Oba hojalygy we şorlanan topraklar – kesgitlemeler, sebäpler we usullar


Mähriban daýhanlar,

Şorlanan topraklarda öz işiňizi alyp barmagy öwrenmegiňize kömek bermek üçin, biziň şertlerimizde ekerançylygy üstünlikli alyp barmak mümkin bolmaýan, özümiň wajyp, ýeterlikli peýdaly we esasy maglumatlary saklaýar diýip hasap eden nutuklardaky parçalar bilen paýlaşmakçy boldum.

 

Giriş: Wezipeler we olary çözmegiň usullary bilen tanyşmak 

 

ŞORLANAN TOPRAKLARDA BIOEKERANÇYLYGYŇ HALKARA MERKEZINIŇ nutugyndan parça (Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz üçin Sebitleýin Merkezi) “MERKEZI AZIÝADA WE GÜNORTA KAWKAZDA ŞORLANAN TOPRAKLARDA BIOEKERANÇYLYGYŇ TEJRIBESI WE IÖ GOWY AMALLARY”

 

Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda oba hojalygyny ösdürmek üçin bioekerançylygyň wajyp wezipeleri

 

Aral deňziniň howdanynda suwaryş suwunyň elýeterliginiň azalmagy we bu sebitdäki amatsyz ekologiki ýagdaýy, her ýylda köp sanly hojalyk-gymmat bahaly oba hojalyk ekinleriniň hiliniň we hasylynyň mukdarynyň ähmiýetli ýitgilerine getirýär. Ýerasty suwlarynyň derejesini ýokarlandyrmak we olaryň minerallaşdyrylmagy, şorlanmasynyň derejesiniň köpelmegi, batgalyga öwrülmegi we topraklaryň takyrlaşmasy, ekinleriň kökleriniň ýaşaýan zolagynda zäherli duzlaryň migrasiýasy we akkumulýasiýasy sebitiň ýer we ösümlikler serişdeleriniň potensial önümliligine amatsyz täsirini ýetirýär (ADB, 2008, Toderich et al. 2009, 2010, 2013, 2016, Begdullaeva et al., 2009). Suw we ýer serişdeleriniň işjeň ulanylmagy, suwaryşyň artyk düşmegi, mallaryň bakylmasy, ösümlikleriň agaç-gyrymsy görnüşleriniň ýangyç üçin çapylyp aýrylmagy şeýle ýagdaýa getirýär, ýagny, hasylly ýerler suwaryş ekerançylygy we çöllük-öri meýdan oazisiniň iýmleri we maldarçylygy ösdürmek üçin ýaramsyz bolmagyna getirýär (Toderich et al., 2015, Şamsutdinow, 2008, Khamzina et al., 2008).

Günorta-Günbatar Özbegistanyň, Aç sähra, Garagalpagystanyň, Demirgazyk Türkmenistanyň we Tajigistanyň idegsiz, degradirlenen, ortaça- we güýçli şorlanan ýerleri sebitiň suwarylýan ýerleriniň umumy mukdaryndan 18,2-den 55% deň bolýar.

Ýaşaýyş üçin wajyp ekologiki şertleriniň üpjün edilmeginiň nukdaý nazaryndan, düýpli ynjalyksyzlygy ýüze çykarýan, ýeriň degradasiýasynyň esasy meseleleri bolup durýar: 


  • Suwarylýan ýerleriň ikilenji şorlanmasy;
  • Suwarymly ekerançylygyň täsir etmeginde, ýerleriň batgalyklara öwrülmegi, suw basmagy we çendenaşa yzgarlygy;
  • Könelişmesi sebäpli kollektor-drenaž ulgamaynyň ýerliksiz işi, bu ýerlerde ýerasty suwlaryň batgalyga öwrülmegini we şorlanmasyny ýüze çykarmaýan hoszpsuz çäge çenli derejesiniň peselmegini üpjün etmäge ýagdaýy bolmaýar;
  • Topraklaryň arryklamasy – çüýrüntgileriň we iýmitlendiriki elementleriň ýitirilmegi, dykyzlanmagy;
  • Dag etegindäki etraplarda topraklaryň suwly we irrigasiýa eroziýasy;
  • Öri meýdanlardaky maldarçylygyň çöllük etraplarynda deflýasiýa we öri meýdan digressiýasy;
  • Tokaýlardan mahrum bolmak we görnüş dürliliginiň ýitirilmegi;
  • Topragyň agrohimikatlar, senagat himiki hapalaýjylary bilen hapalanmagy;
  • Aral deňziniň guran düýbüniň çäkleri bilen goňşyçylyk edýän ýerleriň çölleşmegi.

Ýerleriň degradasiýasynyň sanalyp geçilýän jähtleri tebigatyň öiz tarapyndan öňünden kesgitlenilýär, emma tebigatdan rejesiz peýdalanylmagy we hojalyk çäreleri bilen güýçlendirilýär, ýagny: 


  • Ýeri işlemegiň kämilleşdirilmedik usullarynyň ulanylmagy (meýilanamalaşdyrma, sürülmesi);
  • Ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde agranomçylygyň kadalarynyň bozulmagy (dökünleriň we beýleki himiki maddalaryň ylmy-esaslandyrylan kadalaryna laýyk gelmeýän, ekinleriň ekişiniň dolanşygynyň ýoklugy);
  • Irrigasiýanyň erbet bolmagy ýa-da kadalara laýyk gelmezligi (irrigasiýanyň we dernažyň infragurluşygynyň ýagdaýy, ekinleri suwarmagyň, ýuwmagyň düzgünleri); 
  • Öri meýdanlary rejeli ulanmagyň kadalarynyň we düzgünleriniň bozulmasy (agramynyň köp bolmagy, bakylmanyň çenden aşa derejesi, öri meýdanlaryň dolanşygynyň ýoklugy);
  • Ýer serişdelerini durnukly dolandyrmagyň usulyýetleri we usullary boýunça ýerden peýdalanyjylaryň potensialynyň ýetmezçilik etmegi;
  • Ýerleriň degradasiýasy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine habarlylygyň ýetmezçiligi we ilatyň giňişleýin toparlarynyň çekilmezligi.
  • Topraklaryň çölleşmesiniň we şorlanmasynyň hadysasynyň artmagynda durmuş jähtlerine hem wajyp orun berilýär:
  • Suwdan peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulmasy üçin jerime temmileriniň salynmagynyň mehanizminiň ýol goýulmazlygy we suw we ýer serişdelerinden netijeli peýdalanylmagy üçin höweslendirmeleriň ýoklugy sebäpli, fermerlerde önümçiligi we önümliligi artdyrmak üçin höwesiň ýoklugy;
  • Ýarym çöllük, we aýratyn hem çöllük sebitleriniň ýaşaýjylarynyň ýangyç (kömür, gaz we başg.) ýeterliksiz merkezleşdirilen üpjünçiligi, bu topragy goraýjy wezipesini ýerine ýetirýän gyrymsyz agaçlary we ýarym gyrymsyz agaçlary ýok etmek bilen uly göwrümlerde odunlary taýýarlamaga mejbur edýär. Beýle ýagdaýda agaçlar we gyrymsy agaçlar bilen biologiki taýdan baglanyşykly köp ösümlikler Floradan ýok bolup gidýärler.  

Suw ölçeýji enjamlar ýok, suwuň meýdana berilmegi “göz çeni” bilen amala aşyrylýar, ösümlikleriň biologiki talaplaryny we topragyň suw-fiziki häsiýetlerini nazara almazdan amala aşyrylýar. Köplenç ýagdaýlarda suwarymlary, ýerlikli kadalardan iki esse diýen ýaly artyk göwrümde geçirýärler, bu ýerasty suwlarynyň artykmaç mukdarynyň emele gelmegine we ýerleriň batgalyklara öwrülmegine getirýär.

Aglaba meýdanlarda şorlanan ýerleriň buwulmagy (ortaça derejesinden başlap) ýerleriň drenirlenmesiniň gowşak şertlerinde we ýerasty suwlarynyň beýikde durýan şertlerinde geçirilýär. Ýeterlikli drenirlenmeýän şertlerde ýuwundy suwlarynyň ullakan kadalary islenilýän täsiri bermeýärler, ýerasty suwlarynyň üstüni doldurýar we şorlanmasynyň gaýtadan dikelmegini güýçlendirýär. Irrigasiýa drenaž infragurluşynyň tehniki ýagdaýynyň pes derejesi, ony saklamak üçin maliýe serişdeleriniň ýeterliksiz berilmegi, monitoring ediji gullugyň gowşaklyk etmegi – şorlanmasynyň wagtynda öňüniň alynmagyny üpjün etmeýärler.

Görkezilen amatsyz hadysalaryň jemi biodürli görnüşliligiň arryklamasyna, köne suwarymly we tebugy suwarymly öri meýdanlarynyň önümliliginiň azalmagy we onuň netijesi hökmünde, maldarçylygyň iýmlik binýadynyň erbetleşmesini, onuň yzyndan bolsa, uzak çöllük we ýarym çöllük etraplarda ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegini ýüze çykardy. Degradirlenen we şorlanan ýerleriň aglaba bölegi üçin amatsyz üýtgeşmeler dikeldip bolmaýan häsiýeti edindiler.

Merkezi Aziýada (MA) ýerleriň çölleşmesi we degradasiýasy bilen baglanyşykly her ýyldaky ýitgilerine, meselem, Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Gazagystanda, 2,5 milliard dollara barabar baha berilýär. Iri maýa goýumlaryň goýulmadyk we adamyň zähmetini ulanmazdan olaryň dikelmegi, esasan hem olary öz-özünden dikelmegi düýbünden mümkin bolmaýar.

 

Şorlanan topraklarda bioekarançylyk tehnologiýasyn ornaşdyrma: IKBA-SAK ylmy tejribeleriniň netijeleri

 

ŞORLANAN TOPRAKLARDA OBA HOJALYGYNY ALYP BARMAGYŇ TEHNOLOGIÝASY (OBA HOJALYK TEJRIBESI) 


Şorlanma gurak we ýarym gurak etraplarda oba hojalygynda global mesele bolup durýar. Şol sebäbe görä, her ýylda oba hojalyk niýetli ýerleriň 1,5 mln. ga köp meýdany ýitirilýär. Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin ikilenji şorlanan ýerleriň uly meýdanlarynyň barlygy mahsus bolýar. Topraklaryň profillerinde duzlaryň ýokary konsentrasiýasy beýle ýerlerde adaty oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik bermeýär. Manysy boýunça, bu ekmäge ýaramsyz ýerler. Bu ýerlerde agaç görnüşli, gyrymdy we otlak ýabany ösýän galofitleriň we duzlara durnukly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetli ekologiki ähmiýeti bardyr.

Biologiki meliorasiýa ulgamy ýerleriň ýagdaýyny gowulaşdyrýar, olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrýar, şeýle hem şorlanan, manysy boýunça ekmäge ýaramsyz ýerlerde ýokary ýokumly we energiýadan diýgunlaşan iýmleriň öndürilmegini üpjün edýär, agroekoulgamlaryň ýagdaýyny we işleýşini bir wagtyň özünde gowulandyrylmagynda olaryň oba hojalygyň dolanşygyna çekmäge mümkinçilik berýär. Biomeliorasiýada we Özbegistanyň arid zolagynyň şertlerinde marginal ýerleriň önümliliginiň ýokarlanmagynda ýabany ösýän galofitleriň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Galofitler – şorlanan ýerlerde we şor suw bilen suwarylanda hem gowy ösýän ösümlikler. Olar duzy siňdirýärler we topraga zelel ýetirmeýärler. Merkezi Aziýanyň florasynda galofitleriň 760-dan gowrak görnüşleri bar. Beýle entek az belli bolan doly ulanylmaýan fitoserişdeler we oba hojalygy, lukmançylyk we ýurduň ykdysadyýet ulgamynda giňişleýin ulanylmaýanlygyna galýar. Birnäçe galofitler adamlar, şeýle hem haýwanlar üçin gowy iýmit bolýarlar, beýlekileri senagat üçin bioenergiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hökmünde gyzyklanma döredýär.

Aral deňziniň howdanynyň çäklerindäki emeli kölleriň golaýyndaky şorlanan ýerleriň galofitleri ulanmak bilen dikeldilmegi, töweregindäki etraplaryň ykdysadyýetiniň derejesiniň ýokarlanmagyna itergi bererler.

Meýdan işleri galofit ösümlikleriniň ykdysady serişde hökmünde – ýerli ilat üçin iýmit önümleri, haýwanlar üçin iýmler, bioýangyç hökmünde potensialyna baha berişiň geçirilmegine, şeýle hem güýçli şorlanan topraklarda adaty ekinleriň oba hojalyk önümçiligini saklamak ýa-da dikeltmek üçin gönükdirilýär. Galofit ösümlikleri boýunça taslamanyň esasy wezipeleri bolup durdy:  


  • Ösümlikleriň biomassasynyň ösüşiniň, ösmeginiň dinamikasyny we olaryň toprakdan duzy siňdirmeginiň işjeňligini häsiýetlendirmek;
  • Ýokumlylyk gymmatynyň potensialyny kesgitlemek;
  • Olaryň topraga we suwuň hiline ýetirýän täsirini barlamak;
  • Galofit oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegini we toprak-suw-ösümlik ulgamynda duzlaryň migrasiýasynyň dinamikasyny modelirlemek;
  • Azyk hopwsuzlygyny üpjün etmek üçin ykdysady netijeliligine baha berişi geçirmek;
  • Çykdajylaryň seljerişini geçirmek we beýle adaty däl ekinleriň ulanylmagyna fermerlerde gyzyklanmany döretmek we soňra olary bu işe çekmek maksady bilen olar ösdürilip ýetişdirilende ykdysady peýdalaryny görkezmek.  

Görkezilýän meýdançalardan şorlanmasynyň görnüşini we derejesini, ýokumly elementleriň mukdaryny kesgitlemek üçin topraklaryň nusgalarynyň seljermesi geçirildi. Marginal ýerlerde duzlara durnukly ekinleriň biomassasyny ulanmagyň netijeliligini öwrenmek boýunça meýdan synaglary geçirildi. Birnäçe galofitleri ösdürip ýetişdirmek üçin tehnologiýalaryň degişli bukjalaryny işläp taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýe boldy. Adaty ekinler bilen bilelikde sorgo, afrikan prosasyny, artişogy we buýany zolakly ekişinde ösdürilip ýetişdirilende fitomelioratiw täsiri, nusgalyk fermer hojalyklarynda, şorlanmaly degradirlenen öri meýdanly ýerler bilen deňeşdirilende girdejileriniň 2,5 esse köpelmegine getirdi. Galofitleriň 60-dan köpräk görnüşlerinde ýerüsti biomassasynyň ýokumlylygyna baha beriş geçirildi. Olardan 20 sany görnüşleri beloklara, lipidlere we uglewodorodlaryň mukdaryna has baý bolýar, bu bolsa mallary iýmitlendirmek üçin iýmlik potensialynyň barlygyny aňladýar. Hususan hem, selme uzak möhletli güýz-gyş öri meýdanlaryny gowulandyrmak we/ýa-da döretmek üçin maslahat berilýär, çünki bu ösümlik çägesow toprakly we aşgarly topragyň şorlanma derejesini gowulandyrýar we dikeldýär. Beýle galofitiň köklerine, ýagny buýana (süýji buýana) senagat ulgamy tarapyndan bazarda ýokary isleg bildirilýär.

 

GALOFITLERI ULANMAK BILEN TOPRAKLARDAN DUZLARY AÝYRMAK 


Galofitler topraklardan şorlary aýyrmak üçin we fitomeliorasiýasy üçin ulanylyp biler, çünki olardan köpüsi duzlary toprakdan ýa-da suwarym suwundan çekip almak bilen ýerüsti biomssasynda toplamaga ukyply bolýar. Ýerleriň şorlanmasynyň aýrylýan wagty takmynan 3-5 ýyl, şorlamanyň örän ýokary derejesinde we 6-7 ýyla deň bolýar. Beýle çäreleriň netijesinde bu ýerler adaty oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylyp biler.

Galofitleriň duzlary aýryjy täsiri şeýle böleklerden ybarat bolýar. Ýarym çöllükleriň topragynyň bir metrlik gatlagynda güýçli şorlanan ortaça toýunly topraklarda duzlaryň mukdary 48 t/ga çenli deň bolýar. Ýerüsti böleginiň 18-20 t/ga fitomassasynda galofitler bir ýylda toprakdan 1 ga-dan duzlaryň 8-10 tonnasyny çykarýarlar. Toprygy kölegeledip, galofitler bugarmagyna we onuň bilen baglanyşykly duzlaryň topragyň ýokarky gatlagyna çekilmegine päsgelçilik berýärler. Ýaşyl mulçanyň täsiri duzlaryň 2,5 tonna/ga deň bolýar. Netijede, galofitler ekilen meýdançada, toprakdan duzlaryň çykarylyş hadysasy ýylda 10-12,5 tonna çenli ýetýär.

Galofitleriň kömegi bilen topragyň şoruny aýyrmak, toprakdan medeni ösümlikleri üçin zyýanly duzlary aýyrmagyň ýeke-täk usuly bolup durýar. Drenažda, ýuwmalarda we suwarymyň ýuwujy düzgüninde duzlar topragyň profilinde diňe gaýtadan paýlanylýar, emma biologiki aýlanyşdan çykarylmaýarlar.

AÖB tarapyndan maliýeleşdirilýän, “Ýagty Tegmiller” IWMI/IKARDA/IKBA bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, görkezildi, ýagny şorlanan suwarymly ýerleriň netijeli özleşdirilmegi üçin bir wagtyň özünde gymmat derman we iýmlik ekini bolup durýan ýalaňaç buýan gelejekli biomeliorant boldy. Syrderýa welaýatynyň şertlerinde we Merkezi Garagumda şorlanan suwarymly ýerlerde ýerasty suwlarynyň ýüzleý ýerleşmeginde buýan 1 gektardan – 608 tonna bede berýär we 8-10 tonna buýan köküni berýär – ol dermançylyk we iýmit senagaty üçin gymmat bahaly çig mal bolup durýar. Kökleri gazylyp alnandan soňra (5 ýyldan) suwarymly ýerler, günebakar, arpa, tritikale we başg. ýaly duza azrak durnukly ekinleri ulanylyp biler.

Atripleksiň köp ýyllyk ösümlikleriniň görnüşleri ulanylanda hem şoňa meňzeş netijeler alyndy, olar mallar üçin ajaýyp iým bolmak bilen, şorlanan topraklarda gür jeňňellikleri emele getirýär, ýabany ösümlikleriň dikelmegine, topraklaryň melioratiw häsiýetleriniň gowulanmagyna itergi berýär.

Atripleksiň köp sanly görnüşleri ýerli ilat tarapyndan ýangyç hökmünde ulanylyp biler. 

 

SUW BASAN ŞORLANAN ÝERLERDE BIODRENAŽ 


Suwarymly şorlanan ýerlerde agaçlardan- gyrymsy agaçlardan gorag agaçlarynyň döredilmegi (derek, inçe ýaprak igde, tut agajy, beýi, hurma, wýaz we başg.) ýerasty suwlarynyň derejesiniň peselmegine itergi berýär.

Suwaryş kanallaryndan süzülip çykýan suwlaryň ähmiýetli bölegini tutup alyp we ulanmak bilen, olar biologiki drenažyň wezipesini ýerine ýetirýärler. Arid zolagynda wegetasiýa döwründe bu ösümliklere baglylykda suwuň 15-den 221 müň m3/ga bugarýar, bu meýdanlarda ýerasty suwlarynyň ýokary galmagyna we olaryň ikilenji şorlanmasyna päsgelçilik berýär.

Bu batgalyga öwrülmäge garşy göreşiň arzan bahaly we ekologiki taýdan arassa serişdesi. Beýle ýagdaýda şular wajyp bolýar: 


  • Ýokary biodrenaž ukyply agaçlaryň görnüşlerini ulanmak;
  • Agaçlaryň plantasiýalaryny az irrigasiýa şertlerinde döretmek;
  • Fermerlere suwarymyň azaldylan kadalaryny ulanmagy öwretmek;
  • Agaçlaryň ekilmeginiň guralmagyna kömek bermek (nahallar we tokaýlary köpeltmek boýunça bilimleri ýokarlandyrmak).

 

AGROTOKAÝ YLMY (Agaçlaryň görnüşlerini garyşdyryp ekmek, şol sanda gadymy suwarymly ikilenji şorlanan ýerlerde ýabany ösýän we miweli agaçlary ekmek) 


Tehnologiýa Aç sähranyň, Amyderýanyň Aşak başlarynyň, Syrderýanyň we Zarafşanyň güýçli şorlanan we batgalyga öwrülen ýerlerinde marginal ekiş ýerlerinde synagdan geçirildi. Duza we guraklyga durnukly agaçlardan plantasiýalar döredildi, esasan hem derek, igde we söwüt agaçlaryndan, esasan hem azoty berkidiji we ýokary biodrenaž ukyply plantasiýalar döredildi.

Beýle ýerlerde köp maksatly agaçlaryň görnüşlerini ekmek (derek, wýaz, garagaç, igde, tut agajy), miweli agaçlary (beýi, hurma, ýabany ösýän armyt, garaly, alma agajy we başg.) topragyň hasyllylygynyň dikelmegine we olaryň oba hojalygynda ulanyş ulgamyna gaýtarylyp berilmegine itergi berýär. Taşlanan ýerler ilaty ýangyç we gurluşyk agaç materiallary bilen, derman serişdeleri, iýilýän miweler, mallary – ýaprakly iýmler we beýleki önümler bilen üpjün edip, kesgitli maliýe peýdasyny berip başlaýarlar.

Agaçlaryň görnüşlerini we gyrymsy agaçlaryň görnüşlerini oýlanyp saýlanmasy transpirasiýanyň (biodrenaž) batgalaşmasynyň azalmagyny we topraklaryň şorlanmagyna gözegçiligi üpjün edýär; aýratyn görnüşleriniň azoty berkidiji ukyplylygyny, topragy azot bilen baýlaşdyrýar, gaçan ýapraklaryň gumusyny üpjün edýär. Uzak dowamly gelejekde agaç ekilen meýdança ulanylandan soňra, meýdançalary gaýtadan sürülýän ýerleriň derejesine täzeden yzyna gaýtaryp bolýar (yzygiderli agrotokaý hojalygy) ýa-da olary tokaý agaç ekinleri üçin ulanylmagyny dowam edip bolar.

Oba hojalyk ýerleriniň önümliligini ýokarlandyrmak, agroekoulgamlaryň dikeldilmegi we oba ýerlerinde ýaşaýyş serişdeleriniň gowulandyrylmagy oba hojalyk ekerançylygynda agaçlaryň plantasiýalaryny ornaşdyrmagyň ýoly bilen üpjün edilýär.

Ýeri taýýarlamak öz içine meýdançanyň meýilnamalaşdyrylmagyny, sürülmegini we ýerleri şorlanmadan ýuwmagy alýar. Dürli agaçlaryň nahallaryny 1х1.75 m arassa hatarlar bilen shema boýunça ekýärler, her 5-7 hatardan gezekleşdirip ekýärler. Gür ekilmeler eýýäm ilkinji ýyllarda seýrekleşdirmegiň ýoly bilen biomassany ýygnamaga mümkinçilik berýär (ýangyja, ýaprakly iým). Ýuwaş-ýuwaşdan hatarlaryň arasyndaky giňlik 3-5 metre çenli köpeldilýär. Soňra biomassany agajyň ýokarky pürlerini rejeli kesmegiň ýoly bilen alýarlar. Suwarymlar ilkinji 2 ýylyň dowamynda peseldilen kadalar bilen amala aşyrylýar (10-30%). Soňra suwarmalary bes edýärler we agaçlar ýerasty suwlary ulanýarlar.

Fermerleriň girdejileriniň diwersifikasiýasy üçin şorlanan taşlanan ýerlerde miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek aýratyn gyzyklanmany döredýär. Biziň tejribelerimizde iň gowy netijeler hurma, erik, tut agaçlary, armyt, beýi ekilende alyndy, biraz az derejede nar we ülje agaçlary ekilende, ýabany ösýän gyrymsy agaçlar – ýemşen, smorodina we kryžownik ekilende alyndy. 

 

ÝERLI GÖRNÜŞLERDEN TEBIGY HAÝATLARY DÖRETMEK (ÝYLGYN, OBLEPIHA, TURANGA WE BAŞG.) 


Tehnologiýanyň maksady güýçli degradirlenen tokaýlaryň gowulandyrylmagynda we ilata elýeterligi çäklendirip täze meýdançalaryň döredilmeginde we mallaryň gözegçilikde saklanylmaýan bakylmasynyň öňüni alýar. Ýylgynyň çybyklary fewralyň başynda ýeňil ýa-da güýçli şorlanan topraklarda bir-birinden 0,5 metr aralykda kiçiräk suwaryş kanallarynyň uzaboýuna haýatyň perimetriniň içerki tarapyndan ekilýärler. Ýaz-tomus möwsüminiň dowamynda bu nahallar ösýärler we hakyky tebigy haýata öwrülýärler, ol gorag wezipesini ýerine ýetirýär. Tokaýlaryň dikeldilýän meýdanynda söwüdiň we deregiň çybyklary ekilýär we miweli agaçlar bilen gezekleşdirilýär.

Timariksden tebigy haýatyň beýikligi 1,5-2 metre çenli. Bir gezek ekilenden soňra, timariksiň çybyklary meýdançanyň perimetri boýunça ygtybarly germewi emele getirýärler, ekilen agaçlara, tohumly meýdançalara, bakja ekinlerine goragy üpjün edýär. Oblepiha dermanlyk çig maly hökmünde aýratyn gyzyklanmany ýüze çykarýar. 

 

ZOLAKLAÝYN-GARYŞDYRYLAN EKIŞLER (GALOFITLER, KÖSÜKLILER, DÄNELILER WE BAŞG.) 


Bu tehnologiýa ýabany ösýän galofitleriň tebigy jeňňelikleriniň içinde, iki sany niýetlenilýän iýmlik ekinleriniň şorlanmaga durnuklylygynyň derejesi boýunça dürlilerini bir wagtyň özünde giňişleýin zolaklarda ekilmegini göz öňünde tutýar.

Ýabany ösýän galofitlerde suwy saklamak we toprakdaky duzlary sorup çykarmak üçin mümkinçilik bolýar, duza az durnukly ekinleriň ösüşi we ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýärler. 

 

ÖRTÝÄN EKINLERI (MULÇIRLEME) ÖSDÜRIP ÝETIŞDIRMEGIŇ ÝOLY BILEN ŞORLANAN TOPRAKLARYŇ HASYLLYLYGYNY ÝOKARLANDYRMAK WE GURLUŞYNY GOWULANDYRMAK 


Toraklary işlemegiň agrotehniki usullaryny geçirmegiň mümkin bolmaýan güýçli şorlanan we batgalyga öwrülen topraklarda (yzgarly şor topraklarda) kökleriň ýaşaýan gatlagyndaky bugarmany azaltmak we artykmaç duzlaryň toplanmagyny azaltmak maksady bilen topragyň gür örtügini döretmek üçin pytratma usuly bilen ekilýän bir ýyllyk güýzlük kösükli, rapsy we başg. ulanmak teklip edilýär. Netijede, ýazda bu ýerler sürülýär, ol ösümlikler bolsa “ýaşyl dökünler” – mulçi hökmünde ulanylýarlar.  

    

ŞORLANAN DEGRADIRLENEN ÝERLERDE GALOFITLERDEN ÖRI MEÝDANLARY DÖRETMEK 


Soňky on ýyllyklarda klimatyň üýtgeşmeleriniň we aridleşmesiniň şertlerinde, şorlanma hadysasynyň güýçlenmesiniň, şemallar sebäpli eroziýanyň we antropogen täsirleriň şertlerinde, Özbegistanyň Günort-Günbatar böleginfr ägirt çäkler degradasiýa bolan meýilligi ýüze çykarýarlar. Oba hojalygyň, maldarçylygyň, suw we ösümlik serişdeleriniň rejesiz ýöredilmeginiň netijesinde çöllük öri meýdanlary, iýmlik massasynyň ätiýaçlyklarynyň olaryň potensial mümkinçiliklerinden pes antropogen-transformirlenen landşaftlar bolup durýar. Çöllük öri meýdanlarynyň häzirki zaman ýagdaýy iýmleriň önümliliginiň we hiliniň güýçlenýän erbetleşmesi, şeýle hem mallaryň baş sanynyňçäkli ýa-da çendenaşa köp jemlenmegi, esasan hem daýhan we şahsy sektorlaryň jemlenmesi bilen häsiýetlendirilýär. Ýokarda görkezilen ähli faktorlar biodürli görnüşliligiň azalmagyny, tebigy öri meýdan ekoulgamlarynyň önümliliginiň azalmagyny we onuň netijesi hökmünde maldarçylygyň iýmlik binýadynyň erbetleşmesi, onuň yzyndan bolsa ýerli ilatyň ýaşaýyş hiliniň erbetleşmesi ýüze çykýar. Öri meýdanlaryň şorlanmasynyň netijesinde (ojaklaýyn şor ýerler) degradirlenen ýerleriň ýarysy üçin, amatsyz üýtgeşmeleri yzyna gaýtaryp bolmaýan häsiýeti edindiler – iri goşantsyz olaryň dikeldilmegi mümkin däl ýa-da beýle maksatlar üçin goraghana düzgüniniň uzak dowamly döwrri talap edilýär.

Ýabany ösýän floranyň köp sanly wekilleri, olardan ösümlikleriň seriödeleri jemlenýärler, ekologo-biologiki we ekologo-fitosenologiki taýdan gowşak öwrenilen, bu olaryň ekinlere girizilmegini we emeli köp ýarusly öri meýdan fitosenozlarynyň döredilmegini kynlaşdyrýar (Gintzburger et al., 2003; Toderich et al, 2009).

Häzirki wagtda ekinlere iýmlik ösümlikleriň täze görnüşlerini we sortlaryny girizmegiň zerurlygy sebäpli, çölleriň ösümlikler örtüginiň integrirlenen we ulgamlaşdyrylan görnüşde öwrenilmeginiň we olaryň seleksiýa edilme usulyýetlerini tohumçylygyň we tohumlara gözegçiligiň usulyýetleriniň işlenip taýýarlanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Görnüşleriniň we görnüşleriniň içinde geçirilen seleksiýanyň netijesinde 15 sany gelejekli görnüşleri we ekotipleri tapyldy, olar ösümlikler biomeliorantlar hökmünde, şeýle hem energiýadan doýgunlaşdyrylan iýmleri öndürmek üçin we ikilenji şorlanan topraklarda we şor suw bilen suwarma şertlerinde dermanlyk çig maly hökmünde ýaramly bolýarlar. Şu ösümlikler gelejekde ulanmak üçin ýaramly boldular: dugaýaprakly sweda, ýitileşen sweda, täsin sweda, bag selmesi, selmeler, ýumşajyk klimakoptera, ak selme, gündogar ketgen, soleros, weniçnaýa kohiýa, ýalaňaç buýan, şorlukda ösýän ýowşan we başgalar. Galofitleriň saýlanyp alnan görnüşleri 10-12 tonna gury iýmlik massasyny, 1-1,5 tonna tohumlary emele getirýär we çägesow topraklarda şor suw bilen suwarylýan şertlerinde proteiniň 1,5 tonna çenli alynmagyny üpjün edýär.

Barlaglar görkezdiler, ýagny, dürli-dürli ekologiki toparlary öz içine alýan melioratiw ekiş dolanşygynda topraklaryň şorlamadan çykma döwri, şorlanmanyň ortaça derejesi şertleri üçin 4-5 ýyla deň bolýar.

Esasy tehnologiki amallar (möhletleri dag etegindäki ýowşan-efemer Nuraty çöli üçin getirilýär, zolaklaýyn-tipiki boz ýarym çöllük, kaştan we garamtyl-kaştan topraklarda, irki ýazda ini 12-den 50 metre çenli çuňlugy 16-18 sm zolaklaýyn gaýtadan işlemesi geçirilýär, düzgün bolşy ýaly, agdyklyk edýän şemallaryň ugruna keseligine. Ondan soňra, maý-iýunda, haşal otlaryň gürlügine we topragyň üstüniň dykyzlanmagyna baglylykda çuňlugy 6-8 sm kultiwasiýa amala aşyrylýar. Güýzde (noýabr) we gyşda (dekabr-fewral) dürli ýaşaýyş görnüşlerindäki iýmlik ösümlikleriň tohumlarynyň garyndysynyň ekişi geçirilýär – ýarym gyrymsy, bir ýyllyk we köp ýyllyk otlaryň, köplenç garyň aşagynda, şeýle edilse tohumlaryň tebigy sttratifikasiýasy gazanylýar we süýji suwda maýsalaryň dolulygy alynýar (güýdäki ýagyşlar we gar topragyň ýokarky profillerinde duzlaryň tebigy aşgarlanmasyna getirýär). 

 

IÝMLERI ÖNDÜRMEK ÜÇIN ARTEZIAN MINERALLAŞDYRYLAN SUWLAR (ÇÖLLÜK-ÖRI MEÝDAN MALDARÇYLYGYNY GOWULANDYRMAK) 


Mehaniki düzümi boýunça ýňil çöllük topraklarynyň suwarylmagynda minerallaşdyrylan suwlary ulanyp bolýar. Beýle ýagdaýda, galofitleriň ekiş dolanşygyna ornaşdyrylmagy, olar toprakdan duzlaryň 40% çykarýarlar, şor suwlary ulanmagyň ekologiki ýaramlylygynyň hökmany şerti bolup durýar.

Bu tehnologiýa Gyzylgum çölünde, Nowaýy welaýatynyň Kenimeh etrabynda üstünlik bilen synagdan geçirildi. Gyzylgumda ýaşýan ilat, adatça maldarçylyk bilen meşgullanýar, ol ýaşamak üçin esasy serişde bolup durýar we maşgala süýşürintgilerini toplamagyň özboluşly wezipesini ýerine ýetirýär.

Girdejilerini köpeltmek maksady bilen ilat, öri meýdanlaryň meýdanyny we ýagdaýyny nazara almazdan mallarynyň baş sanyny köpeldýär. Ulgamlaşdyrylmadyk mal bakylmasy we öri meýdanlaryna çendenaşa agram düşmesi biologiki dürli görnüşlilige hoszp salýar. Iýmleriň öndürilmeginiň guramaçylygy iýmleriň ätiýaçlygyny döretmäge we öri meýdanlaryna düşýän agramy azaltmaga mümkinçilik berer.

Kenimeh etrabynda 63 sany artezian skwažinalary bar, olaryň binýadynda 350-400 ga meýdanda suwarymly ekerançylygy gurap bolýar. Skwažinalaryň suwunda neýtral turşulyk reaksiýasy (pH-7,4) bar we ortaça şorlanmasy (Ec= 5,6-8,3 dS/m) deň. Gyzylgum çölünde beýle tehnologiýany 25 000 ga meýdanda ornaşdyryp bolýar, bu her gektardan samanyň 3-5 tonnasyny almaga we güýzlük bugdaýyň 1,5-2,0 tonnasyny, mekgejöweniň, sorgo we prosanyň silos massasynyň 48-78 tonnasyny, lýuserna bedesiniň 144-150 s/ga, buýanyň ýerüsti fitomassasynyň 23 t/ga bedäni almaga mümkinçilik berer. Galofitleri 5,0-10,0 tonna/ga çenli bedäni öndürýärler. Gyzylgumda minerallaşdyrylan artezian suwlarynda suwarymly ekerançylykdan sap girdeji bir ýylda 1,5 mln. sum/ga deň bolýar.  

 

SAÝLAMA ENERGIÝANY ÖNDÜRMEK ÜÇIN GALOFITLERI ENERGETIKI EKINLER HÖKMÜNDE ULANMAK (BIOGAZY ÝA-DA BIOÝANGYJY) 


3 ýylyň dowamynda IKBA, Özbegistanyň Milli Uniwersiteti we Kitakiuşu Uniwersiteti (Ýaponiýa) bilen hyzmatdaşlykda, saýlama energiýasynyň (biogazyň) dikeldilýän çeşmesi hökmünde galofit ösümlikleriniň potensialyna baha beriş boýunça tejribeleri geçirýär.

Görkezildi, ýagny, adaty oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek mümkin bolmaýan şorlanan ýerlerde ösüp ýetişýän galofitleriň biomassasy (swedalar, salikorniýalar, kaspiý kareliniýasy, klimakoptera, atripleks, bir ýyllyk ketgen we başg.) biogazy öndürmek üçin ulanyp bolýar. Gury maddanyň 1 tonnasyndan biogazyň 300-400 m3 çenli alyp bolýar.

Beýle tehnologiýa hem ýabany ösýän galofitleriň ulanylmagyny, şeýle hem mümkin beýleki peýdaly galofit ösümlikleri ýa-da oba hojalyk ekinleri bilen utgaşdyrylýan emeli plantasiýalaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. 

 

SUWARYŞ ÜÇIN ÝÜZLEÝ AKYMY ÝYGNAMAK (ÝAÝ) 


Güýçli ýagyşlaryň ýagýan hadysalarynyň köpelmegi, ýagyşly günleriň azalmagy, garyň ir eremegi bilen bir hatarda, ekiş döwrüniň iň wajyp pursatlarynda suwa elýeterliligiň azalmagyna getirdi. ÝAÝ tehnologiýalarynyň topary, bu üçeklerden ýagyş suwlaryny ýygnamak boýunça ortaça çykdajyly uzak dowamly çözgütler bolup durýar we dag çeşmeleriniň suwlarynyň galofit biomassasynyň biogaza biodegradasiýasy boýunça barlaghana oýlap tapyşlary bolup durýar.

Güýçli ýagyşlaryň ýagýan hadysalarynyň köpelmegi, ýagyşly günleriň azalmagy, garyň ir eremegi bilen bir hatarda, ekiş döwrüniň iň wajyp pursatlarynda suwa elýeterliligiň azalmagyna getirdi. ÝAÝ tehnologiýalarynyň topary, bu üçeklerden ýagyş suwlaryny ýygnamak boýunça ortaça çykdajyly uzak dowamly çözgütler bolup durýar we dag çeşmeleriniň suwlarynyň galofit biomassasynyň biogaza biodegradasiýasy boýunça barlaghana oýlap tapyşlary bolup durýar.

Güýçli ýagyşlaryň ýagýan hadysalarynyň köpelmegi, ýagyşly günleriň azalmagy, garyň ir eremegi bilen bir hatarda, ekiş döwrüniň iň wajyp pursatlarynda suwa elýeterliligiň azalmagyna getirdi. ÝAÝ tehnologiýalarynyň topary, bu üçeklerden ýagyş suwlaryny ýygnamak boýunça ortaça çykdajyly uzak dowamly çözgütler bolup durýar we dag çeşmeleriniň suwlarynyň galofit biomassasynyň biogaza biodegradasiýasy boýunça barlaghana oýlap tapyşlary bolup durýar. 

 

GALOFITLERIŇ TOHUMLARYNY KÖPELTMEK WE ÖNDÜRMEK ÜÇIN NAHALHANALARY DÖRETMEK 


Şorlanan topraklarda lýusernanyň tohumlaryny öndürmegiň tehnologiýasy we fermer hojalyklarynyň derejesinde duzlara durnukly köp ýyllyk gyrymsy agaçlaryň nahalhanalaryny döretmegiň tehnologiýasy synagdan geçirildi.

Barlaglaryň geçirilmeginiň 3 ýylyň dowamynda görkezildi, ýagny minerallaşdyrylan suw bilen suwarylmasy lýusernanyň önümliligini ähmiýetli peseldýär. Topragyň şorlanmasyna lýusernalar ýaş wagtynda aýratyn duýgur bolýarlar. Ýagny, süýji suw bilen suwarmanyň degişli görnüşleri bilen deňeşdirilende, minerallaşdyrylan suw bilen suwarmagyň görnüşleri boýunça lýusernamanyň hasyllylygy, ýaşaýşynyň birinji ýylynda 36-40% pes boldy, ikinji ýylda – 24-34%, üçünji ýylda – 16-18% pes boldy.

Lýusernanyň ýaşaýşynyň ikinji we soňky ýyllarynda suwarylýan suwda duzlaryň mukdaryna baglylygynyň peselmegi, biziň pikirimizçe şular bilen baglanyşykly, ýagny olaryň ýokary şorlulyk şertlerinde ösüp ýetişmesine uýgunlaşmasy bilen baglanyşykly. Ösdürip ýetişdirmegiň birinjy ýylynda hasylyň artmagy süýji we minerallaşdyrylan suw bilen suwarylanda degişlilikde – 3,44 we 2,03 t/ga ýa-da 72 we 69% deň boldy, ikinji ýylda – 7,60 we 4,61 t/ga ýa-da 02 we 73% üçünji ýylda deň boldy. Minerallaşdyrylan suw bilen suwarma toprakda sulfatlaryň mukdarynyň köpelmegi bilen geçdi, bu ösümlikler tarapyndan özleşdirilmeginiň gowulanmagyna itergi berdi. 

 

OWNUK-UÝGUNLAŞMA OAZIS ÇÖLLÜK-ÖRI MEÝDANLARDA EKERANÇYLYGY DÖRETMEGIŇ TEHNOLOGIÝASY (KÖP UGURLY OWNUK GÖWRÜMLI KOOPERATIWLERI DÖRETMEGIŇ ÝOLY BILEN) 


Oba hjalygyna amatsyz täsirini ýetirýän klimatyň üýtgeşmeleriniň netjelerine uýgunlaşma, ekologiki serişdeleri we hyzmatlaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň maksadynda tebigy seriödelere (ýeri, suwy we biodürli görnüşliligi) durnukly dolandyrylmagy bilen baglanyşykly. Arid ekologiki ulgamlary kilmatyň üýtgeşmelerine we antropogen täsirine has töwekgel bolup durýarlar. Çöllük-öri meýdan ekerançylygyny ösdürmegiň esasy ugry, uýgunlaşdyryjy-landşaft ekerançylygyna geçilmegidir, ol agrolandşaftlaryň tebigy-serişde potensialynyň rejeli ulanylmagyna, olaryň önümliliginiň, durnuklylygynyň we önümliliginiň ýokarlanmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Beýle tehnologiýa topraklaryň hasyllylygynyň gowulanmagyny we arid zolagynda oba hojalyk önümçiliginiň işjeňleşmesini göz öňünde tutýar.

Merkezi Aziýa sebitiniň arid zolagynyň degradirlenen şorlanan topraklarynda ownuk oazisli-landşaft ekerançylygyň durmuşa geçirilmegi we ornaşdyrylmagy, jemgyýetiň ykdysady we ekologiki bähbitlerine doly jogap berer, topraklaryň hasyllylygynyň dikelmegini saklamagyň üpjün edilmegine we tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna itergi berer we beýle esasda, ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň iýmit önümlerine bildirýän talaplarynyň ýokary derejesini, senagatda bolsa – çig mala artýan talaplaryny kanagatlandyrmak üçin oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň artmagyna itergi berer.  

читать на русском