Hoz ösdürip ýetişdirmek
Hoz ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanmaga başlajak bolýan täze bagbanlar köp halatlarda şowsuzlyga uçraýarlar. Hat-da özüniň erjelligi sebäpli eýýäm uly hoz agaçlaryny ösdürip ýetirşdirenlerde hem, hasyl köp wagtlap bolmaýar, bar bolsa hem, uly bolmaýar.
Köp halatlarda beýik ösen hoz agajy 13-15 ýyldan başlap hasyl berip başlaýar, ýygy doňýar, kä halatlarda bolsa hat-da ölýär hem. Bar iş bagbanlaryň iýmek üçin hoz alyp we ekip, sadalyk bilen: munuň tiz wagtdan sowuga durnukly däl, şu klimata laýyk gelmeýän görnüşlerden we sortlardan hasyl alyp bolýandygyny çaklaýandyklarynda. Ýerli sowuga durnukly we hasylly görnüşleri gözlemek gerek. Bu birinji.
Ikinji. Hoz agaçlary “ýekeleýin” ösmeli däl (bu bolsa erkek jynsly we aýal jynsly agaçlarynyň bardygyny çaklamaýan bagbanlarda duş gelýär), ýogsam olar doly tozanlanmaýarlar.
1-nji surat. Çep tarapda – erkek jynslyu nusga, sag tarapda – aýal jynsly nusga
Uly
talaplar ilki bilen matoçnyý agaja bildirilýär. Ol sagdyn, sowuk zepersiz, ýaş
wagtynda tiz ösýän, ýetişen wagtynda – beýik däl, serenajm bermegi we hasyl
ýygnamagy ýeňilleşdirmek üçin, aşak düşüp duran şahaly, tiz miweli, hasylly,
hozlaryň salkymda ýerleşmegi bilen, kesellere we zyýan edijilere durnukly,
bezegli bolmaly. Şeýle enelik agaçlary ösdürip ýetişdirmek üçin, tiz gögerýän
we ýetişýän hozlardan gögeren agaçlar düwünindäki pyntyklaryň görnüşi, ululygy
we mukdary, baldajygynyň we şahalarynyň galyňlygy boýunça, gysga we “energiki”
wegetatiw döwürli saýlanylýarlar. Gögeren agaçlar bir ýyllyuk agaç gaýtadan
ekilenden soňra eýýam bir – üç ýyldan tohum getirmäge başlaýarlar.
Gapdal
kökleriniň (daşlara) ösüşiniň emeli höweslendirilmegi bilen gibridleriň
ekilmegi hasyllylygy bir ýaş basgançagyna ýokarlandyrdy (bäş ýaşly agaç ideal
alty ýaşly agajyň berýän hasylyny berýär), ýöne munuň üçin örän ýagly toprak we
yzygiderli çyglandyryjy suwaryş talap edilýär.
Gyş
pasly dowamly, tomus gurak we yssy bolanda, güýz we bahar pasyllarynda bolsa
doňaklyklar mümkin bolanda hozuň uzak wagtly gyşa taýýarlanyp ýetişmegi zerur. Şol
sebäpli ösümlikleri berkitmek zerur. Hozlary pes temperaturalarda garaňky
ýerde, çäklendirilen çyglylykly biraz aşgarlanan gurşawda gögerdýärler we munda
gögermeginiň işjeňligi boýunça nusgalary saýlap alýarlar. Bir düýpli ykjam
agaçlary emel getirýärler. Tomusyň ikinji ýarymynda suwarmagy azaldýarlar we
şol wagtda fosfor-kaliý dökünleri goşýarlar. Awgustda bir ýyllyk ösüntgileri
çyrpýarlar we gapdaldan çykýan şahalary aýyrýarlar.
2-nji surat.
1 – wegetatiw ýokarky pyntyk. 2 – ýaprakdüýp (wegetatiw) pyntyk. 3 – aýakly pyntyk – hasyl getirýän ösüntginiň düýbi. 4 – aýal jynsly agajynda gülli aýal jynsly pyntyk. 5 – erkek jynsly agajynda gülli erkek jynsly pyntyk. 6 – erkek jynsly agajynda gülli aýal jynsly pyntyk. 7 – aýal jynsly agajynda gülli erkek jynsly pyntyk. 8 – tomus güllemegiň gülünde erkek jynsly tyçinkaly güller. 9 – tozanlandyrylmaga taýýar aýal jynsly güller. 10 – gaçan ýaprakly sapmanyň yzy.
Saýlanylyp geçilen usullara goşmaça hökmünde iýulyň başynda ýokarky pyntyklary çyrpýarlar, tomusky güllemeginden alnan hozlaryň hasylyny aýyrýarlar, her ýylda topraga agaç külüni garçarlar.
Hozuň tiz hasyllylygynyň alamatlary:
- ikilenen ýa-da
üçlenen boşluk pyntyklaryndan biraz ýokarda aýajyklarda (düwün aralarda) oturan
iri tegelekli pyntyklar (sur. 1);
- depesinde doly
ösmedik gül ýa-da guran krater – onuň yzy (sur. 2);
- tomusky güllemeden
galan yzyň ýanynda, depede erkek we aýal jynsly gül pyntygy (sur. 2, orun 1 we
2);
- gögeren agajyň iki
tolkunynyň yzy – pyntyklarynyň görnüşi bilen hem tapawutlanýan, ösüntgi we miwe
berýän baldagyň gabygynyň ýetişmeginiň serhediniň baldajykda bolmagy (sur. 2,
orun 5);
- şahalanan ýa-da
“penjeli” kök (emma 15 sm çenli uly bolmadyk baldak köküniň bolmagy tiz
miwesizligiň alamaty bolup durmaýar).
Ikinji ýylda tiz miwe berýän gögeren agajyň şahalary depeden aşakdaky iki-üç pyntykdan ösýärler. Şahalanma bolýar. Şahalaryň esasynda ýönekeý ýapraklaryň adatdakydan az sanly ýelek görnüşli ýapraklar döreýärler (2, 3, 5) – miwe berýän şahanyň alamaty. Şahalaryň biri öňe çykyp bilýär. bu şahalarda ýaz ýa-d tomus pasyllarynda aýal jynsly güljagazlaryň gülleri açylar we tozanjyklar bolan ýagdaýynda (hozuň golaýdaky uly agaçlaryndan) birinji hozlar düwer. Ýeke gögerek agaçlar tozanlandyrylmadyk bolarlar, bu güller agaçlanan baldaklarda yz galdyryp, dökülýärler.
Рис 3. Çep tarapda – erkek jynslyu nusga, sag tarapda – aýal jynsly nusga
1 – birinji erkek
jynsly gül pyntygy (gyşlaýan). 2 – birinji aýal jynsly gül pyntygy (gyşlaýan). 3
– krater – (tomusky güllemeden galan yz). 4 – aýajykdaky pyntyk (hasyl berýän
baldagyň başlangyjy). 5 – ösüşiň iki tolkunynyň. 6 – ornuny tutma pyntyklary. 7
– “käşirjik”. 8 – baldak köki. 9 – kök agzy. 10 – gapdal kese kökler.
Tiz
miweli gögeren agaç diňe tomusda (geljekde) 150 sm çenli ösüp bilýän, tiz miwe
berýän şahalar bilen wegetirleýär.
Ikinji
ýylyň güýz paslynda iki ýyllyklaryň depesinde gyşda wegetatik pyntyklar gelýär
– gofrirlenen, konus şekilli, aşak goýberilen teňňejikler bilen (sur. 1, orun
1).
Şahalaryň
ýokarky böleginde, düwün aralarda, boşluklardan birnäçe millimetr ýokarda
aýajyklarda iri pyntyklar oturýar. Boşluklaryň ýerine ýa-da olaryň üstünde ok
görnüşli 9 fasetkaly üsti bolan, iri erkek jynsly gül pyntyklary bolup
bilýärler. Olar nahallaryň özbaşdak miwe bermeginiň başlanmagynyň alamaty bolup
hyzmat edýärler. Olaryň ýerine ýa-da olaryň ýanynda şar görnüşli gapdal
reproduktiw (aýal jynsly) pyntyklar görünýär (sur. 1, orun 2). Sapaga golaý
boşlukly pyntyklar iň ownuk, ýasy, olaryň üstünde oturan pyntyklar sowuk bilen
ýazda zeperlenen ýagdaýynda oýanýarlar (olary dubirleýärler).
Eger-de
hozuň iki ýaşly gögeren agajyň ösüşiň dört tolkunynyň yzy bolman, diňe
ýasylanan boşluk pyntyklary bolsa, onuň miwe bermegi diňe ýedinji we ondan
soňky ýyllarda mümkin. Ýöne, eger-de bu – gibrid bolsa, onda agaç pes
boýlulygyny we penje güllerini saklar, hasyllylyk bolsa, soňra miwe bermegiň
başlanmagynyň biraz gijä galmagynyň öwezini dolar.
Ýyllaryň
geçmegi bilen tiz miwe berýän hoz agajyny ýogyn, ýalaňaç, gara lakly şahalary
bilen tapawutlandyryp bolýar. Olarda ýapraklaryň iri şapkalary bolýar, içinde
kiçiräjik alma ölçegde miwe haltada hozlaryň açyk reňkli salkymlary görünýär.
Hoz –
bir öýli şemal bilen tozanlandyrylýan, garşylyklaýyn tozanlandyrylmaga we
(bölekleýin) uly ýaşda öz-özüni tozanlandyrýan ösümlik. Agaçlaryň köpüsinde
birinji ýyllarda güllände diňe aýal jynsly güller (ýaz we tomus pasyllarynda)
bolýarlar, erkek jynsly güller bir-iki ýyl gijiräk çykýar. Ýaz paslynda erkek
we aýal jynsly gülleriň bir agaçda güllemegi köp halatlarda deň gelmeýär. Erkek
jynsly ösümlikler birinji bolup syrgalaryny – tyçinkaly (erkek jynsly)
güllerini goýberýärler, olar bitende “tozanlaýarlar” we düşýärler.
Aýal
jynsly agaçlar birinji bolup aýal jynsly gülleri tozanlanmaga taýýarlaýarlar –
pestigiň ýüzüniň iki-üç murtjagazy bolan hozlaryň düwünjekleri. Erkek jynsly
agaçlar aýal jynsly agaçlary tozanlandyrýarlar. Bir hepde geçenden soňra ähli
zat tersine tertipde bolup geçýär: aýal jynsly agaçlar özüniň gijiräk
goýberilen syurgjyklary bilen erkek jynsly agaçlaryň aýal gjynsly güllerini
tozanlandyrýarlar. Erkek jynsly agaçlar indi aýal jynslylar bilen
tozanlandyrylýarlar.
Uly
ýaşly (6 ýaşdan ýokary) agaçlar köp derejede öz-özüni tozanlandyrýarlar, emma
garşylyklaýyn tozanlandyrylýanlaryň hasyllylygy – ýokary bolýar.
Gijiräk,
tomus paslynda, tiz miweli hoz gaýtadan tomusky güllemegiň bir wagtda aýal,
erkek jynsly we garyşyk görnüşli penjeli gülleri bilen gülleýär. Şol sebäpli,
tomusky gülleme öz-özünden miwe berýär. Ýöne, ol adatça “ýazky” hasyla diňe 10%
goşmaça berýär.
Hasyllylygy
ýokarlandyrmak üçin bagda iki agajy – erkek jynsly we aýal jynsly agaçlary
bir-birinden 5-15 m aralykda ekmek gowy bolar. Erkek jynsly we aýal jynsly
gögeren agaçlary güllän wagtynda tapawutlandyrmak (saýlamak) ýönekeý we
ygtybarly bolýar. Ýöne gögeren şahalaryň (tiz miwe berýän) köpüsi 3-4 ýaşdan
başlap gülleýärler. Bu pitomnikde meýdany talap edýär we güllemezden öň jynsyň
daşky häsiýetli alamatlaryny gözlemäge mejbur edip, ekişi kynlaşdyrýar.
Aýal
jynsly agaçlar pyntyk emel getirmegi ir başlaýarla we tamamlaýarlar. Olarda
ösüş prosesleri agaçlanmak bilen ir çalşýarlar. Bu şahalaryň galyň ýagly,
gara-ýaşyl tekiz depeleri, mumly kümüşsöw örtükli, tekelek gapdal pyntykly we
gysga düwün aralary boýunça görünýär. Erkek jynsly nusgalar, tersine,
ýalpyldysyz düwür-düwür üstli uzaldylan-inçe açyk ýaşyl üstli gabygy bilen
tapawutlanýarlar.
Erkek
jynsly gül pyntyklary ýüze çykan wagtynda, güllemezden öň ekilen pursatynda
gögeren agajyň jynsyny kesgitlemek düýbünden kynçylyk döretmez. Eger-de gögeren
agaçdaky erkek jynsly gül pyntyklary iri (5-8 mm), konus şekilli çüňkli
görnüşli bolsalar, olary köpüsi onda baldaga göniburç bilen, kä halatlarda birnäçesi
bilelikde otursa, açyk reňkli agaçlar – erkek jynsly agaç. Eger-de gögeren
agaçdaky erkek jynsly pyntyklar inçe ýa-da ownuk (2-3 mm), şarjagaz ýaly,
ýapyk, güýzde we ýazda gara reňkli diýen ýaly (kä halatlarda ýapýan
teňňejiklerde gizlenen) bolsalar, ownuk fasetkaly üstli we damja görnüşli
şekilli, baldaga ýiti burçda otursalar – bu aýal jynsly agaç.
Kä
halatlarda seleksionerler – hoz ekýänçiler aýal jynsly (miweli) gülleriň
ösmeginiň derejesine görä aýal jynsly agaçlary matoçnyý erkek jynsly gülleriň
tozany bilen, we erkek jynsly agaçlary matoçnyý aýal jynsly gülleriň tozany
bilen emeli tozanlandyrylmagyny geçirýärler. Munuň üçin gury ýuwaş howada
seresaplylyk bilen, tozanyny gaçyrmazlyk üçin, birnäçe ýetişen syrgalary
aýyrýarlar we olary kapron haltajykly çeňňek agajyna asylan – tor haltajygyna
asyp goýýarlar. Ony beýleki agajyň tozanlandyrylmaga taýýar aýal jynsly
güllerine şemally tarapdan getirýärler, çeňňek agajyna biraz kakýarlar we ähli
güllerden aýlanyp geçip, onuň ýokary başyna geçirýärler. Mundan haltajygy ýakyn
getirmek gerek bolmaýar, sebäbi, aşa tozanlandyrmak düwünleriň dökülmegine
getirer.
Hozuň
syrgalary açyk teňňejikleriň içinde sary tozanly haltajyklar görnende we gül
aýajygyna ýeňillik bilen kakylanda syrgajyk sary reňkli tozan bilen
“tüsselände”, aýal jynsly hoz gülleri bolsa tozanlandyrylmaga taýýar bolanda, pestigiň
ýüzüniň murtjagazlary 90º köp burça açylanda we pestigiň mäzli kirpikleri
ýykylyp başlanmazyndan öň tozanlanyp bilýän wagtynda emeli tozanlandyrylmagy
üçin ýaramly bolýar.
Hozyň
syrgajyklardaky tozany eger-de olar (10-15 sany) arassa aýna banka salnyp,
sellofan (ýöne polietilen däl!) bilen ýapylyp we birnäçe günlük sowadyja
salnanda gowy saklanýarlar.
Çaknyşdyrylanda
aýal jynsly güller pagta dolanyp, izolirlenýärler, rezin armytly şprisiň kömegi
bilen bolsa tozanlandyrmak bolýar.