Us_0008

Organiki ekerançylygy (tebigy ekerançylyk we isleg bildirilýän-tebigy ýa-da “organiki” ekerançylyk) däp bolan (adaty) ekerançylyk bilen deňeşdirmek

 

(Deňeşdirme tablisasyna aşakda serediň.) 

 

Manysy boýunça, oba hojalygy – bu oba hojalyk ösümliklerini ösdürmek we azyk önümlerini, süýümi we adamlaryň ýaşaýyşyny saklamak üçin beýleki önümleri öndürmek üçin mallary ýetişdirmek. Adamzadyň ösmegi bilen, ekerançylygyň dürli ulgamlary kämilleşdi. Oba hojalyk önümine bolan çalt ösýän islegi esasan hem ekerançylygyň däp bolan ulgamy kanagatlandyrýar. Muňa garamazdan, eýýäm birnäçe onlarça ýyllaryň dowamynda alymlar we daýhanlar adaty oba hojalygyň ekologiki ýitgisine we saglyk üçin oňaýsyz netijelerine akyl ýetirýärler. Şonuň üçin hem, saýlam hökmünde organiki ekerançylyk ulgamy döredi. Organiki ekerançylygyň köp ýörelgeleri müňlerçe ýyllaryň dowamynda ulanylan ekerançylygyň ilkibaşdaky ulgamyndan alyndy.

Wagtyň geçmegi bilen, köp ýurtlar organiki ekerançylyk üçin standartlary girizip başladylar. Öz-özünden ol iki esasy ulgama bölünip başlady: sintetiki dökünleri we pestisidleri gowşak we çäkli ulanmak bilen ulgam (isleg bildirilýän-tebigy ekerançylyk), munda munuň ýaly serişdeleriň ulanylyşyna gözegçilik edilýär we sertifikatlaşdyrylýar we doly tebigy ekerançylyk.

 

Organiki ekerançylyk

 

Organiki oba hojalygy oba hojalyk ösümlikleriň we maldarçylygyň ösüşine täsir etmek üçin sintetiki himikatlary we genetiki taýdan modifisirlenen bedenleri ulanmazdan tebigy usul bilen oba hojalyk önümlerini öndürýär. Bu ulgamda esasy üns oba hojalykdan nul derejä çenli daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak bilen bir wagtda sarp etmek üçin howpsuz, sagdyn azyk önümleriň önümçiligine berilýär. Isleg bildirilýän-tebigy ekerançylykda sintetiki dökünler we pestisidler geljekki dargamagyna ýol bermezlik maksady bilen ulanylýan serişdeleriň (topragyň, suwuň we howanyň) ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek bilen, diňe çäklendirilen mukdarda ulanylýar. Ekerançylygyň doly tebigy usullarynda munuň ýaly çärelere isleg bildirilmeýär; adatça ekerançylygyň doly tebigy usullarynyň netijeleri wagtyň gysga döwründe oňaýly bolýar.

 

Adaty ekerançylyk

 

Däp bolan oba hojalygy – bu, azyk önümleriň howpsuzlygyny we daşky gurşawyň hapalanmagyny esasy hasaba almazdan, häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak bilen iň ýokary öndürijiligi almak maksady bilen oba hojalygy. Sintetiki himikatlaryň, genetiki taýdan modifisirlenen bedenleriň we zyýan berijiler bilen göreşmegiň integrirlenen ulgamlarynyň ulanylmagy däp bolan oba hojalygynda örän giňden ýaýran.

 

Organiki we däp bolan ekerançylygyň aratapawudy


Ekerançylyk we maldarçylyk ekerançylygyň iki ulgamynyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar. Muňa garamazdan, däp bolan oba hojalygynda adatça organiki däl dökünler, sintetiki pestisidler, ösüş iterijileri we ş.m. ýaly sintetiki oba hojalyk himikatlary ulanylýar. Emma organiki oba hojalygynda hiç wagt sintetiki oba hojalyk himikatlary ulanylmaýar we ol organiki dökünlere, sertifikatlaşdyrylan biodökünlere, tebigy pestisidlere we ş.m. bagly. Rekombinant DNK tehnologiýasynyň kömegi bilen alnan genetiki taýdan modifisirlenen bedenler organiki oba hojalygyna goýberilmeýär. Munuň ýaly çäklendirmeler adaty oba hojalygynda ýok.

Günbataryň ösen ýurtlarynda organiki ekerançylygyň organiki ekerançylygy üçin milli we halkara standartlary bilen kadalaşdyrylýandygy gyzyklanma döredýär. Şol bir wagtyň özünde däp bolan ekerançylyk munuň ýaly kadalaşdyrylmaýar. Bu ilkinji nobatda organiki ýetişdirilen önümleriň delillendirilen ýokary bahalary we oňa bolan yzygiderli ösýän isleg bilen bagly. Organiki daýhanlar organiki ekerançylykda alnan öz önümlerini satmazdan öň olaryň organiki ekerançylygyň standartlaryna laýyklykda oba hojalyk bilen meşgullanýandygyny tassyklaýan sertifikaty almaly. Adaty ekerançylygyň organiki ekerançylygyna geçmegi üçin birnäçe ýyl gerek we ilkibaşdan organiki oba hojalygyň girizilmegi yzygiderli barlagda we gözegçilikde bolýar. Barlagyň we sertifikatlaşdyrmagyň ýa-da gözegçiligiň munuň ýaly ulgamy däp bolan oba hojalygynda ulanylmaýar. Bu hem organiki ýetişdirilen önümi adaty ekerançylyk bilen ýetişdirilen önümden gymmat edýär.

Ekologiki taýdan arassa ulgam we topragy / suwy saklamaga bolan çemeleşmeler, daşky gurşawyň bioköpdürliligini saklamak we ş.m. organiki ekerançylygyň wajyp ýörelgesi bolup durýar. Adatça, daşky gurşawyň hapalanma derejesini nula ýetirmek we döredilýän meýdançalary onuň bilen organiki taýdan sazlamak organiki ekerançylygyň maksady bolup durýar. Munuň ýaly çemeleşmeler däp bolan oba hojalygynda ulanylmaýar, şonuň üçin hem olar daşky gurşawyň hapalanmagynyň we bioköpdürliligiň ýitmeginiň uly sebäpleriniň biri bolup durýar.

Organiki ekerançylykda adatça ekin dolanyşygy, zyýan berijiler bilen biologiki göreş, biodinamiki konsepsiýa we ş.m. ýaly oba hojalygy ýöretmegiň usullary ulanylýar. Organiki oba hojalygy zähmeti has köp talap edýär, hasyllylygy bolsa, däp bolan oba hojalygy bilen deňeşdirilende pes.

 

Organiki we däp bolan ekerançylygy deňeşdirmegiň esasy ýagdaýlary:


  1. 1. Ekerançylyk we maldarçylyk ekerançylygyň iki ulgamynyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar.
  2. 2. Iň ýokary öndürijilik – bu däp bolan ekerançylygyp maksady, organiki ekerançylygynda bolsa – ýok.
3. Organiki ekerançylyk adaty ekerançylyga garanyňda standartlar bilen has güýçli kadalaşdyrylýar.
4. Organiki däl dökünler, sintetiki pestisidler, ösüş iterijileri ýaly sintetiki oba hojalyk himikatlary adatça däp bolan oba hojalygynda ulanylýar, şol bir wagtyň özünde munuň ýaly oba hojalyk himikatlary organiki oba hojalygynda rugsat berilmeýär.
5. Organiki dökünler, tebigy pestisidler we biodökünleri adatça organiki ekerançylykda ulanylýar, şol bir wagtyň özünde däp bolan oba hojalygynda olar seýrek ulanylýar.
6. Genetiki taýdan modifisirlenen bedenler organiki ekerançylygynda rugsat edilmeýär. Muňa garamazdan adaty oba hojalygynda munuň ýaly päsgeller ýok.
7. Sertifikatlaşdyrylan organiki önümler däp bolan oba hojalygyň önümlerine garanyňda bazarlarda has gymmat.
8. Organiki ekerançylygyň ulgamy ekologiki taýdan arassa bolup durýar we daşky gurşawyň goragyna çemeleşmeler örän ýönekeý, giňden meşhur we daşky gurşawa aýdyň peýda getirýär. munuň ýaly çemeleşmeler däp bolan oba hojalygyna degişlilikde ulanylmaýar.
9. Organiki ekerançylykda daşky gurşawyň hapalanma derejesi nul, şol bir wagtyň özünde däp bolan ekerançylykda ol örän ýokary.
10. Organiki ekerançylyk däp bolan ekerançylyga garanyňda köp zähmeti talap edýär.
11. Organiki ekerançylykda hasyllylyk pes ýa-da däp bolan oba hojalygy bilen deňeşdirilende üýtgäp durýar.
12. Ekin dolanyşygy, zyýan berijiler bilen biologiki göreş, biodinamiki konsepsiýa we ş.m. ýaly oba hojalygy ýöretmegiň usullary organiki ekerançylygynda giňden ulanylýar; munuň ýaly tejribe däp bolan oba hojalygynda seýrek duş gelýär.
13. Organiki oba hojalygy gazaply howa şertlerine çydamly, şol bir wagtyň özünde adaty oba hojalygy – ýok.
14. Organiki ekerançylygyň önümleri däp bolan ekerançylygyň önümleri bilen deňeşdirilende has sagdyn we saglyk üçin howpsuz bolup durýar.

 

Netije

 

Organiki oba hojalygy has ekologiki we däp bolan oba hojalygy bilen deňeşdirilende howpsuz sagdyn iýmiti öndürýär. Şeýlelik bilen, adamlaryň ömrüni saglyk üçin howpdan we daşky gurşawy hapalanmadan goramak üçin däp bolan ekerançylykdan organiki ekerançylyga geçmäge wagt geldi.  

Biz öz ir-iýmişlerimizi we miwelerimizi ASYL, TEBIGY usul bilen ýetişdirýäris. 

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda köp adamlar asyl usul, adaty usul we “organiki” diýip atlandyrylýan usul bilen ýetişdirilen oba hojalyk önümleriň arasynda ägirt uly aratapawudyň barlygyny bilmeýärler. 

Bu babatynda siziň tanyşmagyňyzy maslahat berýäris! Bu usul “adaty” diýip atlandyrylýan we organiki usullardan aşakdakylar bilen tapawutlanýar:

Ýetişdirilende pestisidleri (gerbisidleri, insektisidleri we fungisidleri) ulanmak
ADATY EKERANÇYLYK
Hawwa, aýgytly howply derejelere çenli islendik göwrümde
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, gowşak göwrümde
TEBIGY EKERANÇYLYK
Ýok 

Emeli gelip çykyşly pestisidleri ulanmak

ADATY EKERANÇYLYK
Hawwa, olaryň deňeşdirerli gymmat bolmadyk bahalary we mehanizirlenen oba hojalygy üçin oňaýlylygy sebäpli takyk mumuň ýaly pestisidler maslahat berilýär we ulanylýar 
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, seýrek-aýgytly zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarynda
TEBIGY EKERANÇYLYK
Ýok 

Önümi saklamak üçin pestisidleri ulanmak

ADATY EKERANÇYLYK
Hawwa, hemişe we diňe bir ykdasady deňlemä - söwda torlaryň talap etmek şertlerinde bahalary höwelendirmeklige jogap berýän mukdarda
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, seýrek-aýgytly zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarynda
TEBIGY EKERANÇYLYK
Ýok 

Daşky tebigata – mör-möjeklere, guşlara, balyklara, ösümliklere täsir edýän pestisidleri ulanmak

ADATY EKERANÇYLYK
Hawwa, ulanylýan meýdandan onlarça esse uly bolan çäkde bir ulanylyş möwsüminde käbir mörmöjekleriň, guşlaryň we balyklaryň görnüşlerini doly ýok etmäge ukyply bolan göwrümde
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, seýrek-aýgytly zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarynda
TEBIGY EKERANÇYLYK
Ýok 

Emeli mineral dökünleri ulanmak

ADATY EKERANÇYLYK
Hawwa, esasy dökün hökmünde we topraga zyýan ýetirmek bilen
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, organiki önüm nyşanlamasyny we bahasynyň emele gelişni kadalaşdyrmak üçin kanun tarapyndan rusgat edilen mukdarda
TEBIGY EKERANÇYLYK
Ýok 

Organiki gelip çykyşly dökünleri ulanmak

ADATY EKERANÇYLYK
Ýok, ykdasady taýdan maksada laýyk däl 
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, esasy dökünleriň biri hökümünde
TEBIGY EKERANÇYLYK
Hawwa, esasy dökün hökümünde

Ösümlikleriň gormonlaryny ulanmak 

ADATY EKERANÇYLYK
Hawwa
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, organiki önüm nyşanlamasyny we bahasynyň emele gelişni kadalaşdyrmak üçin kanun tarapyndan rusgat edilen mukdarda
TEBIGY EKERANÇYLYK
Ýok 

Topraga täsiri - mikrobiologiki durmuş  

ADATY EKERANÇYLYK
Doly oňaýsyz, kesgitlenilmedik uzak wagta toprakda mikrobiologiki işjeňligi bozýar, soňra ony diňe gymmat bahaly çäreler bilen dikeltmek bolýar
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Hawwa, organiki önüm nyşanlamasyny we bahasynyň emele gelişni kadalaşdyrmak üçin kanun tarapyndan rusgat edilen mukdarda
TEBIGY EKERANÇYLYK
Doly oňaýly, sebäbi hasyllylygy ýokarlandyrmak we zyýan berijilere gözegçilik etmek üçin esas gural bolup durýar

Topragy, suwy we mikrohowany gorag boýunça çäreler  

ADATY EKERANÇYLYK
Mejbury, ykdysady zerurlyk bilen çäklendirilen, adatça başga serişdelere (ilkinji nobatda, suwa) zyýan ýetirmek bilen

ORGANIKI EKERANÇYLYK
Ikinji derejeli, sebäbi önümçiligiň özi bu serişdeleriň “gowşak ulanylmagynyň” esasynda gurulan
TEBIGY EKERANÇYLYK
Doly zerur, sebäbi tebigy ekerançylygyň üstünligi bu faktorlara esaslanan  

GMO (genno-modifisirlenen ösümlikleri) ulanmak

ADATY EKERANÇYLYK
Hawwa
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Ýok 
TEBIGY EKERANÇYLYK
Ýok 

Sarp edijiniň saglygy - netijeler

ADATY EKERANÇYLYK
Doly oňaýsyz, ilki bilen adamyň iýmit siňdiriş ulgamynyň munuň ýaly iýmit bilen düşýän emeli birleşmeleri siňdirip bilmeýändigi we pestisidler we azyk goşundylary bilen haýal zäherlenmegi bilen baglylykda bagyryň, böwregiň we ähli iýmit siňdiriş beden agzalarynyň näsaglygy bilen bagly
ORGANIKI EKERANÇYLYK
“Adaty” oba hojalyk önümi bilen deňeşdirilende oňaýly – azda-kände
TEBIGY EKERANÇYLYK
Oňaýly, ýeke-täk howp – ir-iýmişleriň, miweleriň we gök-önümleriň ajaýyp tagamy sebäpli hetden aşa iýmek; emma bu ýagdaýda iki gije-gündiz hajathananyň golaýynda ýatmak zerurlygy ýok 
Biziň jemgyýetimiziň ösüşine, durmuş ösüşine täsiri
ADATY EKERANÇYLYK

Ölüm howply, köplenç heläkçilikli:

Öndürijileriň arasynda berk bäsdeşlik we bazaryň öňe sürmelerini we halkara konglomeratlarynyň bahalary sebäpli daýhanlaryň we telekeçileriň öz işini özüne düşýän gymmaty iň ýokary derejede peseltmäge we serişdeleriň – topragyň, suwuň we biogörnüşliligiň iň ýokary derejede könelmegine gönükdirmegi, ilkinji nobatda, biri-biri üçin bäsdeşligi döredýär we serişdelere talaňçylykly garamaga mejbur bolýarlar; munuň ýaly usul bilen ýetişdirilen oba hojalyk önümiň bahasyny we satuwyny ýokarlandyrmak üçin zyýanly substansiýalaryň ulanylmagy talap edilýär; şeýle hem, bu sebäp bilen bu önümlerden taýýarlanan ýarym fabrikatlar we tagamlar eýýäm başga zyýanly maddalaryň ulanylmagyny talap edýär we soňra siňdirmek üçin derman görnüşinde fermentleri we iýmit siňdirişe gözegçilik etmek üçin dermanlary sarp etmek zerur bolýar

ORGANIKI EKERANÇYLYK
Köp derejede oňaýly, emma wagtyň geçmegi bilen we neoliberal herekete üýtgetmek bilen önüm görnüşinde, şeýle hem daşky gurşaw üçin az howply bolýar
TEBIGY EKERANÇYLYK
Doly oňaýly, sebäbi üstünlik aşakdakylara esaslanan:

1) munuň ýaly daýhanlaryň wyždanlylygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna (mysal üçin, peýdaly guşlary, mör-möjekleri diňe özüňde saklamak mümkin däl, şeýle hem suwuň umumy çeşmelerini diňe özüňde gowulandyrmak mümkin däl)

2) däp bolan maşgala gymmatlyklaryna we geljekki nesil üçin takyk serişdelere (topraga, suwa) maýa goýmaga, ýogsa bu serişdeleri dikeltmek we gowulandyrmak üçin onlarça ýyllary sarp etmegiň manysy ýok

3) saglyk we daşky gurşaw üçin ýetişdirilen önümi doly howpsuz bolmagyna düýpli gyzyklanma
Gysga möhletli meýilnamada ykdysady ödeýjilik
ADATY EKERANÇYLYK
Oňaýly, ýeke-täk howp – ir-iýmişleriň, miweleriň we gök-önümleriň ajaýyp tagamy sebäpli hetden aşa iýmek; emma bu ýagdaýda iki gije-gündiz hajathananyň golaýynda ýatmak zerurlygy ýok 
ORGANIKI EKERANÇYLYK
Ýeterlik derejede ýokary, bahany ýokarlandyrmak boýunça köp sanly çäreler we “ekologiki taýdan arassa” hakynda mahabatlandyrma kompaniýalar hem-de ekologiki taýdan arassa önümçiligi hakynda pikirleri monetizirlemek bilen ödelýär
TEBIGI EKERANÇYLYK
Pes, örän köp töwekgelçilik we uzak möhletli we her ýylda maýa goýumy goýmak bilen, peýdanyň uzak wagt ýok bolmagy
Uzak möhletli meýilnamada ykdysady ödeýjilik
ADATY EKERANÇYLYK
Oňaýsyz – ägirt uly gerimde dikeldip bolmaýan serişdeler; iş daşky serişdelerden bazarlary önüm bilen üpjün etmek üçin ägirt uly harajatlara we daşky gurşawy saklamak üçin, şeýle hem täze serişdeleri özleşdirmek üçin netijeleri bilen göreşmäge gönükdirilen döwlet gaznasynyň ägirt uly harajatlary - bu bolsa, munuň ýaly daýhanlaryň biziň hasabymyza we geljekki nesliň hasabyna gazanýandygyny aňladýar
ORGANIKI EKERANÇYLYK
“Adaty” ekerançylyga garanyňda has ýokary, emma wagtyň geçmegi bilen hususy marketing üçin gural hökmünde sarp edijileriň ekologiki howpuny ulanmak bilen, umumy serişdeleriň hasabyna baýamagyň shemasyna meňzeýär
TEBIGY EKERANÇYLYK
Örän ýokary – dikeldildilen serişdeler daşky faktorlara – howa, howa şertlerine we serişdelere bolan elýeterlilik boýunça hasylyň ýokary durnuklylygyny üpjün edýär
читать на русском