derejede ygtybarly satuwlary
meýilleşdirmek barada pikir ediň.
3. Syýasy we syýasy
ykdysady faktorlar:
Soňky
wagtlarda onuň täsirine öňki SSSR ähli ýurtlary tarapyndan düýbünden üns
berilmeýär. RF heniz jemgyýet we ýurt üçin bähbitli bolan öz pikirlerini ýerine
ýetiriji häkimiýete ýetirmäge ýagdaýly bolan, agrariýleriň synpy bar, ýöne
başga hiç ýerde şeýle depginler ýok. Biziň ýurtlarymyzda, 90-njy ýyllarda
syýasat medeniýetiniň ýabanylaşmagy sebäpli, sarp ediş mentaliteti bazaryň
“liberallaşmagyna” ýol açdy, we biz tiz gazanjyň pidasyna goýup, ykdysadyýetiň,
oba hojalyk önümçiliginiň we ýönekeý akylly-başlylygyň tebigy ryçaglaryny
düýbünden ýatdan çykardyk. Hususy ykdysady gurplulyga baha bermek üçin tiz
gazanjy etalon derejesine galdyrdyk.
Emma
oba hojalyk işewürliginiň liberallaşmagynyň tapgyryny “üstünlikli” geçen, ähli
ösüp barýan ýurtlaryň taryhy öwrenmegiňizi haýyş edýärin – siz örän geň
galarsyňyz!
Mysal
üçin, Efiopiýada liberallaşmak örän seýrek resurslaryň indi Bütindünýä Bankyň
esasy goýumçylarynyň peýdasyna işlemegine hyzmat etdi, hökümet bolsa
liberallaşmagyň we daşky azyk bazaryna çykmagyň çäklerinde oba hojalygyň ösüş
maksatnamalary bilen olara berlen ýerlerden içerki emigrantlary (öz
raýatlaryny) göçürmek we olaryň hususy lagerlerini döretmek bilen meşgullanýar.
Şeýle hem, häkimiýet kazyýetler we ýyl kesilen närazylar üçin täze türmeleri
gurmak bilen, köpçülikleýin garşylyklary basmak bilen meşgullanýar. Täze
ýerlerde Bütindünýä Bankyň belleýän nyrhlary boýunç (arzan) eýýam daşary
ýurtlara satylýan däne ösdürilip ýetişdirilýär. Özi hem bu Efiopiýanyň öz
halkynyň aç wagtynda bolýar. Şol bir wagtda, häkimiýet her ýyl aç galýanlara
kömek üçin ýüz tutup… hemaýatkärlik kömegi hökmünde däne alýarlar.
Eger-de siz öz önümiňizi daşky bazara satmagy
meýilleşdirýän bolsaňyz, aşakdakylary edip biljekdigiňize hiç hili umyt
etmäň:
(1) önümçilik
prosesini dolandyrmak;
(2) daşky bazara
önümi özüň teklip etmek;
(3) düşewüntliligi we
peýdany çaklamak;
(4) daşky bazarda oba
hojalyk önümleriniň önümçiligine, hiline we sertifikasiýasyna bildirilýän
talaplara ýetişmek.
Oba hojalyk
önümçiliginde gyzyklanýan telekeçi-dostarym, ine meniň size maslahatlarym:
1. Hususy
bazardaky zerurlygy we satyn alyjylyk ukyplylygy öwreniň we umuman öz
halkymyzyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gatnaşyň.
2. Oba
hojalyk önümçiligi üçin hususy ylmy binýadyň ösdürilmegine tagallalary we
serişdeleri goýuň.
3. Öz
işgärleriňiziň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmaga tagallalary we serişdeleri
goýuň.
4. Ýerli
ilatyň bähbitlerini hasaba almak bilen işewürlik-meýilnamasyny guruň, we bitewi
oba hojalyk işini dowam etmek ýoly bilen, siziň medenileşdirýän meýdanlaryňyzyň
ýerleşýän ýerlerindäki ilatyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin çärelere
gatnaşyň.
Diňe
şeýle hereketleriň netijesinde biz hususy resurslarymyzy saklap we gowlandyryp,
hususy azyk bazarymyzy gurup, we daşky bazara çykmak üçin dogry ýörelgäni işläp
taýýarlamaga mümkinçilik berýän tejribäni alyp bileris.