Hurmanyň ýetişdirilişi – tohumlary, ekilişi, seredilişi we topraga berkidilişi


Hurmanyň botaniki görnüşleri

Kawkaz görnüşi

Kawkaz hurmasynyň (adaty) ösdürilip ýetişdirilýän görnüşleri ýok. Ol gündogar hurmasy üçin kök hökmünde ulanylýar. Topraga berkitmegiň netijesinde ösdürilýän ösümlikler öz çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olar aýaza we guraklyga gowy çydaýarlar, topragy düzümine ynjyk bolmaýarlar, bir toprakdan başga topraga geçirilmeklige çydamly bolýarlar.  

Wirgin görnüşi

Wirgin (wirjin) hurmasynyň ene topragy – Demirgazyk Amerikanyň günortasy. Beýikligi 20 m bolan agaçlaryň kökleri topragyň çuň doňmagyna çydaýarlar. Edil şu sebäpli bu görnüş topraga berkidilen görnüşleriň sowuk howaly sebitlere eltilmeginiň serişdesi bolýar. Topraga berkidilen nahallar gümürtik we çägeli topraklarda ösýärler. Ýöne bu ýagdaýda hurmanyň ýetişdirilmeginiň oňaýsyz taraplary bar. Ösdürilip ýetişdirilýän tohumlar – çenden aşa çyglylygy halaýarlar we bir toprakdan geçirilmegine gowy çydamaýarlar.   

Gündogar görnüşi  

Bu görnüş täze gibridleriň başlangyjy boldy. Gibridler baglarda ösdürilmek üçin örän gowy laýyk gelýärler. Gündogar görnüşi miweleriniň bal ýaly tagamy bilen meşhurdyr. Olaryň reňki açyk käşir reňkeden goýy gyzyl reňk aralygynda bolýar. Suwly miwesinde köp mukdarda kaliý, magniý, fosfor, C, E, A witaminleri we B toparynyň witaminleri bar. 

Hurma: görnüşleriniň suratlandyrylyşy

Korolýok (şokoladly)

Russiýada iň meşhur görnüş. Hurma hatda ýetişmedik ýagdaýynda-da agzyňy gamaşdyrmaýar. Onuň miwesiniň düzümi – ýumşak we krem görnüşli.

Injir (çopan telpek).

Bu görnüş beýlekilerden ir ýetişýär. Örtüginiň üsti çopan telpegiň ýaprajyklaryna meňzeş, häsiýetli çyzykly hurmany eýýäm oktýabr aýynda iýmek mümkin.

Öküz ýüregi (pomidorly)

Miweli, giç ýetişýän görnüş käşir reňkli, şäniksiz, süri miweleri berýär. Bir miwäniň agramy ýarymkilä barabar.

Bally (mandarinli).

Açyk ýiti reňkli, suwly, ýemşerdilien hurma örän mandarine meňzeş. Ol bal tagamy we köp mukdarda pektiniň barlygy bilen häsiýetlendirilýär.  Pektin holesteriniň derejeseni peseldýär we peristaltikany gowulandyrýar.

Rossiýanka  

Wirgin we gündogar hurmanyň kesişmesi arkaly emele gelen gibrid adaty däl howa şertlerinde ösdürmek üçin niýetlenen. Şeker tagamly käşir reňkli “almajyklaryň” şänikleri ýok we tagamy taýdan şerbete meňzeş.

Hurma: ýetişdirmek we seretmek

Ekiş ýeri güneşli we ýelden, şemaldan ygtybarly goralan bolmaly. Hurma howany we çygy siňdirýän, gumusa baý topraklary halaýar. Bu ösümlik şor we batlakly toprakda ösmez. Çägeli topraga hökman komposty ýa-da çürän maddany goşýarlar.

Hurmanyň açyk toprakda ösdürilmegi jikme-jik taýýarlygy talap edýär:

1.  50 litrden az bolmadyk göwrümli ekiş çukury ekişden 2 hepde ozal taýýarlaýarlar. Düýbünde 20 sm galyňlykly drenažy ownuk galkadan, ýenjilen kerpiçden ýa-da şebenden taýýarlaýarlar.

2.  24 sagat ekişden öň nahalyň köklerini kesýärler we merkezi baldagy 80 sm çenli gysgaldýarlar. Hurmany Sirkonide ýa-da Kornewinada suwa batyryp goýarlar.

3.  Gömmek üçin topraga 2 bedere kompost we 1 stakan nitroammofosky goşýarlar. Emele gelen garyndyny çukurjygyň içine tümmejik görnüşde guýýarlar we ortasynda gazyk dikýärler.

4.  Nahaly öňünden köklerini ýaýyp, çukurjugyň içine salýarlar we kök boýunjygy 5 sm düýpde ýerleşer ýaly edip, toprak sepýärler we direge daňýarlar.  

5.  Nahaly ýyly suw bilen suwarýarlar. Bir nahaly suwarmak üçin 20-30 l suw gerek.

Hurma nähili seretmeli?

Suwaryş  

Hurma suwy halaýar. Dowamly guraklyk ýapraklaryň towlanmagyna we miweleriň köplükleýin gaçmagyna getirýä. Nahallary topragyň guramagyna laýyklykda suwaryň we yssy döwürde irden suw sepelemäge ýatdan çykarmaň.    

Topragy agdaryp gowşatmak we mulçirlemek

Köklere howanyň barmagyny gowulandyrmak üçin agajyň düýbüniň daşyndaky tegelegi yzygider agdaryp gowşadýarlar. Şeýle-de topragy saman, agaç korasy, agrotekstil bilen mulçirlemek örän wajypdyr.

Iýmitlendiriş  

Hurmanyň pasylda birnäçe gezek iýmitlendirýärler. Ýazda azot berýärler tomusda – minerallaryň toplumyny, güýzde – kaliý we fosfor.   

Agajy kesmek   

Ekişden soňra birinji ýylda agajy 80 sm çenli kesýärler. Ikinji ýylda – 1,5 sm çenli gysgaldýarlar, şahalaryny bolsa – 40 sm çenli. Soňky ýyllarda galyň güýçli kronany döretmek üçin agajy kesmek gerek bolýar. Uzyn şahalar hurmanyň agramyndan ýygy döwülýärler.

Hurmany nämä we nädip berkitmek bolýar?

Hurmany nämä berkitmegiň birnäçe usullary bar. Miwe getirmekligini kepillendirmek üçin ösümligiň tohumdaş görnüşlerini ulanýarlar. Islendik ýagdaýda wegetatiw köpeldişiň munuň ýaly usuly iki ösümligiň häsiýetleriniň birleşmegini üpjün edýär. Bu prosesiň üstünlikli amala aşmagy üçin belli kadalary berjäý etmek gerek.  

Hurmany topraga name üçin berkitmek gerek

Bu ösdürilip ýetişdirilýän ösümlik ekzotiki hasaplanýar. Onuň köp görnüşleri ýyly ýurtlardan gelip çykan. Şonuň üçin sowuk howa ýagdaýy onuň gowy ösmegi we kämilleşmegi üçin amatly şertleri üpjün etmeýär. Topraga berkitmek gyşa çydamlylygyny ýokarlandyrýar, şeýle-de beýleki birnäçe artykmaçlyklary berýär:

·      Dartgynlyga garşy durmagyny, umumy çydamlylygyny ösdürýär;

·      Ekişiň we birinji hasyly almaklygyň arasyndaky araçägiň gysgalmagy;

·      Belli tohum häsiýetleri üpjün etmeklik, şol sanda miweleriň ölçegi we tagamy;

·      Tygşytlylyk – topraga berkitmek üçin ösümlik tutuşlygyna gerek däl, diňe onuň pyntygy we nahaly.

Hurmany nämä berkitmek bolýar?  


Hurmany haýsy bagyň agajyna berkitmegi saýlamakda, baglaryň uýgunlaşmagyny ýatda saklamak gerek. Iki ösümlik hem şänikli bolmaly.

Köplenç topraga berkitmegi edil hem aýaza çydamlylygyny ýokarlandyrmak üçin edýarler. Bu ýagdaýda kök hökmünde tohumdaş ösümlikleri ulanýarlar. Bu hurma wirgin (amerikan) we kawkaz. Bu görnüşleri saýlamakda, her köküň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutmak gerek:

·      wirgin (amerikan) – iň ýokary derejeli sowuga çydamlylyk, ýokary hasyllylyk;

·      kawkaz – tiz ösüş, iň gowy guraklyga çydamlylyk, güýçli kök ulgamy. 

Möhüm bellik – kök we köke berkidilýän nahal wegetasion fazalarynyň wagty boýunça biri birine laýyk bolmaly, ýagny gyşdan soň oýanmaly we takmynan şol bir wagtda güllemeli.

Hurmany beýleki miweli agaçlara hem berkidýärler:

·      alma;

·      аrmyt;

·      sliwa;

·      alyça;

·      ülje;

·      çereşnýa.

Öý şertlerinde hurmany topraga berkitmek üçin synamak üçin ekzotikany ulanýarlar:  

·      awokado;

·      nar;

·      injir;

·      mango;

·      sitruslar.

Beýleki tohumlaryň we hatda maşgalalaryň wekillerine berkidilmek diňe eksperimental maksatlary bilen we dekorasiýa üçin amala aşyrylýar. Miwe getirmeklik bolmaýar. Şeýle-de bagyň ýaşaýşynyň dowamlylygynyň kemelmeginiň howpy ýokarydyr.

Hurmanyň topraga berkidilmeginiň möhletleri   

Topraga berkidilmegi agajyň suwunyň hereket etmegine gabat gelýän wegetasiýanyň işjeň döwri heniz başlamanka amala aşyrýarlar. Möhletler ösümligiň haýsy şertlerde ösdürilýänligine baglydyr. Eger ol açyk toprakda bolsa, onda berkitmegi fewrla-mart aýlarynda amala aşyrýarlar. Haçanda gyş sebitde ýyly bolsa, onda işleri hatda ýanwarda geçirýärler.

Hurmany öý şertlerinde, açyk toprakda nädip berktimeli?

Bu ösümligiň berkidilmegini dürli usullar bilen amala aşyrýarlar. Adatça iki usul (rasşep we okulirowka) bilen amala aşyrylýar.

Berkitme köküň we berkidilýän nahalyň tohumdaşlygyna garamazdan, bir algoritm boýunça amala aşyrylýar. Tapawudy diňe netijede bolar, sebäbi görnüşler arasyndaky gibridler adatça miwe getirmeýärler, diňe dekoratiw ösümlik bolup galýarlar.

Öý şertlerinde we açyk toprakda berkitmeklik birmeňzeş amala aşyrylýar. Esasy zat – kök we berkidilýän nahal bir görnüşli bolmaly. Eger hurma otag hurmasy bolsa, onda ony öý ösümligine berkidýärler. Bag ösümlikleri üçin meňzeş köçe ösümliginiň köküni saýlap alýarlar.

Bölünen jaýryga ýa-da gabyga berkitmek

Hurma üçin bölünen jaýryga berkitmekligi ulanýarlar. Munuň ýaly usul köplenç başlaýan bagbanlar üçin laýyk bolýar. Işiň algoritmi şunuň ýaly:

1.  Köki keseligine kesmeli, töňňesini goýmaly.

2.  Üstüni arassalamaly.

3.  Berkidilýän nahalyň aşaky böleginden gabyny aýyrmaly we ony ýaýyp kesmeli. Uzynlygy nahalyň diametrinden 3-4 esse artyk bolmaly.

4.  Töňňe-nahalda dik bölünen jaýrygy taýýarlamaly. Ol çuňlugy bilen berkidilýän nahalyň ýaýylyp kesilen ýerine gabat gelýär.

5.  Jaýryga onuň açyk durmagy üçin üç burçluk ýa-da ýasy otwýortkany salmaly.

6.  Berkidilýän nahaly salmaly, jaýrykdan diregi aýyrmaly.

7.  Berkidilýän nahaly durnukly edip bolýar. Ony bekridilýän nahalyna mäkäm birleşdirmeli. Izolýasion ýa-da polietilen lentany, skoçy ulanmak bolýar. 

8.  Parnik täsirini döretmek üçin berkidilen ýerini polietilen paket bilen ýapmaly. Howalandyrmak üçin hökman birnäçe deşik ýasamaly.

Ýapraklar çykanyndan soňra berkidilen ýerdäki paketi ýuwaşdan açýarlar. Haçanda köpräk şahalar çykanda we üstünlikli netije görnende, lentany aýyrýarlar we berkidýärler.

Möhüm bellik – usul üçin jaýryga berkidilýän nahaly we köki olaryň galyňlygy deň bolar ýaly edip saýlamaly. 

Agajyň gabyna berkitmegi edil şunuň ýaly amala aşyrýarlar. Kökde we berkidilýän nahalda kese kesimleri edýärler, soňra olary gabat getirýärler we berkidýärler.

Hurmanyň okulirowka usuly bilen berkidilmegi

Bu usul kynrak, şonuň üçin eýýäm tejribeli bagbanlar üçin laýyk bolar. Bu ýagdaýda nahaly däl-de, eýýäm geçen ýylda dörän pyntygyny ulanýarlar. Okulirowka usuly bilen topraga berkitmegiň algoritmi şunuň ýaly:

1.  Kök agajyndan artykmaç şahalary berkitmek üçin bellenilen ýerinden aýyrmaly.

2.  Üstüni arassalamaly, tozanyny we hapasyny aýyrmaly.

3.  Gabyny “T” şekilini döredip kesmeli. Muny agajyň daşyna degmez ýaly edip etmeli.

4.  Berkidilýän nahaly taýýarlamaly, onuň pyntygyny kesip aýyrmaly. Ony gabyň bölegi bilen 3-4 sm diametrli aýyrýarlar. Pyntyk ortada bolmaly.

5.  Dik “T” şekilli kesimde gaby çete epläp usullylyk bilen aýyrmaly.

6.  Emele gelen penjirejige berkidilýän nahaly oturtmaly. Ýapyk kesimiň gyralary pyntyga degmeli däl.  

7.  Gerek bolan ýagdaýda gabyň artykmaç ýerlerini kesip aýyrmaly.

8.  Berkidilýän nahaly atanak görnüşinde lenta bilen berkitmeli. Pyntyk açyk galmaly.

9.  Berkidilen ýeriniň daşyny bagbançylyk gaýnagy bilen işläp arassalamaly.

10. Haçanda pyntykdan ösümlik çykyp başlanda, hurma berkidilen nahalyň berkidiş ýerini ýuwaşdan gowşadýarlar. Onuň uzynlygy 10 sm ýeteninde, lentany aýyrmak bolýar.

Berkidilýän nahaly taýýarlamakdan başlap bolýar. Bu nahalyň kökünde anyk gerekli ölçegde kesim etmäge mümkinçilik berýär.

Bellik! Berkidilýän nahalda kesimi okulirleýän pyçak bilen edýärler. Eger munuň ýalu gural ýok bolsa, onda skalpel ýa-da howply syryş üçin ýiti pyçak laýyk bolar.

Okulirowka bilen hurmanyň berkidilişi dogry amala aşyrylanda, pyntygyň ösüşi takmynan iki hepdeden soňra başlanar. Eger bir aý geçeninden soňra emele gelen nahal guramaýan bolsa, onda amal üstünlikli ýerine ýetirilen.

Хурма - прививание

Surat 1. Okulirowka bilen hurmanyň berkidilişi hökman “T” şekilli bolmaly däl, atanak şekilinde hem bolup bilýär. 

Hurmanyň adatça berkidilişi barada wideony görüň. (ýigrimi ýyl tejribeli bagban, Gudaut etrabynyň Abgarhuk obasynyň ýaşaýjysy gennadiý Arçeliýa, kanal RT-Abhaziýa).

Maslahatlar we ýygy ýalňyşlar

1.  Möhletleriň berjaý edilişi. Has irki berkidiş işleri ýatan kökden iýmitiň ýoklugy sebäpli bekidilýän nahalyň guramagyna getirýär. Giç berkidişde bolsa, birleşdirilen dokumalar köplenç çüýreýärler, heňleýärler.

2.  Berkidilýän nahalyň kök bilen baglanyşýan meýdançasynyň ululygy. Näçe az olar birleşdirilen bolsalar, şonçada üstünlüge mümkinçilikler az bolýar.

3.  Kesýän guralyň ýiti alynmagy. Kütek pyçaklar we pyçaklar hurmanyň dokumasyna zeper ýetirýärler.

4.  Ýeke mylaýym hereket bilen edilen kesim. Bu berkidilýän nahalyň kök bilen dykyz gabatlaşmagyny we üstünlikli birleşip ösmegini üpjün edýär.

5.  Guralyň dezinfeksiýasy. Hurma üçin arassaçylyk möhüm, şonuň üçin pyçagy her kesmekden ozal arassalaýarlar.

6.  Hurmadan berkidilýän lentany öz wagtynda gowşatmak we aýyrmak. Ýogsam, ol agajyň gabagyna girer we suwuň hereketini bozar. Bo bolsa täze nahalyň ösüşine zyýan ýetirer. 


Okulirleýän pyçagy ýa-da onuň ýerini tutýan guraly dezinfisirleýän spirt ýa-da margansowkanyň ergini bilen tämizleýärler. Şeýle-de Farmaýod biologiki derman tämizlemek üçin täsirli.

Berkidilýän lenta doly aýrylandan soňra birleşýän ýerini bagbançylyk gaýnatmasy bilen tämizlemek maslahat berilýär. Şowsuzlyk ýagdaýynda hem ony ulanýarlar. Berkidilýän nahal aýyrlandan soňra tämizleýiş işlerini geçirýärler. 

Makala agrognom.ru, vsadu.ru, abekker.ru, agro-market.ru saýtlarynyň materiallary esasynda taýýarlanylan. 

читать на русском