Men bu iki bölümden durýan (bölüm 1, bölüm 2) resminamalaýyn filmde gürrüň berilýän zatlaryň terjimesiniň rus dilinde we Orta Aziýada we ýurtlary ösmedik diýip hasaplanylýan we hökümeti özüniň ykdysadyýetini “erkinleşdirmek” (olara ABŞ ykdysatçy-maslahatçylaryň öwredişi ýaly) bilen, Bütindünýä Bankyndan ýardamy almaga çemeleşýän dünýäniň beýleki böleklerinde tomaşaçylaryň ene dilinde elýeter bolmagyny Alladan dileýärin. Jikme-jikler öwüşgünli we sanlar elhenç.
Waşingtonda Bütindünýä Bankyň ýolbaşçylarynyň ýyllyk duşuşygynda Efiopiýada oba hojalykçylaryň wekili: “Biz Bütindünýä Bankyň maliýeleşdirmäni (daşary ýurt kompaniýalary) bes etmegini isleýäris. Biz öz ýerlerimizde keseki bolmagy islemeýäris... Biziň ýerimiz – bu biziň taryhymyz”, diýýär.
“Biz ösüşe garşy däl. Biz siziň bankyňyza garşy däl. Biz sizden – bize jemagat hökmünde garamagyňyzy soraýarys. Ýerli jemgyýetleri bozman, bize ýardam bermek bilen, ösüşiň ugrunda işläň!”
Bütindünýä Bankyň ýolbaşçylarynyň wekilleriniň biriniň kamera beren jogaby: “Ösüş üçin hemişe töleg bar. Hemişe prosesde ýeňiş gazanýanlar we ýitgi çekýänler bar. Biziň maksadymyz we islegimiz, bu ýitgi gazaýanlary azaltmak.”
Hakykatlar:
2014-nji ýylda dünýände 15 million adam üçünji dünýäniň ýurtlarynda oba hojalygy ösdürmek boýunça Bütindünýä Bankyň taslamalarynyň netijesinde öz ýerlerinden kowulup çykaryldy.
Häzirki wagta çenli öz ilatyny önüm bilen üpjün edip bilmeýän Efiopiýa häzirki wagta çenli daşyndan ýardamy alýar – EMMA! Bütindünýä Bankyň taslamasy sebäpli önümleri – şertnama boýunça borçlaryň çäginde we düzülişi Bütindünýä Bankyň gyzyklanmasyny göz öňünde tutýan bahalar boýunça daşky bazarlara çykarýar.
Bütindünýä Bankyň taslamasy sebäpli bütin halk öz
ýerlerinden kowulup çylaryldy we häzirki wagtda öz ýurdunda bosgunlaryň
lagerlerinde ýaşaýar.
Bu taslama üçin berlen ýerlerde eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda tolgunmalar, garşylyklar, tussaglar, adam öldürmeler we zorluklar bolup geçýär. Hökümet köp serişdelerini her ýylda ondaky harby amallary saklamak üçin harçlaýar.
Efiopiýanyň özünden wekilleriň biri (ony soňra öýünde
tussag etdiler we tussaghanada saklaýarlar) ýerli adamlaryň hukuklaryny, olaryň
medeniýetini we däplerini sylamaga çagyrandan soň Bütindünýä Bankyň pes
derejeli işgäriniň bu ýagdaýlar hakynda berlen soraga jogabynyň sözleri:
“Siz bilýärsiňizmi, Bütindünýä Bankynda dogry işleri etmäge çemeleşmek bilen, köp gowy adamlar işleýär. Emma çözgütleri kabul edýän adamlar hem bar we olaryň çözgütleriniň kabul edilýän ýerlerde olaryň adamlar bilen hiç hili aragatnaşygy ýok. Olaryň kabul edýän çözgütleri bolsa, bu diňe dollar we sentler hakyndaky we olaryň müşderileri bolan hökümetler bilen bähbitli gatnaşyklary saklamak hakyndaky çözgütler.”