10 ädimde topragyň aňsat derňewi
Elbetde, sagdyn we hasylly oba hojalyk ekinini ösdürmegiň syry gowy
toprakdyr. Şeýle-de bolsa, siz topragyňyzyň oba hojalyk ekinini ösdürmek üçin
öz düzüminde zerur bolan ähli zatlary saklaýandygyny nähili kesgitleýärsiňiz?
Jogaby – topragy barlamakdyr.
Bu babatda iki sany usul bar.
Biri topragyň nusgalaryny almak bolup, beýlekisi topragyň barlaghanada
barlanylmagydyr. Bu ýerde toprak üçin zerur bolan ýokumly maddalaryň we onuň
kemçilikleriniň jikme-jik derňewi berilýär. Bu siziň üçin ähmiýetli
maglumatdyr.
Şeýle-de, “Willamet jülgesiniň hili boýunça gollanmada ” topragy
barlmagyňyz üçin ýörite ulgam beýan edilýär. Bu gollanma Oregon ştatynyň
fermerleri we alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Bu görnüşleriň ählisi
daş-töweregimizdäki elýeterli bolan zatlary ulanmaga ýol berýän usullary özünde
jemleýärler.
Duýduryş: Diňe bir ýa-da iki toprak synagyna bil baglamaň.
Mysal: Çägesow toprak ýeňillik bilen işlenilýär. Emma, beýleki
kemçilikler bilen birlikde, ondaky ýokumly maddalary mukdary azdyr. Has anyk
maglumatlary almak üçin siz fermanyň dürli ýerinden topragyň nusgalaryny almaly.
Has takyk we ygtybarly netijeleri almak üçin 10 sany topragyň barlagyny
geçiriň.
Tutuş bir ýylyň dowamynda siz topragyň strukturasyny, onuň işlenilmäge
ýerlikliligini hem-de ondaky ösümlik galyndylarynyň barlygyny anyklamak üçin
barlaglary geçirip bilýärsiňiz. Has takyk maglumatlary almak maksady bilen siz
ekin meýdanynyň dürli ýerlerini barlamaly. Sizde näçe maglumat köp bolsa
şonça-da siziň topragy barlamakdan alan netijeleriňiz takyk we ygtybarly
bolýar.
1. Topragyň strukturasy we işlenilmäge bolan ýerlikliligi gowumy?
Bu barlagy topragyň juda çyg we juda gury bolmaýan wagtynda geçiriň. Bu
barlaglary geçirýän mahalyňyz topragyň soňky işlenilmeden geçen wagty hökmany
suratda belläň. 15-dan 25 santimetera çenli çuňlukdaky çukury gazyň. Konserwa
bankasy ululygyndaky ellenilmedik bölegi alyň we ony barmaklaryňyz bilen döwüň.
Topragyň ýagdaýyny anyklaň. Ýagny, onuň düzüminiň keseklidigini, ýumşakdygyny
ýa-da granulirlenendigini anyklamaly. Teoretiki taýdan, siziň topragyňyz dürli
ölçegdäki keseklerden ybarat bolmaly. Bu kesekler özüniň suduryny ýeňil basyşyň
astynda saklaýarlar. Eger-de, bu kesekler ýa-da topragy öwrenijileriň
atlandyrmagy bilen – agregatlar kynlyk bilen döwülýän bolsalar onda bu topragyň
gaty bolmagynyň alamatydyr.
Näme üçin topragyň strukturasy we onuň işlenilmäge bolan ýerlikliligi
ähmiýetli?
Öýjükli giňişligi ýeterlik bolan we iri hem-de ownuk öýjükleri deň
derejede paýlanylan toprak kislorod bilen doýgun bolup durýar. Şeýle
topraklaryň suwy saklaýjylyk ukyplylygy we olaryň suwy geçirijiligi hem gowy
bolýar. Şeýle-de, olar kökleriň ösmegi üçin amatly bolýarlar. Durnukly
agregatlar dökülýän bölejikler sebäpli dykylmagyň öňüni almak arkaly
topraklardaky öýjükli giňişligi saklaýarlar.
2. Toprak demrikdirilen gatlaklardan arassamy?
Bellik üçin simli baýdajyklary topragyň dürli ýerlerine dikligine
ýerleşdiriň. Baýdajygyň siminiň egrilýän ýerindäki çuňlugy belläň. Simiň tiz
egrilmegi topragyň gatlagynyň demrikdirilendigini aňladýar. Teoretiki taýdan,
topragyň işlenilýän çuňlugy bir futdan we ondan ýokary bolanda has amatly
bolýar.
Näme üçin demrikdirilenlik ähmiýetli?
Demrikdirilen gatlakly toprak kökleriň ösmegine we suwuň geçmegine
päsgelçilik döredýär. Şeýle-de, ol ýer gurçuklarynyň we beýleki ýaşaýyş
faunasynyň erkin hereketine böwet bolup durýar.
3. Topragyň aňsatlyk bilen işlenilmegi?
Megerem, ekin meýdanynyň ekişe soňky taýýarlanylyşynda siz eýýäm
topragyňyzyň işlenilmegini öwrenensiňiz. Eger-de, topragyň işlenilmeginde we
gazylmagynda kesekler we ýa-da tabak görnüşli üýşmekler ýüze çykýan bolsa onda
bu onuň işlenilmeginiň juda pesdigini aňladýar. Fermerler işlenilmegi traktoryň
ýangyjynyň sarp edilişine gözegçilik etmek bilen barlaýarlar. Siz joýalaryň
taýýarlanylmagy üçin zerur bolan geçirilmeli işleriň göwrümini anyklap
bilýärsiňiz.
Näme üçin işlenilmek ähmiýetli?
Joýalaryň aňsatlyk bilen taýýarlanylmagy topragyň işlenilmegini we onuň
ýagdaýyny görkezýär. Gowy işlenilme topragyň suwy geçirijiliginiň we onuň
strukturasynyň gowudygyny aňladýar.
4. Toprak diri organizmlerden dolumy?
Topragyň diri organizmler bilen dolulygyny kesgitlemek üçin iň azyndan 6
dýuým çuňlukdaky çukury gazmak zerurdyr. Soňra bolsa bu çukura 4 minudyň
dowamynda ymykly seretmeli. Gören organizmleriňiziň sanyny we görnüşlerini
belläň. Mysal üçin, kyrkaýaklary, ýer tomzaklaryny we möýleri belläň. Toprak
organizmleriniň aglabasynyň gün yşygyndan gaçýandygy sebäpli çekinjeň
ýaşaýjylary tapmak üçin topragy seresaplylyk bilen biraz gazyň. Eger-de, siz
10-dan azrak görnüşi sanan bolsaňyz, onda bu siziň topragyňyzyň iýmit zynjyryndaky
işjeň gatnaşyjylarynyň ýeterlik derejede däldigini aňladýar.
Näme üçin toprak organizmleri ähmiýetli?
Dürli kömelekleriň, bakteriýalaryň, mör-möjekleriň we oňurgasyzlaryň
artýan sany topragyň hiliniň aýdyň alamatydyr. Bu organizmleriň siziň ekin
meýdanyňyza köp sanda gelmegi zyýan berijileriň we keselleriň döremeginiň
hoszpuny azaldýar. Topragyň her bir segmenti ösümlik galyndylarynyň dagamagynda
we oba hojalyk ekinleriniň ösmegi üçin ýokumly maddalaryň bölünip
çykarylmagynda özüniň roluny oýnaýar.
5. Toprakda ýer gurçuklarynyň köp sanda bolmagy?
Topragyň juda gury ýa-da çyg bolan mahalynda ýer ýüzüne ýagyş
gurçuklarynyň çykmagyny we/ýa-da olaryň çukurlarynyň barlygyny öwreniň. Mundan
soňra, toprakda çuňlugy 6 dýumýa çenli çukury gazyň we piliň üstünde sallanyp
duran gurçuklary sanaň. Üç gurçugyň bolmagy gowy. Bäş gurçugyň bolmagy hasam
gowy. Gurçuklaryň ýoklugy topragyň gurçuklaryň iýmitlenýän organiki
maddalarynyň ýeterlik derejede däldigini görkezýär.
Kadadan çykma: Eger-de, siz gury we yssy zolagda ýaşaýan bolsaňyz onda toprak hil taýdan beýleki häsiýetlere eýe bolsa-da, gurçuklary gözlemek üçin wagtyňyzy biderek sarp etmäň. Arizona Uniwersitetinden Uolwordyň aýtmagyna görä “… çölde ýer gurçuklarynyň işjeňligi iň pesdir. Gurçuklar gyzgyn topragy
halamaýarlar.”
Näme üçin ýer gurçuklary ähmiýetli?
Ýer gurçuklary topragy diňe bir kislorod bilen doýurman, eýsem olaryň
ýagyşdaky bölüp çykarmalary topragy enizmler, bakteriýalar, organiki maddalar
we ösümlikler üçin ýokumly maddalar bilen doldurýarlar. Şeýle-de, olar topragyň
suw geçirijiligini artdyrýarlar we topragyň bölejiklerini has gowy işlenilmegi
üçin berkidýän birleşmeleri bölüp çykarýarlar.
6. Ösümlik galyndylary bar we olar dagaýarmy?
Если вы
выращиваете покровную культуру, по истечению 1 месяца после её смешивания с
почвой выкопайте яму глубиной до 15 сантиметров и постарайтесь разглядеть
органические вещества. При этом необходимо отметить количество органического
материала. Наличие остатков распознаваемых растений, растительных волокон и
темноцветного гумуса, означает, что распад остатков осуществляется на хорошей
скорости.
Näme üçin
ösümlikleriň dagamagy ähmiýetli?
Ösümlikleriň
dagamagy wajyp bir proses bolup, ol topragyň organiki düzümini saklamaga
gönükdirlendir. Organiki madda topragyň hili üçin wajypdyr. Sebäbi ol topragyň
ösümlikler üçin zerur bolan esasy ýokumly maddalary üpjün etmek ukybyny artdyrýar.
Organiki maddalar topragyň gowy strukturasynyň saklanmagyna ýardam berýär.
Toprak organizmleriniň işjeňligi kislorod we suw üçin geçişleri döredýär. Bular
bolsa topragyň strukturasyny gowulandyrýarlar. Organiki galyndylaryň tiz
dagamagy toprakda sany artýan biologik jemgyýetçiligiň bardygyny aňladýar.
Organiki galyndylaryň barlygy suwuň geçirijiligini we saklanylyşyny artdyrýar.
Şeýlelikde, suwuň akmagy netijesinde eroziýanyň döremeginiň potensialy
peselýär.
7. Oba hojalyk ekinleri/haşal ösümlikler sagdyn we dogumly görünýärlermi?
Bu barlaga işjeň ösdürme döwründe başlaň. Öz gözlegiňizde ösümligiň
sagdyn reňkini we ösüşiň degişlilikdäki standart ölçegini anyklaň. Mundan
başga-da, siziň saglyk we ösüş boýy baradaky düşünjeleriňiz sebit üçin
bellenilen kadalara laýyk gelmelidir.
Duýduryş: Eger-de, siz
oba hojalyk ekinini giç ýa-da gurakçylyk döwründe eken bolsaňyz ýa-da ekine
zyýan berijileriň täsiri ýeten bolsa, onda barlagyň netijeleri ygtybarly bolman
bilerler.
Näme üçin ösümligiň dogumlylygy ähmiýetli?
Ösümligiň dogumlylygy topragy gowy strukturasyny we işlenilmäge
ýerlikliligini, şeýle-de kadalaşdyrylan suw üpjünçiligine we organizmleriň
dürliligini aňladýar. Bu topragy netijeli dolandyrmagyň ýer ýüzündäki iň gowy
alamatydyr.
8. Ösümligiň kökleri gowy ösýär?
Saýlanylan ösümligiň, mümkin bolsa göze dürtülip duran haşal ösümligiň
töweregini seresaplylyk bilen gazmak üçin pili ýa-da laý kepjesini ulanyň.
Kökleriň düýbüne ýeteniňizde bir ýyllyk ösümligi goparyň we kökleriň ösüş
gerimini barlaň. Şeýle edilende inçe damarlary we sagdyn ak reňki gözläň. Goňur
reňkli we ýumşak kökler suwuň akydylmagynda mese-mälim kynçylyklarynyň
bardygyny aňladyp, olar pes hasylyň boljakdygy barada habar berýärler. Gowşak
kökler keselleriň ýa-da kökleri gemirýän zyýan berijileriň barlygyny
aňladýarlar.
Näme üçin kökleriň ösüşi ähmiýetli?
Kökleriň topragyň hili bilen gönüden-göni baglanyşygy bar. Şeýle-de, olar
bu hile bagly bolup durýarlar. Kislorod, suw, biologiki işjeňlik we ownuk
kesekli toprak bolmasa kökler özüniň ýaşaýyş funksiýasyny ýerine ýetirip
bilmeýärler.
9. Suw tiz
siňýärmy?
Aşagy aýrylan
içinde kofe saklanan boş bankany ulanyň. Bankany topraga sokuň we diňe 7 santimetr ýer ýüzünde galdyryň. Bankany
suw bilen dolduryň ýöne bu ýagdaýda suwuň beýikligini belläň. Soňra bolsa suwuň
topraga geçmek üçin sarp edýän wagtyny belläň. Bu işi suwuň topraga geçmeginiň
tizligi we siziň wagtyňyz yzygiderli bolýança birnäçe gezek gaýtalaň. Sagatda
12 milimetrdan az bolan 25 milimetrdan haýal ähli görkezijiler demrikdirilen
gatlagy aňladýarlar.
Näme üçin suwuň geçmegi ähmiýetli?
Suwuň gowy geçişi suwy zerur bolan ýerlere – köklere ýetirýär. Suwuň
akyşynyň we eroziýanyň öňüni alýar. Kisloroda toprakdaky öýjüklerden has gowy
geçmegine ýol berýär.
10. Suwuň ösümlikleriň ösmegi üçin elýeterli bolmagy?
Güýçli ýagyşyň ýagmagyna garaşyň. Soňra ösümligiň teşnelik alamatlaryny
görkezip başlaýan wagtyny belläň. Netijeler sebite baglylykda üýtgäp bilerler.
Bu ýerde berilýän esasy sapak ösümlikleriň siziň sebitiňiz üçin kadaly wagtdan
artyk suwaryşy talap edýän bolsa onda kemçilik toprakdadyr.
Näme üçin suwuň elýeterli bolmagy ähmiýetli?
Topragyň strukturasy we organiki maddalar topragyň hiliniň faktorlary bolup durýarlar. Bular ösümlikleriň ýagyşlar bilen suwaryş arasynda suwy saklamak ukybyny kesgitleýärler. Toprakda suwuň oňat elýeterli bolmagy onuň strukturasynyň we organiki maddalarynyň oňat ýagdaýdadygyny aňladýar.
Bu maglumat “Willamet jülgesiniň hili boýunça
gollanmadan” göçürmedir.