Biz Murgapda hem
işleýäris. Bu ýerde biz ýerli şertler üçin laýyk gelýän organiki ekerançylygyň
usullaryny öwrenýäris. Suwda we toprakda köp hloridler bar.
Süýji suwuň ýok bolan
ýurdunda ony duzlardan arassalamak üçin ägirt uly serişdeler harçlanylýar. Ters osmis giňden ýaýran usuly bolup durýar. Emma bu
ňrän gymmat usul.
Men biziň hususy medeniýetlerimiziň nähili alamatlarynyň bardygyna
seredýärin. Meniň umydym bar.
Merw jülgesi biziň eýýamymyzdan öň hem özüniň oba hojalyk hasyllary bilen şeguldy. Gynansakda, ol döwürdäki onuň ýaşaýyşy hakynda biziň
döwrümize gelip ýeten göni ýazmaça subutnamalar ýok. Emma Murgabyň kömegi bilen
onuň abadançylygy we suwuň bolçulugy köp sanly ýörüşleriň we uruşlaryň sebäbi
hökmünde bellenilýär. Hatda türkmenler üçin agyr döwürlerde, olaryň Eýran we
Horezm bilen garşylykly döwürlerinde hem Merw ekerançylygyň däpleriniň we
Murgabyň suwlarynyň, şeýle hem Merwi söwda şäheri we kerwenleriň gaçalgasy
hökmünde beýan edýän taryhyň möhüriniň kömegi bilen parahatçylygy we
durnuklylygy saklaýardy.
Bu ýerlerde üstünlikli ekerançylyga ýoly açan miras heniz ýitmedi. Baryp
19 asyrda ýollar we serhetler gurulandan soň rus häkimýetleriniň ekerançylyk
üçin (we beýleki maksatlar bilen, mysal üçin elektrik toguny almak) Murgaby
özleşdirip başladylar. hanalary, toplaýyş bentleri abadanlaşdyrmak we silleri
saklamak boýunça düýpli işleriň geçirilýän döwründe oba hojalygyň zerurlyklary
hem göz öňünde tutulýardy we eýýäm şol wagtda alymlar bar bolan tokaý zolaklary
saklamak we täzelerini döretmek üçin esasy çözgütleri kabul etdiler. Olaryň
biri Daşlöprüniň ýanynda. Başga wajyp ugurlaryň biri bolup, suwda we toprakda
hloridleriň örän ýokary düzümi bilen bagly bolan barlaglar we synaglar çykyş
etdiler. Ymam-babanyň ýanyndaky üzümçilik hojalygy we Sandykçyda miweli
medeniýetleriň ägirt uly baglary – bu işleriň netijeleri. Iki hojalyk hem sowet
wagtynda sowhoz boldy we bütin Orta Aziýada özüniň gazananlary bilen meşguldy.
Şeýlelikde, munuň ýaly
uly hojalyklar üçin ters osmosis, ägirt uly energiýa harajatlary we süjedilen
suwlara hyzmat etmek işçiler ýokdy. Ähli ösüş alymlaryň we bagbanlaryň
tebigatda, tebigy şertlerde gözegçilik edýänlerine esaslanýardy. Hloridiň
zyýanly täsirini aradan aýyrmak üçin usula degişlilikde bolsa, ähli çäre onuň
ösüp biljek mikorizler üçin şertleri döretmekden ybaratdy. Diňe munuň ýaly usul
bilen biziň duýdansyz soňky 30 ýylda “näletli geçmişiň mirasy” hökmünde ret
eden meşhur baglarymyz döredildi. Netijede, bäş kilogrammy daýhanyň bir pensiýasyna deň bolan meňzeş
bahadan pagta ýaly eýran we päkistan almalary we mandarinleri hem-de bir
kilogrammy 280 manada deň bolan türk armytlary bilen galdyk.
Meniň bilen
özüniň oýlap tapmasy hökmünde toprakda munuň ýaly şertleri döretmegiň
tehnologiýasyny öňe sürýän we ýönekeý bilimiň hem-de başarnygyň ýok bolmak
meselesiniň ajaýyp çözgüdi hökmünde ummasyz pula özüniň hyzmatlaryny we
baglanyşykly gurluşlaryny satmakçy bolýan Yzraýylyň kompaniýalary we edaralary
birnäçe gezek habarlaşdylar... Şeýle hem, Ýewropa. Biz bolsa, botanika dersi
boýunça 5-nji synpda okanlarymyzy ýatdan çykardyk.
Men bu barada
indiki gezek gürrüň bererin. Häzir bolsa, Murgabyň durkuna serediň we meniň
kömekçimiň çagalarynyň we ýegenleriniň, kiçi daýhanlaryň heniz olar tilki
bolmanka işden nähili lezzet alýandygyny görkezýän wideo serediň.