biziň maksadymyz – müşderiler üçin
ekologiki arassa we sagdyn önüm
Biziň işlerimiz
Organik bagçylyk boýunça maslahat berme
Miwe bagbançylygy bilen meşgullanmak isleýärsiňizmi? Öz meýilnamalaryňyz hakynda gürrüň beriň we biz siz bilen öz bilimlerimiz bilen bölüşeris.
Ter miweleriň we iýmişleriň getirilmegi
Biz ter malina, smorodina we çereşnýa sargytlary kabul edýäris we işleme boýunça sehiň göwrümine görä öz önümçiligimizi taýýarlaýarys.
Suwaryş we klimat
Siziň meýdançaňyzyň meteorologik maglumatlaryna, topragynyň we suwuň häsiýetlerine esaslanyp biz size suwarma görnüşlerini we ýollaryny kesgitlemeklige kömek ederis.
Ekinleriň saýlanylmagy
Biz ekinler, seleksiýalar we "kömekçi ösümlikler" babatynda maslahat berýäris. Olaryň kömegi bilen siz üstünlikli ekin ekip we hasyl alyp bilersiňiz.
Esasy üstünliklerimiz
Iň köp berilýän soraglar we jogaplar
Ýok. Tohumçylyk hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda şeýle işi patent eýeleri we tohumçylyk pudagynda iş alyp barmaklyga ygtyýarnamasy bolan fiziki we hukuk şahslary amala aşyrýarlar (Tohumçylyk hakynda Türkmenistanyň kanuny, 1-nji hem 3-nji maddalar).
Biz “Ekologiýa we Ko” şereketi we onuň tohum materialyny girizmeklige ygtyýarnamalary bolan esaslandyryjysy, telekeçisi bilen şertnama baglaşdyk.
Biz size ýardam bermeklige şatdyrys. Gynansakda, bizde öz işlerimiziň köplügi sebäpli wagtymyz az.
Ýok. Munuň üçin bizde kanuny esas ýok. Ýöne biz beýleki daýhanlar bilen bilelikde internet-portal döretmek isleýäris, ol ýerde biz ýurduň ähli bagbanlary bilen bilimlerimiz, gözegçiliklerimiz, usullarymyz we gazançlarymyz bilen bölüşip bileris.
Biziň birimiz nebit-gaz senagatynda korporasiýada işledi, ol oňuň işi üçin 88 müň ABŞ dollaryny berdi. Mundan soň biziň birimiz Aşgabatdaky öýüni (85 inedördül metr) satdy. Nagt görnüşindäki maýa goýumlaryň umumy möçberi 185 müň dollardan köpdür. Ýöne bu maýanyň örän az bölegidir – biz (eýeler) 2005 ýyldan bäri göni bagda işleýäris. Sähetmyradyň özi 9 ýyl işledi, biz şeýle hem her ýyl kömekçileri hakyna tutýardyk. Bu bolsa has hem köp maýa.
Höwes bilen, emma biziň wagtymyz juda az. Biz size esasy görkezijiler boýunça topragyňyzy kesgitlemeklige kömek ederis. Şeýle hem ýurdumyzyň niresinde barlagyň geçirilýändigi we siziň ýeriňizdäki orta statistiki klimat barada maglumaty alyp boljak çeşmeler barada maslahat bereris.
Ýok. Biz häzirlikçe gelýän adamlary kabul edip bilmeýäris. Has takyk şu ýerde. — Biz döwlet topragyny kärendesine aldyk we gelýän adamlary kabul edip bilmeýäris. Aşakdakylar sebäpli: Biz önümiň uly göwrümlerine öňünden töleg geçirýän müşderilerimiziň bähbidini saklamaklyga borçlanýarys. Özlerimizde bolsa ne ýaşaýyş jaýymyz, ne-de başga emlägimiz bar. Radik bagda we diňe ikinji ýyl gyşda ýyly otagda ýaşaýar. Sähetmyrat bolsa ýaşaýyş jaýy kärendesine alýar we Nohurda başlanan jaýy ýuwaş-ýuwaşdan gurmak üçin gurluşyk şereketinde goşmaça işleýär. Iň wajyp ýeri, biz mugt hyzmatdan, karzlardan we ýeňilliklerden peýdalanmadyk, maslahatçylaryň we agrotehniki kompaniýalaryň hyzmatyndan peýdalanyp, olaryň işini töledik, tejribämizi we ygtyýarlyklarymyzy özümiz topladyk. Ahyrynda, iň esasy zat – biz kärendesine alýan 17 ga meýdanymyzyň diňe 3.3 ga özleşdirdik. Biziň şertlerimizde ir-iýmişler köp hasyl bermeýärler (şonuň üçin olar adaty miwelere seredende gymmat). Olary ösdürip ýetişdirmek üçin ägirt uly el işi, topraga örän köp maýa goýumlary, topragyň örän köp wagtlyk taýýarlanylmagy we organiki bagbançylyk, seleksiýa, toprak ýöretmek we irrigasiýa barada bilimiň uly göwrümi talap edilýär.
Biz size internet we telefon üsti bilen maslahat bermeklige çalşarys. Size öwreder ýaly zadyň bardygyna biz sizi ynandyrýarys! Ilki bilen, biz size ýaňy başlan bagbanlaryň biziň şertlerimizde goýberýän adaty ýalňyşlyklaryny GOÝBERMEZLIGE kömek ederis, bu bolsa siziň wagtyňyzyň köp bölegini, tagallalaryňyzy we serişdeleriňizi tygşytlar.