Alma agaçlaryny täjirçilik maksatlary üçin nädip ösdürip ýetişdirmeli
Almany ösdürip ýetişdirmek täjirçilik maksatlary
üçin gowy girdeji çeşmesi bolup biler, emma muňa oýlanyşykly çemeleşmeli we
orta we uly möçberlerde ýerine ýetirmeli. Miweli agaçlaryň köpüsinde bolşy
ýaly, siz uly möçberdäki önümçiligi gazanmalysyňyz. Ýagny siz 50 ýa-da 100 alma
agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen pul gazanyp bilmersiňiz, sebäbi hemişelik
harajatlar gürrüňsiz girdejiler bilen deňleşer (ýokary bolmasa-da). Başlangyç
üçin iň az möçber hökmünde meýdany 1 gektar (10.000 m2) bolan 600-800 alma
agaçly kiçiräk alma bagy çykyş edýär. Ortaça alma agajy ömrüniň 3-nji ýylyndan
6-njy ýylyna çenli miweleriň uly mukdaryny öndürip bilýär we ömrüniň 35-50-nji
ýyllaryna çenli muny dowam edýär. Siz şulary hasaba almaly: almalaryň
sortlaryna, toprak talaplaryna, şeýle hem satuw bazaryňyza laýyklykda siz bagyň
ýerleşişini dykgatly saýlamaly. Soňra siz standart, ýarym maýda ýa-da maýda
agaçlaryň haýsysyny ýetişdirmelidigini saýlamaly. Täjir öndürijileriň köpüsi
ýarym maýda sortlary saýlaýarlar. Aralykda ekmek, tozanlandyrma, tohumlandyrma,
suwarma, kesme we garma uzak möhletli hasyllygy gazanmak üçin juda wajyp.
Galybersede, hasyl döwri almalaryňyzy ýygmak üçin sizde tejribeli işçileriň
toparyny işe almak mümkinçiligi bolmaly. Bu hem mesele bolup biler, sebäbi alma agajy adatça
ortaça 10 gün wagt aralygyny berýär. Eger siz şu wagt aralygynda almalary
toplap ýetişmeseňiz, miweleriň hili erbetleşip biler.
Alma öndürijiler
döwürleýin miwe getirmä gowy düşünmeli, sebäbi bu olaryň önümçiligine täsir
edip biler. Döwürleýin miwe berme käbir miweli agaçlaryň bir ýyllyk ortaça hasyldan
has köp miwe berýändigini we indiki ýylyň ortaça hasylyndan has az berýändigini
aňladýar. Alma agaçlarynyň käbiri özüne mahsus bolan döwürleýin miwe bermä
eýedirler, emma bu ýagdaý köplenç ýekelemäniň ýoklugy, azot kemçiligi, suw
ýetmezçiligi ýa-da beýleki sebäpler bilen erbetleşýär.
Alma agajy haýsy
klimatda ösmeli
Alma agaçlarynyň
täjirçilik sortlarynyň köpüsi sowuk we çygly klimatda gülläp ösýärler, ýagny
sowuk gyşdan soň salkyn ýaz we tomus gelýär. Gün şöhlesi wajyp, sebäbi ol
miwäniň reňkine ep-esli täsir edýär. Adatça, alma agajy, beýleki ýaprakly
miweli agaçlara seredende, has sowuga mätäç. Alma agaçlarynyň iň meşhur
sortlary temperatura 32oC ýokary galmaýan etraplarda gülläp ösýärler. Köp
daýhanlar şeýle hem temperatura degişli derejesinden ýokary galanda alma bagyny
sowatmak üçin uly wentilýatorlary ulanýarlar.
Öň daýhanlar
alma agajy diňe belli bir beýiklikde (487 m ýokarda) ösdürilip ýetişdirilende
we her ýyl sowukda (sowuk 5,5 °C pes temperatura hökmünde kesgitlenilýär)
birnäçe ýüz sagat geçirende gowy hasyl berýändigini nygtaýardylar. Bu şol
döwürde giňden ýaýran sortlar üçin bölekleýin dogrudy. Emma häzirki wagtda alma
agajynyň durnuklylygy we uýgunlaşyşy, şeýle hem sortlaryň dykgatly döredilmegi
we saýlanylmagy öndürijilere hat-da Afrikada hem täjirçilik alma agaçlaryny
ösdürip ýetişdirmeklige mümkinçilik berýär. Tropiki klimatda ösdürilip
ýetişdirilen alma agaçlary pes hasyl berýärler, ýöne klimat ýa-da sowugyň
ýoklugy sebäpli däl. Ýygy ygallar kölenç tozanlanmany erbetleşdirýär. Muňa seretmezden,
tropiki klimatda täjirçilik alma agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek aňsat däl. Ol
köp sanly synaglary (ýylda azyndan sortlaryň 10-ň saýlanmagyny we
ösdürilmegini) we, elbetde, tozanlandyryş, suwaryş, tohumlandyryş we hasyl
ýygnaýyş usullarynyň üznüksiz kämilleşdirilmegini talap edýär.
Degişlilikde,
daýhan etrabynyň klimat şertlerine has takyk dogry gelýän dürlülik babatynda
uly derňewleri geçirmeli. Kanadada ösdürip ýetişdirilýän alma agaçlarynyň
sortlary Günorta Kaliforniýa üçin laýyk gelmeýär we tersine. Iň meşhur sortlara
geljekki 30-40 ýylyň dowamynda miwe öndürmek üçin belli bir sagatlyk sowuk
gerekdigi dogry. Siz welaýatyňyzyň beýleki daýhanlary bilen klimatyňyza aňsat
uýgunlaşdyryp bolýan görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmaly bolarsyňyz.
Siz bellik ýa-da
öz alma baglaryňyzyň ýerleşýän ýeriniň we klimat şertleriniň suratyny goýmak
bilen bu makalany dolduryp bilersiňiz.
Alma agajynyň
köpeldilmegi
Miweli agaçlaryň
köpüsinde bolşy ýaly, häzirki zaman ösdürip ýetişdiriş usullary almalaryň
adatça jynssyz ýol, sapma ýoly bilen köpelýändigini çak edýärler.
Ýabany tebigatda
almalar dänesinden ösýärler. Alma nahallary “ekstremal geterozigotalaryň”
mysaly bolup durýar. Şeýle aýratynlykly täze alma döretmek üçin öz
ene-atalarynyň DNK-syny almaga derek olar öz ene-atalaryndan ep-esli
tapawutlanýarlar. Ýagny, eger biz bir sortuň 10 almasynyň dänelerini eksek,
ösüp ýetişjek ähli 10 alma agajy ep-esli tapawutlanar we degişlilikde her dürli
miwe berer. Şonuň üçin, birmeňzeş we ýokary hilli önüm gazanmak maksady bilen
hünärmen daýhanlar sapylan nahallary saýlaýarlar. Birnäçe söz bilen aýdanyňda,
hünärmen alma ösdürip ýetişdirýänler iki dürli ösümlik dokumasyndan, sapylýan
ösümlikden we baldakdan durýan alma agajyndan peýda görýärler. Sapylýan ösümlik
agajyň aşaky böleginden durýar we kök ulgamyny döredýär. Sapylýan ösümlik şeýle
hem agajyň ahyrky beýikligini kesgitleýär. Baldak agajyň ýokarky bölegini
döredýär we elbetde miwäniň aýratynlyklaryny kesgitleýär. Sapylýan ösümlik
bilen baldak seresaplylyk bilen saýlanmalydyr we olaryň hersi pes önümçilige
getirip biler.
Alma agajyny
tozanlandyrma
Alma agajynyň
sortlarynyň köpüsi öz-özi tozanlanmaýar. Bu bolsa miweleri ösdürip ýetişdirmek
üçin alma agaçlarynyň köpüsine tozanlanar ýaly başga sortly agaçlaryň
gerekdigini aňladýar. Alma agaçlarynyň hatda iň hasylly sortlary hem
tozanlandyryjy agaç ýakyn aralykda ekilende has ýokary hasyl berýändigi habar
berilýär. Grenni Smit sortundan Red Delişes sortuna çenli dürli täjirçilik alma
agaçlarynyň sortlary dürli wagtlarda gülleýär. Alma öndürijiler täjirçilik
sortlaryna gabat gelýän we bir wagtda gülleýän tozanlaýjy sortlaryny ösdürmeli.
Degişli atanaklaýyn tozanlanmany üpjün etmek üçin tozanlaýjy sortlary bagyň
dürli ýerlerine ýerleşdirmek möhümdir.
Alma agaçlary
tozanlanmak we miwe öndürmek üçin arylara mätäçdir. Täjirçilik alma
hojalyklarynda bagyň her 1 gektaryna 3 ary öýjükleriniň ýerleşdirilmegi möhüm
bolmasa-da örän peýdaly.
Alma agajy
nähili topragy gowy görýär – alma agajy üçin toprak
Alma agajy gowy
drenirlenen we durgun suw bolmadyk, pH 7-e ýakyn orta toprakda gülläp ösüp
biler. Şeýle-de bolsa, iň ýokary hasyl mes çägeli we pH 6-7 aralygyndaky
toýunsow topraklarda ýygnalýar.
Seresaplylyk
bilen azyndan 50 sm çuňlukda meýdany sürüp başlaýarys we ähli haşal otlary
aýyrýarys. Her gektaryna takmynan 20 tonna ders döküp bileris, soňra ýene-de
ýüzleý agdaryp bileris. Täjir daýhanlaryň köpüsi pH derejesini sazlamak üçin
alma agaçlaryny oturtmazdan ozal topraga hek goşýarlar (ygtyýarly agronomdan
soraň). Ýadyňyzda saklaň, 1 tonna = 1000 kg = 2.200 funt we 1 gektar = 2.47 akr
= 10.000 inedördül metr.
Alma agajyny
täjirçilik taýdan ösdürip ýetişdirende, käbir halatlarda zerur bolmasa-da,
ekinleriň (köp halatlarda pes ösýän otlar) peýdalydygy habar berildi. Örtüji
ekinler, adatça, güýçli ýagyş ýa-da tupan wagty topragyň eroziýasyny azaldýar.
Şeýle hem olar topragyň howalandyrylmagyny we baglaryň çydamlylygyny
gowulandyrýarlar, olaryň käbirleri azot derejesini sazlaýar. Ahyrynda, alma
agajyny suwarmak üçin olar süzgüç hökmünde çykyş edýärler we bagyň
temperaturasyny kadalaşdyrýarlar. Alma fermalarynda örtük ekinleri hökmünde
ýorunja, nohut, noýba we zemlýanika ýorunjasynyň peýdalydygy anyklandy.
Alma agaçlarynyň
oturtma aralygy we alma agaçlarynyň bir gektarda dykyzlygy
Ekmek isleýän
her bir alma agajymyz üçin diametri 63 sm we çuňlugy 63 sm bolan çukur
gazmakdan başlaýarys. Soňra agaçlary çukuryň içine ýerleşdirip, toprak bilen
örtýäris. Baldak berkidilýän nokadyň ýer derejesinden azyndan 7,5 sm ýokarda
bolmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Bu wagt dökün dökmek ýaş agaç köklerine
zeper ýetirip biler we şonuň üçin onuň öňüni almaly. Ekişden soň ýaş agaçlary
suwaryp, kesip bileris (olara şekil bermek üçin).
Alma agaçlarynyň
arasynda goýýan aralygymyz alma sortuna, has takygy ýetişen agajyň ahyrky
ululygyna we giň ekerançylyk islegimize baglydyr. Hatarlaryň we hatardaky
agaçlaryň arasyndaky aralyk 7m x 5m-den 1.8m x 1.8m-e çenli üýtgeýär. 7m x 5m
her gektarynda 310 agaç bolýar, 1.8m X 1.8m her gektarynda 3000 agaç bolýar we
elbetde diňe maýda agaçlarynyň görnüşlerini ulanyp gazanyp bolýar. Öňki
ýyllarda alma agaçlary 6m x 6m aralykda ýerleşýärdi. Bu aralyk her gektardan
250 agaç berdi we iň ýokary öndürijilige ýetmek üçin 20 ýyl töweregi wagt aldy.
Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda maýda sapma ösümlikleri ulanyp, her gektardan
2000 töweregi agaç alyp bolýar we iň ýokary öndürijilik 6-7 ýylyň içinde
gazanyp bolýar.
Alma bagynyň
suwarylyşy
Ortaça ýaş alma
güýçli kökleri, ýapraklary we ahyrynda miweleri ösdürmek üçin köp suw gerek.
Adatça, ýaş alma agaçlary ýygy-ýygydan ýagyş ýagýan sebitlerde esasan ýagyş
suwlaryna bil baglap bilýän ýetişen alma agaçlaryndan has köp suw talap edýär.
Ikinji düzgün hökmünde, seýrek ýagyş ýagýan sebitlerde alma agaçlaryny
(esasanam ýaşlaryny) hepdede bir gezek ýazyň ahyryndan güýze (maý-oktýabr
aýlary) çenli suwarmak peýdalydyr. Üçünji düzgün hökmünde, alma agaçlarynyň
köpüsine tomusda (iýul we awgust) ýyllyk suw üpjünçiliginiň ýarysyna golaýy
gerek. Muňa seretmezden, bular öz gözlegleriňizi geçirmezden berjaý edilmeli
ýönekeý düzgünler. Meýdanlar biri-birinden tapawutlanýarlar we dürli
zerurlyklary bar. Käbir umumy düzgünler ulanylyp bilinýän bolsa-da, topragyň
gurluşy we howa şertleri oňat hasyl almak üçin zerur suwuň mukdaryny kesgitleýär.
Alma agajyny
ösdürip ýetişdirýänler köplenç alma agajynyň sütüniniň töwereginde 1-1,5 m
aralykda tegelek toprak diwary gurýarlar we topragyň ýagyş suwuny geçirijilik
ukybyny ýokarlandyrmak üçin oňa mulçanyň ýukajyk gatyny goşýarlar.
Soňky 30 ýylyň
dowamynda täjirçilik alma baglarynda ýerüsti suwaryş ulgamlary, damja ýa-da
mikro suwaryş enjamlary ulanyldy. Emma häzirki wagtda sprinklerler ABŞ-nyň oba
hojalyklarynyň azyndan 60% -i tarapyndan ulanylýar. Olaryň esasy artykmaçlygy
agaç pyntyklaryny aýaz urmagyndan goraýanlygyndadyr. Bu häzirki zaman ulgamlary
adatça doly suwaryşy üpjün edýär. Doly suwaryş örtüji ekinler bilen birlikde
köplenç dökünleme zerurlygyny peseldýär, sebäbi örtüji ekinler adatça topraga
darganda möhüm iýmitlendiriji maddalary bölüp çykarýan organiki maddalary
öndürýär.
Alma agajy üçin
dökünlere talaplar
Azot we kaliý
ýapragyň ösmegi, gülleme we miweler üçin örän möhümdir, şol bir wagtda fosfor
güýçli kök ulgamynyň ösmegi üçin, esasanam ösümlik ösüşiniň başlangyç
tapgyrlarynda möhümdir. Kalsiý, magniý, marganes, sink we bor hem gunçalaryň
ösmeginiň, güllemegiň we miwe getirmegiň dürli tapgyrlary üçin möhümdir we bu
maddalaryň ýetmezçiligi miwäniň mukdaryna, hiline we agaçlaryň saglygyna
ýaramaz täsir eder.
Adatça, ýetişen
miweli agaçlar ýaş agaçlara garanyňda has köp dökünlenmä mätäç. Ortaça ýetişen
alma agajyna ýylda 270 g azot, miwe bermeýän ortaça ýaş agaja bolsa ýylda 68 g
azot gerek. Bu mukdar standart beýiklikdäki agaçlar üçin, şonuň üçin maýda
agaçlaryň talaplary adatça 40% az bolýar.
Alma
öndürijileriň köpüsi tarapyndan ulanylýan umumy tohumlandyryş shemasy – bu
ýylda bir gezek ýaş agaja 0.5-2 kg A-F-K 12-12-12 ýa-da 11-15-15 we uly agaja
3-5 kg A-F-K 12-12-12 ýa-da 11-15-15 goşmak. 1 tonna = 1000 kg = 2.200 funt we
1 gektar = 2.47 akr = 10.000 inedördül metre deňdigini göz öňünde tutuň.
Toprak
dökünleriniň köpüsi mart-iýul aýlarynda ulanylýar. Esasanam fosfor ýetmezçiligi
bar bolsa, A-F-K 0-25-0 ulanmaly bolup bileris (ygtyýarlandyrylan agronomdan
soraň). 0-25-0 döküni agaç köklerine galtaşmaly däldigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Gektarynda 600 ýetişen agaçly ortaça täjirçilik alma bagynda ikinji adaty
ulanylýan tohumlandyryş shemasy – her gektaryna 110 kg azot we 200 kg K20
goşulýar, fosfat, magniý we kalsiý dökünleri bolsa ýaprak derňewine görä
goşulýar.
Şeýle-de bolsa,
bular diňe öz gözlegleriňizi geçirmezden ýerine ýetirilmeli umumy nagyşlar.
Meýdanlar biri-birinden tapawutlanýar we dürli zerurlyklary bar.
Tohumlandyrmagyň islendik usulyny ulanmazdan ozal topragyň ýokumly maddalaryny
we pH-ny barlamak möhümdir. Mundan başga-da, doly örtükli suwaryş ulgamy dykyz
ekiş ulgamynda ýorunja ýa-da beýleki kösükli ösümlikleriň (örtüji ekin
hökmünde) bolmagy bilen utgaşdyrylsa, alma agajyny dökünleme zerurlygy ep-esli
azalýar, sebäbi ekiş adatça dargamak arkaly möhüm iýmitlendiriji maddalary
topraga boşadýan organiki maddalary öndürýär.
Alma agajyny
ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman tejribesi ýylda bir gezek (tomus – iýul,
awgust) alma agaçlarymyzdan azyndan 100 ýaprak ýygnamalydygyny we ýokumly
maddalary jikme-jik seljermek üçin laboratoriýa ibermelidigimizi görkezýär.
Orta ýaprakda käbir iýmit ýetmezçiliginiň bardygyny ýüze çykarsak (käbir möhüm
himiki maddalar kabul ederlikli standartlardan pes), toprak ýa-da ýaprak arkaly
kalsiý ýaly dogry element goşup, ýokumlylyk meselelerini düzedip bileris.
Aşakda has möhüm
ýokumly maddalaryň kadaly derejeleri berlen:
Azot: 2% — 2,4%
Fosfor: 0,1% — 0,3%
Kaliý: 1,1% we
ondan ýokary
Kalsiý: 1% we
ondan ýokary
Magniý: 0,25% we
ondan ýokary
Alma agaçlaryny
nädip kesmeli
Sagdyn alma agaçlaryna
iň az kesim gerek, ýöne uzak möhletde hasyllylygy, önümiň hilini we agaç
saglygyny gowulandyrmak üçin täsirli kesim usullary tapyldy. Birnäçe söz bilen
aýdanyňda, biz miwe getirmeýän agaçlary şekil bermek we miweleriniň ösmegini
sazlamak üçin kesýäris. Täze ekilen alma agaçlaryny, döretmek isleýän
şekilimize laýyklykda, ekilen güni kesmeli. Sferik şekiller, konus şekilli
bassyrmalar, tekiz şekiller we Y-V şekiller iň köp ýaýran nusgalardyr. Her
gümmeziň şekilini saýlanda gowy we erbet taraplary bar. Häzirki wagtda “V”
şekilleri täjirçilik alma baglarynda iň meşhurdyr, sebäbi olar iň ýokary hasyly
berýär we hasyl ýygnamagy aňsatlaşdyrýar.
Şekilini
saklamak, howanyň we gün şöhlesiniň aralaşmagyny gowulandyrmak, ölen, näsag
ýa-da döwülen şahalary aýyrmak we islendik bäsdeş lideri ýa-da kesişýän
şahalary aýyrmak üçin ýetişen agaçlary kesýäris. Agaçlaryň saglygy üçin möhüm
ähmiýete eýe bolan gowy howalandyrmany we gün şöhlesiniň aralaşmagyny üpjün
etmek möhümdir (agajyň “içki” bölegini açmak bilen), sebäbi dolan alma agajy
zyýankeşleri we keselleri has tiz kabul edýär. Öndürijilik we önümiň hili dolan
agaçlarda orta we uzak möhletleýin peseler.
Adatça, biz 60
gradusdan gowrak burçda dikligine ösýän her şahany aýyrmalydyrys. Bu şahalar
miwe getirmek mümkinçiligi bolmazdan çalt ösmek üçin agaçlaryň gymmatly ýokumly
maddalaryny sarp edýärler. Ikinji düzgün hökmünde, aşak seredýän şahalary hem
aýyrmaly bolmagymyz mümkin, sebäbi miwäniň agramyna döwülmegi ähtimal. Üçünji
düzgün hökmünde, şol bir ýylda agajyň 25% -den gowragyny aýryp bilmeris. Bir
gezekde agajyň üçden birini aýyrmagyň ýerine az we ýygy-ýygydan kesmek has
gowudyr.
Alma agaçlary
gyş ukusyndaka, ýöne iň soňky aýazdan azyndan iki hepde soň (köplenç
fewral-aprel aýlary) kesmeli. Ýapraklar ösýän mahaly kesmeli däl (çybyklardan
başga, olary biz gören badymyza aýryp bileris).
Almalary
ýygnamak – almalaryň gektardan ortaça hasyllylygy
Alma ýygmazdan
ozal agaçlary ýekelemeli. Gowy hasyl almak we ýyllaryň dowamynda önümçiligi
kadalaşdyrmak üçin (döwürleýin miwe getirme hadysasyny azaltmak üçin) alma
agajyny ýekelemek möhümdir. Alma agaçlaryny ýazyň ahyryndan tomsa çenli
(aprelden iýula çenli) ýekeleýärler. Tutuş pikir bir-iki aýdan soň hasyl almak
isleýän az sagdyn we kadaly miweler üçin ýeterlik gymmatly iýmitleri goýmak
üçin ösmedik, zeper ýeten miweleri we zyýankeşleriň zaýalan miwelerini
aýyrmakda. Käwagt saýlamak has çylşyrymly bolup biler, sebäbi zeper ýetmedik
ýa-da sagdyn däl miweler ýok bolsa, sagdyn we gowy görünýän miweleri aýyrmaly
bolmagymyz mümkin. El bilen ýekelemekden başga-da, ABŞ-da alma öndürijiler
hasyllylygy we girdejiligini sazlamak üçin himiki ýekelemäni ulanýarlar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň etraplarynyň köpüsinde alma agaçlary tomsuň ahyryndan güýze çenli ösýär (awgust-oktýabr). Haçan hasyl ýygnamalydygyny bilmek üçin köp tejribe we “synag we ýalňyşlyk” usulyny synagdan geçirmek gerek. Alternatiwa hökmünde, täjirçilik alma öndürijiler hasyly ýygnamagyň iň amatly wagtyny kesgitlemek üçin almanyň şeker derejesini yzygiderli barlap bilerler.
Gynansagam, alma
ýygnamaklyga gezek gelende, köp halatlarda bizde 8-12 günlük wagt penjiresi
bar. Munuň tersine, sitrus miwelerini ýygnanda 2 aýlyk penjire bar, sitrus
miweleriniň agaçda galdyrylmagy bolsa önümiň hiliniň peselmegine getirmeýär.
Alma diňe el bilen ýygylýar we gaty aňsat zaýalanýar. Sortlama göni hasyl
ýygylandan soň geçirilmelidir, sebäbi zeper ýeten almalar etilen gazyny has
çalt çykarýar, bu bolsa beýleki miwelere zyýan berip biler.
Yzky howluda
gowy ösdürilip ýetişdirilen alma agajy üçin gaty gowy hasyl möwsümde 80-150
miwedir. Emma, alma agaçlary çylşyrymly tozanlama, tohumlama, suwaryş we gorag
usullary bilen alma baglarynda täjirçilik taýdan ösdürilip ýetişdirilende
möwsümde 400-den 800-den gowrak (käbir ýagdaýlarda bolsa 1200-den gowrak) miwe
öndürip bilerler.
Zyýan berijiler
we alma agaçlarynyň keselleri
Alma, gynansak-da, diňe bir adamlary özüne çekýän
ajaýyp miwe däl. Şirejeler, liçinkalar, tomzaklar, sikadalar, kleşler we
tripsler köplenç ýumurtga goýmak we iýmitlenmek üçin alma agajyna hüjüm
edýärler. Bu zyýan berijileriň umumy tarapy – agajyň ýa-da miwäniň dürli
ýerlerine ýumurtga goýmagydyr we köplenç miwäniň tegmillerine ýa-da
deşiklerine, miweleriniň gaçmagyna we ýapraklaryň zaýalanmagyna sebäp bolýar. Olar ýapraklaryň buýralanmagyna we saralmagyna,
skeletleşmegine we defoliasiýasyna sebäp bolup biler.
Ak düşme
täjirçilik alma öndürijilere ykdysady taýdan uly zyýan ýetirýän esasy kömelek
keselidir. Podosphaera leucotricha patogeni güllere, ýapraklara we miwelere
hüjüm edip, miweleriň şekiliniň üýtgemegine we reňksizlenmegine sebäp bolýar,
şol bir wagtda miweleriň sany azalýar. Mundan başga-da, ýokuşan agaç ejizleýär
we beýleki hüjümlere has gowşak bolýar. Ak düşme hakynda has
giňişleýin öwreniň.
Bakterial ýanyk
– Erwinia amylovora-ň döredýän bakterial keselidir. Ol çygly we mylaýym howaly
alma baglarynda giňden ýaýrandyr. Adyndan görnüşi ýaly, bakterial ýanykda
ahyrynda baldaklar we şahalar ýakylan baldaklara we şahalara meňzeş bolup
çykýar. Bu esasan ýaş baldaklara degişli we olary diňe agaç ukuda mahaly kesip
bolýar. Işjeň ösýän mahaly kesim keseli has ýaýradar.
Almanyň
goturlamasy – Venturia inaequalis sebäpli döreýän kömelek keseli. Ol esasan
ýapraklara, soň bolsa güllere we miwelere hüjüm edýär. Ilkinji alamatlar
ýapraklarda döreýän zeýtun ýaşyl tegmillerdir. Tegmiller köplenç ulalyp,
garalyp we birleşip, ýapraklary goýy goňur reňke boýaýar. Soňra tegmiller
miwede peýda bolýar. Ýokuşan miweler gaty we goýy goňur bolýar we eti köplenç
ýarylýar, bu bolsa olary satmaga ýaramsyz edýär.
Agajyň ýokary başynyň, maýsalarynyň we kökleriniň çüýremegi hem alma agaçlarynyň giňden ýaýran keselleridir.